10-njy oktýabrda Türkmenistanda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilip geçildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt boýunça 70 töweregi saglyk işgärini, şol sanda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowy “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda permana gol çekdi. Döwlet media serişdeleri saglyk ulgamynyň dünýä bilen aýakdaş ösdürilýändigini gaýtalady. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary saglyk pudagynda ýurt boýunça dowam edýän nogsanlyklar barada habar berýärler.
Hassahanalar
“Hassahanalarda sowet döwründen galan medisina enjamlary, krowatlar we beýleki mebeller ulanylýar. Diňe welaýat merkezinde soňky salnan hassahanalar täze enjamlar bilen üpjün edilen. Ýöne täze enjamlaryň köpüsini saglyk işgärleri ulanyp bilmeýärler” diýip, Mary welaýatyndaky habarçymyz aýtdy.
Onuň maglumatlaryna görä, kä halatlarda etrap hassahanalarynda goýulýan diagnozlar welaýat hassahanalarynda goýulýan diagnozlara, welaýat hassahanalarynda goýulýan diagnozlar bolsa, Aşgabadyň hassahanalarynda goýulýan diagnozlara gabat gelmeýär.
Dermanhanalar
Mary welaýatyndaky habarçymyz oba ýerlerinde dermanhanalaryň ýetmezçilik edýändigini, ýönekeý dermanlary satyn almak üçin oba ýaşaýjylarynyň köplenç Mary şäherine gaýtmaga mejbur bolýandyklaryny habar berýär. Üstesine, şäher dermanhanalarynyň öňünde hem yzygiderli nobatlar emele gelýär.
Galyberse-de, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, käbir etrap merkezlerinde bir ýa iki dermanhana bar bolsa-da, oba ýerlerinde, hususan-da çet obalarda asla dermanhana ýok. Etrap dermanhanalarynda hem zerur bolan ähli dermanlar mydama tapdyryp durmaýar.
Degişli maglumat Lebapda tapylgysyz dermanlaryň bahasy ep-esli ýokarlandy, ygtyýarnamasyz derman söwdagärleri ‘rowaçlanýar’“...Derman satyn almak üçin merkezi dermanhanalara baryp, birnäçe sagat nobata durmaly. Etrap merkezlerinden daşda ýaşaýan adamlar, hatda kelle agyrysynyň dermany üçin hem birnäçe sagat ýol söküp, merkeze barmaly. Obalarda hiç hili dermanhana ýok. Öýlerde derman satmaga rugsat berilmeýär. Etrap dermanhanalaryndan zerur dermanlaryň köpüsini tapyp bolmaýar. Şol sebäpden merkeze, ýagny Mary şäherine gaýtmaly bolýar. Çet etraplaryň ýaşaýjylary Mary şäherine baryp, uzakly günlerini dermanyň gözleginde geçirýärler... Diňe kösençlik” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Dermanhana ýetmezçiligi käbir adamlaryň öýlerinde gizlin ýagdaýda derman söwdasy bilen meşgullanmagyna alyp gelýär, ýöne habarçymyz öýünde derman satýan adamlaryň polisiýa tarapyndan “ýygnalýandygyny” habar berýär. Galyberse-de, onuň maglumatlaryna görä, häkimiýetler derman satmaga rugsat berýän ygtyýarnama üçin “uly nyrh soraýar”.
Tiz kömek
Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy oba ýaşaýjylaryna salgylanyp, çet obalara Tiz kömek ulaglarynyň barmaýandygyny, oba saglyk öýlerindäki lukmanlaryň hem, köplenç resminama doldurmak işleri bilen meşgul bolýandyklaryny habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy bu sebitde hem Tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçilik edýändigini habar berýär.
Ýerli habarçynyň öwrenen maglumatlaryna görä, Farabyň etrap hassahanasyna degişli Tiz kömek ulaglarynyň köpüsi işlemeýär. Ol tutuş etrap üçin bary-ýogy iki tiz kömek ulagynyň işleýändigini, galan ulaglaryň tehniki näsazlyk sebäpli garažlarda saklanýandygyny habar berdi.
Mundan ozal, prezidentiň adyndan Farap etrabyna bir Tiz kömek ulagy berlen ekeni, ýöne ol “bir ýörite garažyň gün düşmeýän berk goragly ýerinde, edil muzeýde saklanýan ýaly saklanýar” diýip, ýörite goragly Tiz kömek ulagyndan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat "Tiz kömekde" tizlik azalýar. Näsaglar ölmelimi?Gyssagly tiz kömek babatynda, her niçik-de bolsa, Farap etrabynda, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, beýleki etraplar bilen deňeşdirilende ýagdaý gowy hasaplanýar, sebäbi Farap etraby Lebap welaýatynyň administratiw merkezine golaý ýerleşýär.
Ýöne Darganata etrabynda ýagdaý beýle däl. Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, golaýda Darganatanyň bir obasyndan bolan göwreli aýal, Tiz kömek ulagy bolmansoň, takside keselhana barýarka, çagasyny hususy takside dogurypdyr.
Edil şuňa meňzeş, ýöne beýleki bir has pajygaly wakada, Kerki etrabynyň Hatap geňeşliginden bolan bir göwreli aýal takside keselhana barýarka, onuň çagasy hem takside dünýä inipdir, ýöne medisina kömegi bolmansoň, habarçynyň maglumatlaryna görä, bu waka agyr ýitgä ýol açypdyr.
Lukmanlar
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy ýurtda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň bellenilýän wagtlary, Farap etrabynda maşgala lukmanlarynyň mejbury ýagdaýda pagta ýygmaga äkidilýändiklerini habar berýär.
Ýatlasak, mundan ozal, Garaşsyzlyk baýramynda Farapda magaryf işgärleri we okuwçylar mejbury ýygym işlerine çekildi.
Marydaky habarçymyz hassahanalarda saglyk işgärleriniň resmi töleglerden daşary, köp halatda “aklyk” tama edýändiklerini habar berýär.
“Medisina işgärleri aklyk tölemeseň, näsaga seretmek islemeýärler” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Aýlyklary ýene kemeldilen lukmanlar 'ýurdy terk etmäge taýýarlanýar'Marynyň çaga dogrulýan öýlerinde, bäbekhanalarda ilat arasynda “göbek ene” atlandyrylýan lukmanlar ogul çagasy bolan maşgalalardan 1000 manat, gyz çagasy bolan maşgalalardan 600 manat möçberinde "aklyk" soraýar. Lukmanlar tölegiň ara tapawudyny aýdyňlaşdyrmaýarlar.
“Göbek enelere” tölenilýän töleg, ýurduň gündogar Lebap welaýatynda, ýerli habarçymyza görä, “buşluk puly” atlandyrylýar we 1000-5000 manat aralygynda üýtgeýär.
Galyberse-de, Lebapdaky habarçy akuşer-ginekologlaryň öz aýlyk haklarynyň az bolmagyndan şikaýat edýändiklerini habar berýär.
Maýyplygy bolan adamlar
Mary welaýatyndaky habarçymyz sebitde maýyplygy bolan adamlara we çagalara berilýän saglyk hyzmatlarynyň hiliniň pesdigini habar berýär. Ol ýerli çeşmelere salgylanyp, maýyp çagalara bilim-terbiýe berýän ýöriteleşdirilen mugallymlaryň azlyk edýändigini, olaryň tälim-terbiýesiniň “maddy mümkinçilikleri çäkli maşgalalara” elýeterli däldigini habar berdi. Galyberse-de, maýyplara berilýän döwlet kömegini almak üçin zerur bolan resminamalaryň tölegi, habarçymyza görä, azyndan 4 müň manada barabar bolup, maýyplygy bolan adamlardan her ýyl ýörite komissiýa barlagyndan geçmek talap edilýär.
Degişli maglumat Lebapda lukmanlara maýyplygy hasaba alynýan adamlaryň sanyny azaltmak tabşyrylýar“Dogabitdi maýyp adamlar hem her ýyl komissiýadan geçmeli” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, maýyplara berilýän döwlet kömegini almak üçin zerur bolan resminamany her ýyl komissiýadan geçmez ýaly, hemişelik düzetmek üçin 10 müň töwereklerinde para-bermit soralýar.
Wirusa garşy ‘göreş’
Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy, ýerli lukmanlara salgylanyp, sebit hassahanalarynda koronawirusa garşy göreşiň üstünliksiz ýerine ýetirilendigini habar berýär.
“Ýurdumyza wirus gelende, biziň lukmanlarymyz hiç hili taýýarlyksyz boldy. Ýörite okuwlar geçirilse-de, köp lukman näsaglara geleňsizlik bilen seretdi. [Wirusa ýolugyp], ýokanç keselleri hassahanasyna barýan näsaglaryň köpüsi aradan çykdy...” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky "nogsanlyklar, kemçilikler" boýunça ýurduň saglyk ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.
Bu aralykda, döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň saglygy goraýyş pudagynda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri wagyz edýär we prezident bolmazdan ozal, ýurduň saglyk pudagyna gözegçilik eden Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş ýagdyrýar.
Degişli maglumat COVID-19: Maryda ölenlere mazar ýetişmeýär. Häkimiýetler öýlerdäki näsaglara seredýän lukmanlary "awlaýar"Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.