Mary welaýatynyň dürli etraplarynda, şol sanda Garagum we Baýramaly etraplarynda ýerli ýaşaýjylar plastik bank kartlary arkaly pul nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji oktýabrda habar berdi.
Habarçymyz Baýramaly şäherinde ýerleşýän “Halkbank” binasynyň arka gapysynyň öňünde onlarça adamdan ybarat bankomat nobatynyň yzynyň üzülmeýändigini habar berýär.
Degişli maglumat 'Edilýänini etmeseň', Maryda manat nagtlaşdyrmak kynAnna güni habarçymyz bu ýerde 50-60 adamlyk bankomat nobatynyň bolandygyny habar berdi.
Ýöne ýerli ýaşaýjylara bankomatlarda puluň ýokdugy, öýlän sagat 2-ä çenli bankomatlara pul salynjakdygy aýdylypdyr.
“Bankomat nobatyna garaşýan köp adam çydaman, öýüne gaýdýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bankomatlardan pul çekip bilmedik adamlar çykalga gözleýär.
Azatlygyň habarçysy pulsuz ýaşaýjylaryň dükanlara baryp, olardan pul nagtlaşdyrmagy haýyş edýändigini habar berýär.
Olar munuň üçin nagtlaşdyrylan puluň 10 göterimini, meselem, 200 manat üçin 20 manat pul serişdesini dükan satyjylaryna teklip edýärler.
“Gaýrat ediň!” diýip, adamlar dükan satyjylaryna ýüzlenýär.
Ýöne dükanlar seýrek söwdadan şikaýat edip, özlerinde hem nagt puluň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.
“Söwdamyz nol. Hiç hili söwda ýok. Şol sebäpden nagt pul ýetmezçiligi bizi hem köseýär” diýip, Azatlygyň habarçysy bir dükan satyjysynyň sözlerini getirdi.
Dükanlar bilen bir hatarda, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, adamlar ýangyç guýujy beketlere-de baryp, pullaryny nagtlaşdyrmaga synanyşýar. Ýöne bu hem elmydama oňyn netije berip durmaýar.
Ýangyç guýujy beketler köplenç pul nagtlaşdyrmaga razy bolýar. Ýöne isleg bildirýän adamlardan nagt pul üýşýänçä garaşmagy soraýar.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, maryly ýaşaýjylar pul nagtlaşdyrmagyň ýene bir usulyny synap görýär.
Degişli maglumat Baýramaly: Oba ýaşaýjylary pul nagtlaşdyrmakda kösenýärBu synanyşykda köp adam awtoulagy bolan dogan-garyndaşlaryndan, ýa-da tanyş-bilişlerinden öz kartlaryny ulanyp ulaglaryny ýangyç guýdurmagy, soňra şol ýangyjyň bahasyny nagt görnüşinde özlerine bermegi teklip edýär.
Baýramaly we Garagum etraplarynda şu günler bankomatlar asla diýen ýaly işlemeýär. Ýöne adamlar bankomatlara baryp, nobata durmakdan yza çekilmeýär.
“Bankomatlar işlänok, şonuň üçin garaşyp oturmaň! Pujuň haçan getiriljegi belli däl. Indiki hepde geliň!” diýip, kähalatlarda bankomatlardan jogapkär adamlar ýerli ýaşaýjylara duýdurýar.
“Adamlar nagt pulsuz gaty kösenýär” diýip, bir baýramaly ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Çörek, ýag, gök önüm we ýumurtga ýaly hojalyga zerur bolan esasy önümleri satyn almak üçin nagt pul gerek” diýip, etrap ýaşaýjysy aýdýar.
Habarçymyza görä, etraplardaky käbir döwlet dükanlarynda töleg terminallary bar, ýöne olar işlemeýär. Ýerli ýaşaýjylar döwlet dükanlaryndaky töleg terminallaryny öz bank kartlarynyň balansyny görmek üçin ulanýandyklaryny aýdýarlar.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, ýurtdan gowuşýan habarlara görä, adamlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak kynçylyklary eýýäm soňky birnäçe ýyl bäri yzygiderli häsiýete eýe boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.