Türkmenistanda geçen aý “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçen biraýlygyň, şeýle-de soňky hepdeleriň dowamynda dürli bahanalar, şol sanda ulagyň kiçi enjamlarynyň hem reňkiniň goýudygy sebäpli polisiýanyň jerime duralgasyna eltilen ulaglar eýýäm ençeme hepdeläp eýelerine gowşurylmaýar. Polisiýa munuň üçin, ortaça aýlyk derejesinden hem aşa mukdarda pul soraýar. Bu aralykda, sürüjileriň polisiýanyň “eden-etdiligi” diýip häsiýetlendirýän hereketleri boýunça ýerli edaralara, şol sanda prokuratura eden arz-şikaýatlarynyň hem jogapsyz galýandygy bellenilýär.
“Mundan üç hepde ozal ulagymyň içinde ýüzümiň derini süpürmek üçin maskamy sähel aşak düşürenimde, muny gören polisiýanyň işgäri dessine saklady. Ol ilki dürli haýbatlar bilen para sorady. Ony bereýin diýsemem ýagdaýym ýokdy. Mundan soň, guratlyk hatymy elimden aldylar we ulagymy Baýramalynyň etrap polisiýa bölüminiň jerime duralgasyna eltdiler” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren atlandyrylmasyzlygyny soran Marynyň ýaşaýjysy 12-nji oktýabrda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.
Ol mundan soň, maskany talaba laýyk dakynmandygy üçin polisiýanyň ýazyp beren jerimesini tölese-de, häzirki güne çenli ulagyny yzyna alyp bilmeýändigini aýdýar.
Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan başga-da sürüjiler polisiýanyň ulagyň radiatorynyň gözeneginiň reňkiniň goýudygy, ulagyň daşynyň reňkiniň solan ýeriniň bardygy ýaly bahanalar bilen, ulaglaryny jerime duralgasyna eltendigini gürrüň berdiler.
Degişli maglumat Sürüji ýol hadysasynda heläk bolan düýeleriň öwezini dolmaly edildi“Men ýük ulagym bilen gum gatnadyp gazanç edýärin. Mundan iki hepde ozal, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgäri ýolda saklap, ulaga gereginden artyk ýük ýükländigimi aýdyp, ony saklajakdygyny aýtdy. Men ilki bada oýun edýändir öýdüp, ‘näme, arkam bilen daşaýynmy?!’ diýip degişdim. Emma polisiýa şol bada ýüki bilen ulagymy jerime duralgasyna äkitdi” diýip, efirde adynyň üýtgedilip Mekan diýlip tutulmagyny soran Baýramalynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Ol sözüni dowam etdirip: “Men ertesi güni polisiýanyň duralgasyna baranymda üsti kerpiçli, çagylly başga-da ýük ulaglarynyň durandygyny gördüm. Men olaryň ýazan jerimesini töländigim baradaky kwitansiýamy görkezsem hem, ulagymy bermediler. Men ýerli polisiýanyň başlygynyň ýanyna hem girdim, emma onda-da ‘bolonok’ diýip, otagyndan çykaryp goýberdi. Ulagymy alyp bilmeýänime indi üç hepde boldy” diýip, belledi.
Mekan soňundan polisiýa işgärleriniň biriniň ýanyna gelip, ulagy gerek bolsa, işden soň sagat 19:00-da duralganyň öňüne gelmelidigini aýdandygyny belledi.
“Men diýlen wagty baranymda, menden başga-da onlarça sürüji bar eken. Polisiýa ulaglaryny jerime duralgasyndan almak isleýänlere öz ýanlaryndan baha-nyrh kesipdirler: ýeňil ulag üçin 1 müň manat, ýük ulagy üçin hem 2 müň manat. Men onsuz hem bergi-borç edip ýaşaýaryn, bu pullary tölemäge ýagdaýym ýok. Polisiýanyň ýanyna baryp, ‘.Gorkaňyzokmy? Arza ýazaýsam nätjek?!’ diýip, soradym. Olar bolsa ýüzüme gülüp, ‘birden-kä özüň gorkaýma?! Ulagyň gerek bolsa, indi 2 müň däl-de, 3 müň manat tölemeli bolarsyň. Arzaň bilen-de asman paýyňy çekip bilseň, çekäý!’ diýip, juda gödek jogap berdiler” diýip, Mekan aýtdy.
Degişli maglumat Marynyň polisiýasy sürüjilere gözegçiligi ýene güýçlendirdi, para-berim “pajarlaýar”Ol mundan soň, özi ýaly başga-da beýleki sürüjiler bilen PÝGG-niň hereketleriniň üstünden arz edip, köpçülik bolup ilki welaýat häkimligine, soňra-da prokuratura barandyklaryny, emma hiç ýerde meselelerine oňyn çözgüt tapyp bilmändiklerini belledi.
Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçylary hem jerime duralgasyna eltilen ulaglaryň eýeleriniň 2 müň manat möçberinde puly tölemese, yzyna berilmeýändigini aýdýarlar.
Bu ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden, prokuraturasyndan we degişli sebitleriň häkimliklerinden hiç hili kommentariýa ýa-da düşündiriş almak başartmady.
Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri polisiýanyň parahorlugy, köçe-ýol hadyslary ýaly ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.
Türkmenistanda giň ýaýran parahorluk faktlary diňe prezident öz bellän ýokary derejeli resmilerini çalşyrmak kararyna gelen halatynda, Baş prokuratura berlen derňew tabşyrygynyň çeginde, kän anyklaşdyrmazdan, gysgaça habar berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.