Türkmenistanda resmi walýuta kursy berk saklanýarka, walýutanyň gara bazardaky nyrhy üýtgäp durmagyny dowam etdirýär. Häkimiýetler kölegedäki bu walýuta söwdasyny we onda bolup geçýän ýagdaýlary görmezlige salýarlar we düşündiriş bermeýärler, ilat arasynda bolsa aladalar döreýär we köpçülik maliýe ýitgi çekýär.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Maryda dollaryň gara bazar nyrhynyň peselmegi telekeçileriň arasynda howsala döredýär.
Telekeçileriň aýtmagyna görä, dollaryň hümmeti peselende ýitgiler çekilýär, sebäbi dollardan has ýokary bahadan satyn alnan harytlar häzirki dollaryň hümmeti göz öňünde tutulanda gymmada düşýär.
"Biz hemme zady dollarda, egin-eşik, elektronika, gurluşyk materiallary, agaç, metallar, pagta, plastmassa, azyk we beýleki harytlary daşary ýurt pulunda lomaý satyn alýarys. Haryt satyn alnanda gara bazarda 1 dollaryň 33-34 manatdan satylandygy göz öňünde tutulanda uly tapawut bar. Häzirki wagtda dollar 21,5 manatdan satylýar" - diýip, türkmenistanly telekeçi aýdýar.
Degişli maglumat Gara bazarda dollar 22 manatdan aşak düşdiGara bazarda dollaryň bahasy sentýabryň ortalarynda birden aşaklap başlady, bir hepdä golaý wagtyň içinde 30% aşaklady. Şondan bäri amerikan dollarynyň bahasy üýtgäp durýar.
Telekeçileriň sözlerine, has ýokary bahadan lomaý satyn alnan harytlar geçmän durýar. Ýitgiler artýar.
Telekeçileriň we alyjylaryň arasynda alada güýçlenýär. Häkimiýetler bu meseläniň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler we düşündiriş bermeýärler. Bu şertlerde köpler indi nämä garaşmalydygyny bilmeýärler.
Käbir telekeçiler ýagdaýyň üýtgäp biljegini çak edip, önümlerini satmazlygy makul bilýärler.
Dollaryň hümmetiniň peselmegi ilatyň satyn alyş güýjüne-de oňyn täsir etmeýär. Harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleri 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri walýutanyň çalyşyk kursuny 1 dollar - 3,5 manat derejesinde üýtgewsiz saklaýarlar.
Bu döwürde walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasynyň on esse ýokarlanmagy ýaly ýagdaýlaryň ençemesi ýüze çykdy. Ýurduň maliýe syýasaty we agyr ykdysady krizis, sosial meseleleriň agyrlaşmagyna we ilatyň aglaba köplüginiň ýaşaýyş derejesiniň düýpgöter peselmegine sebäp boldy.
"Çagalarymyz daşary ýurtlarda okuwlaryny dowam etdirip bilmedi, sebäp biz resmi kursdan walýutany çalyşmak mümkinçiliginden mahrum bolduk. Ýurduň içinde-de çagalarymyzy ekläp bilmeýäris" - diýip Marynyň ýaşaýjysy aýdýar.
Degişli maglumat COVID çäklendirmeleri sebäpli “köp telekeçi batdy”, salgyt gullugy “onda-da töleg soraýar”Onuň sözlerine görä, ene-atalaryň köpüsi indi çagalary bilen azyk dükanlaryna girmekden saklanýarlar, sebäbi olaryň soran ýagdaýynda süýji satyn alyp bilmejegine göz ýetirýärler.
"Iň arzan şokoladyň bahasy 10 manat. Häzirki wagtda köpleriň hatda esasy azyk önümleri üçinem pullary ýok. Sosial pul kömegi çagany eklemek üçin ýetmeýär. Indi hiç kim hökümete ynanmaýar we umyt etmeýär. Biz baý döwletde gedaý ýaşaýarys. Indi köpler myhmançylyga barmaýarlar, sebäbi hatda çaý we çörek hem hödürläp bilmeýärler" diýip, Marynyň ýaşaýjysy aýtdy.
Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, bu regionda 15-nji oktýabrda gara bazarda dollar 22.5-23 manat aralygynda satyldy.
Azyk önümleri gymmatlaýar. Esasanam etiň we çöregiň bahasy ýokarlandy. 1-nji sort unuň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 1000 manat. Gazagystanyň uny bir kilogram üçin 27 manat.
Habarçynyň sözlerine görä, pagta ýagy biraz arzanlapdyr, onuň bahasy 80-den 75 manata çenli peselipdir. Çaýyň, kofeniň we sarp öý-hojalyk harytlarynyň bahasy, “gara bazarda” dollaryň 40 manata çenli ýokarlanan wagtyndakysy ýaly saklanyp galypdyr.
Bahalaryň ýokarlanmagy ähli harytlara diýen ýaly täsir etdi. Habarçynyň belleýşi ýaly, dollaryň has ýokary bahadan satylan döwri bilen deňeşdirilende käbir zatlaryň bahasy häzir hasam ýokarlanypdyr. Mysal üçin, dollaryň 40 manada ýeten wagtynda 100 manatdan satylan daşary ýurtda öndürlen şampun, indi dollar 22,5 manat wagtynda 105 manada durýar. 50 kilogramlyk sement 150 manat bolan bolsa, indi 200 manada durýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri maliýe we ykdysady meseleleriň bardygyny ykrar etmeýärler, resmi kursyň üýtgewsiz saklanmagynyň sebäplerini düşündirmeýärler we "gara bazaryň" bardygyny düşündirmeýärler. Ýurtda wagtal-wagtal walýuta söwdagärlerine garşy reýdler geçirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.