Türkmenistanda ýerli, hususan-da köp çagaly maşgalalaryň esasy azygy bolan çöregiň gytçylygy saklanyp galýar. Şol bir wagtda Türkmenistan gurak gelen ýylyň döreden tebigy kynçylyklaryny, agyrlaşan suw ýetmezçiligini hem boýun almaýar.
Lebap welaýatyndan 30 ýyllygy bellenen garaşsyzlyk gününiň yz ýanyndan gelen maglumatlara görä, sebitde çörek, un meselesi ýiti bolmagynda galýar.
Farapda bir buhanka çörek 7 manada çenli gymmatlady, tamdyr çöregi bolsa 13 manatdan 22 manada çenli gymmatlady diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.
1 kilogram gazak uny 27 manatdan satylýar, adamlar üýşüp, jemlenip, çörek meselesinde häkimiýetlere şikaýat etmäge taýýarlanýar diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy ýazýar.
Degişli maglumat Oba adamlary çörek üçin paýtagta gelýär. Türkmenistan 1990-njy ýyllaryň 'çörek çökgünligine' dolanýarmy?
Onuň sözlerine görä, un, çörek alyp bilmän, obalarda tohumlyk üçin berlen reňkli, dermanly bugdaýy ýuwup, guradyp, degirmende üwäp, un edip başlan kärendeçi hojalyklar hem bar.
Häkimiýetler tohumlyk bugdaýyň köpçülikleýin iýilip başlanmagynyň öňüni almak maksady bilen golaýda bikanun tohum satýan emeldarlaryň käbirini ele saldylar, Aşgabatdan barlagçylar geldi, olar Lebabyň galla kärhanalarynyň işini barlaýarlar diýip, habarçy öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.
Onuň sözlerine görä, un, çörek kärhanalary, barlag tamamlanýança diýip, möhürlenip ýapyldy, ‘paýok’ unlary hem gijikdirilip berilýär, raýatlar “Arkadag ýolbaşçy bolup, öz işini başarmady, halky çörege zar etdi’ diýip prezidentden närazy bolýarlar.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, paýtagtyň döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan berilýän unuň gaýtadan, alty aý arakesmeden soň satuwa çykarylandygyny habar berdi. Bu häkimiýetleriň adatça uly baýramçylyklardan öň döredýän emeli bolçulygy bilen bagly. Emma ýaşaýjylar Azatlygyň habarçysyna çäkli möçberde satylan arzan unuň kepeklidigini we ondan heň ysynyň gelýändigini gürrüň berdiler.
Şeýle-de habarçylar biraz öň, nobatlary gizlemek üçin, subsidirlenen bahadan berilýän çöregiň dükanlarda ir sagat 5-de satylyp başlanandygyny aýtdylar.
Görnüşinden, kärende ýerlerinde bugdaý ekýän daýhanlaryň şertnamalaýyn borçnamalaryny “üstünlikli” ýerine ýetirýändigini tassyklaýan hökümet soňky ýyllarda has agyrlaşan çörek meselesini ne içerki mümkinçilikler esasynda, ne-de import arkaly çözüp bilýär.
Degişli maglumat Türkmenistan bugdaý planyny 'doldy'. Bergili çykan daýhanlar prokuratura çagyrylýarAnonimlik şertinde pikirini aýdýan hünärmenler häzirki un gytçylygynyň sebäbini netijesiz hökümet dolandyryşynda, daýhanlara erk-ygtyýar berilmezliginde, hakyky bazar düzgünlerine geçilmezliginde görýärler.
Türkmen hökümeti ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, şol sanda uly nobatlar bilen tassyklanan çörek, un gytçylygyny resmi derejede boýun almaýar we Azatlygyň bu mesele baradaky soraglaryna hiç bir düşündiriş bermeýär.
Şol bir wagtda, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilen resmi habarlarda tassyklanmagyna görä, Türkmenistanda “innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berilýär; ...daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär”.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.