Lebapda soňky pagtanyň çigidi diňe “20% ýag berýär”

Köçäniň gyrasynda ýag önümlerini satyp oturan bir adam (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda gurak gelen ýylyň we oba-hojalyk pudagyndaky dowam edýän meseleleriň, şol sanda suw ýetmezçiliginiň arasynda Lebapda ýygnalan pagtanyň çigidiniň ýag bermek derejesi 80% töweregi pese gaçdy. Azatlyga bu barada maglumat beren ýerli ýag zowodunyň hünärmeni, munuň netijesinde onsuz hem gyt haryda öwrülen pagta ýagynyň dükan tekjelerinden düýbünden ýitendigini belledi.

Lebabyň Farab etrabynyň 40 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy Zylyha (ady üýtgedilen – red.) eýýäm ençeme aý töweregi wagt bäri döwlet tarapyndan berilýän subsidirlenen, ýagny ‘paýok’ harytlarynyň arasyndan ýerli pagta ýagynyň doly ýitendigini aýdýar.

“Pagta ýagyny soňky gezek mundan bäş aý ozal paýladylar. Ýerli pagta hasylynyň harmana tabşyrylanyndan bäri iki aý çemesi wagtyň geçendigine garamazdan, paýok önümleriniň arasynda pagta ýagy heniz hem ýok” diýip, iki çaganyň ejesi Zylyha belledi.

Ol barha ýitileşýän ykdysady çökgünligiň we azyk gytçylygynyň arasynda döwlet tarapyndan degişlilikde arzan bahadan berilýän iýmit önümlerine doly garaşly galýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Degişli maglumat Garyp düşen oba ilaty ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýer böleklerini satýar, emläk dellallary rowaç alýar

“Pagta ýagynyň 1 litri döwlet dükanlarynda 3,50 manatdan satylýardy. Farabyň hususy dükanlarynda şol bir ýagyň bahasy 80 manat, Darganatada 88 manat, Kerkide bolsa 90 manatdan hem geçýär. Bu nyrhlar biziň güýç ýetirimizden has uly. Onsuz hem elmydama ýarym-aç ýagdaýda iýmitlenýäris” diýip, zähmet haky 1 müň 300 manada barabar bolan Zylyha 7-nji oktýabrda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, Türkmenistandaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisi, azyk gytçylygyny we gymmatçylygyny boýun almaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri, Lebapda ýerli pagta ýagynyň eýýäm ýarym ýyl töweregi paýlanmaýandygyna hem düşündiriş bermeýärler.

Emma Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan Lebabyň ýag zawodunyň hünärmeni, muny bu ýylky ýygnalan pagtanyň çigidiniň hiliniň juda ýaramazdygy bilen düşündirdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen hökümeti azyk nobatlaryny gizläp, abraýyny goramak isleýär

“Bu ýyl pagta çigidinden, ozalkylardan tapawutlylykda, diňe 20% töweregi ýag alyp bolýar. Bu ýagdaýlary anyklamak üçin pagta çigidini Aşgabada barlaga ugratdyk, şeýle-de Oba hojalyk [we daşky gurşawy goramak] ministrliginiň bilermenlerini çagyrdyk. Entek belli netije ýok, emma görnüşinden howanyň gurak gelmegi we suw ýetmezçiligi pagta çigidiniň hiline hem ýaramaz täsir ýetiripdir” diýip, adynyň efirde üýtgedilip Mergen diýlip tutulmagyny soran hünärmen belledi.

Şol bir wagtda, ol Aşgabady bu ýagdaýlar barada habarly edenlerinden soň, welaýat häkimliginiň resmileri bilen dartgynly ýagdaýlaryň dörändigini hem nygtady.

“Häkimligiň işgärleri ‘siz näme bular ýaly ýaramaz maglumatlar barada Aşgabady habarly etmeli däldigini bilmeýärsiňizmi?!’ diýip, üstümize heňkirdiler. Welaýat resmileri özlerinden gorkýarlar. Eger-de biz habar bermesek, onda bar günä zawoduň işgärleriniň üstüne atylar. Geçen we şu ýylyň dowamynda zawoduň alty ýolbaşçysy üýtgedildi. Aşgabatly resmiler tabşyrylan çigidiň tonnasyna laýyklykda ýagyň öndürilmändigini aýdyp, her gezek ýolbaşçylary döwlet emlägini öz hasabyna geçirmekde aýyplap, türmä basdylar” diýip, ýerli ýag zawodunyň hünärmeni Mergen belledi.

Degişli maglumat Häkimiýetler Lebabyň önümçilik kärhanalaryny derňeýär, birnäçe ýolbaşçy tussag edildi

Ýatlatsak, Azatlyk soňky ýyllarda Lebapda Baş prokuraturanyň hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň derňewçileriniň gatnaşmagynda dürli senagat kärhanalarynda, şol sanda ýag zawodlarynda hem giň gerimli derňew işleriniň geçirilendigini, munuň netijesinde ençeme resminiň hem tussag edilendigini habar beripdi.

Galyberse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Lebap welaýat häkimliginden we degişli ýag kärhanalaryndan resmi ýagdaýda maglumat almak başartmady.

Bu ýagdaýlaryň fonunda, faraply Zylyha her gün daň bilen, arzan pagta ýagynyň gaýtadan satylyp başlanmagy umydynda, döwlet dükanlarynyň öňünde nobatda durýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Halkyň ykdysady problemalarynyň çözgüdi türkmen hökümetiniň syýasy islegine bagly

Şol bir wagtda, Azatlygyň Marydaky habarçysy ýurduň günorta welaýatynda hem azyk gytçylygynyň günsaýyn erbetleşýändigini, emma 6-njy oktýabrda – Hatyra gününde – döwlet dükanlarynda çöregiň gysga wagtlyk hem bolsa, nobatda duran ähli kişä ýeter ýaly mukdarda satylandygyny aýtdy.

“Adatça, döwlet dükanlary daňdan sagat 6:00-6:30 aralygynda 2 manatlyk çöregi, adam başyna iki sanysyny satýardylar. Hatyra güni diýip, çöregi sagat 10-a çenli satdylar. Emma satyjylar onuň bahasyny dessine 2,50 manada çenli artdyrdylar” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri 7-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.