Faraply kärendeçileriň käbiri tohumlyk bugdaýyny ýuwup, degirmende üwedip başlady
Türkmenistanda ýerli, hususan-da köp çagaly maşgalalaryň esasy azygy bolan çöregiň gytçylygy saklanyp galýar. 1990-njy ýyllaryň başynda, beýleki post-sowet ýurtlary bilen gurlan öňki gatnaşyklaryň bozulmagy we türkmen hökümetiniň özüni azyk önümleri, ilkinji nobatda hem türkmen maşgalalarynda köp iýilýän çörek bilen üpjün etmek barada gelen karary, hökümet resmileriniň aýdýan dabaraly sözlerinden tapawutlylykda, durmuşda 30 ýyllap ‘arzuw-hyýal’ bolup galaýana meňzeýär. Şol bir wagtda Türkmenistan gurak gelen ýylyň döreden tebigy kynçylyklaryny, agyrlaşan suw ýetmezçiligini hem boýun almaýar.