Şu günler Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) awtoulaglaryň hereketine we sürüjilere bolan gözegçiligi güýçlendirdi. PÝGG-niň işgärleri şäher içinde we etraplarda reýdleri geçirip, awtoulaglary saklaýarlar we sürüjileriň resminamalaryny barlaýarlar. Resminamalary talaba laýyk bolmadyk sürüjilere jerime salnyp, olaryň ulaglary polisiýanyň “jerime duralgasyna” alnyp gidilýär. Bu çäreleriň arasynda, häkimiýetler PÝGG-niň işgärleriniň sürüjilerden para almak tejribesini çäklendirmäge synanyşýar. Ýöne muňa garamazdan, para-berim “pajarlap ösýär”. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.
Onuň sözlerine görä, PÝGG-niň işgärleri esasan ynam ýa-da guratlyk hatlary bolmadyk, ulagynyň reňki gara ýa-da garamtyl reňkde bolan sürüjileri, şeýle-de maska geýmek baradaky düzgüni bozan raýatlary saklaýarlar. Olara jerime salynýar we ulaglary polisiýanyň duralgasyna alnyp gidilýär.
“Sürüjiler ynam ýa-da guratlyk hatlaryny düzetdirip, bu baradaky resminamalary polisiýa edarasyna getirmese, onda sürüjiler jerimäni tölän bolsa-da, olara ulaglary berilmeýär” diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy 21-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Sürüjilere salynýan resmi jerimäniň möçberi 21 manatdan 350 manada çenli üýtgeýär. Şol bir wagtda, maska geýmek baradaky düzgüni bozan sürüjilerden jerimäni nagt tölände 50 manat, bank karty bilen tölände 21 manat geçirmek talap edilýär.
“Polisiýa işgärleri munuň sebäplerini düşündirmeýärler. Adamlar ulaglaryny almak üçin alaçsyz aýdylan zady etmeli bolýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy belledi.
Habarçymyz bu çäreler sebäpli polisiýanyň “jerime duralgasynyň” awtoulaglardan dolandygyny hem aýdýar. Onuň sözlerine görä, soňky günlerde ulaglar duralganyň daşynda hem goýlup başlandy.
Bu çäreleriň arasynda, häkimiýetler PÝGG-niň işgärlerine ýörite gözegçileri berkitmek arkaly, olaryň sürüjilerden para almak tejribesini çäklendirmäge synanyşýar. Ýöne habarçymyz bu çärelere garamazdan, para-berimiň “pajarlap ösýändigini” aýdýar.
“Mundan ozal guratlyk ýa-da ynam haty bolmadyk sürüjiler polisiýa tarapyndan saklananda, 20 manat para berýärdiler. Häzir sürüjiler polisiýa işgärlerine para berjek bolsa, onda olar “Puluňy ýygna, ýanymyzda bir sany berkidilen adam bar. Ol bize gözegçilik edip otyr” diýýärler we jerime ýazyp, ulaglary duralga alyp gidýärler” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.
Ýöne şäher polisiýasynda, habarçymyzyň sözlerine görä, ýagdaý öňkülerden o diýen tapawutlanmaýar. Bu ýerdäki polisiýa işgärleri sürüjilerden jerimeden başga-da, 200-500 manat aralygynda para soraýarlar.
“20-nji sentýabrda gara reňkde ulag sürendigi üçin saklanan raýatdan 500 manat para alyp, “öz islegi bilen ulagyny ak reňke boýajakdygy we indi gara reňkdäki ulagy sürmejekdigi” barada dil hat aldylar. Ynanç haty bolmazdan ulag süren raýatdan hem jerimeden başga-da 100 manat para soradylar. Şondan soňra olaryň ulaglaryny yzyna berdiler ” diýip, maryly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.
Marynyň polisiýa resmileri gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň resmi sebäplerini düşündirmeýärler. Ýöne bu çäreler ýurtda "Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň dowam edýän mahalyna gabat gelýär.
Türkmen hökümeti sentýabr aýyny öz içine alýan bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreleriň ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksadyndan ugur alýandygyny aýdýar.
Ýöne Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar biraýlygyň dowamynda PÝGG-niň işgärleriniň sürüjilere “dürli bahanalary arap” jerime ýazýandygy, şol sanda olary para bermäge mejbur edýändigini aýdýarlar.
Şol bir wagtda, ýerli synçylaryň käbirleri ýurtda nagt pul ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyna ünsi çekip, häkimiýetleriň bu çäresini "býujete pul serişdesini ýygnamagyň" ýene bir usuly diýip düşündirýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.