Garaşsyz neşir: Türkmen wekilhanalary tarapyndan möhleti uzaldylan biometriki pasportlary özge ýurtlar ykrar etmeýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Garaşsyz neşir daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynda hereket ediş möhleti uzaldylan türkmen biometriki pasportlarynyň peýdasyzdygyny aýdyp, olara basylan möhüriň üçünji ýurt tarapyndan ykrar edilmeýändigini habar berýär. turkmen.news neşiriniň maglumatynda Türkmenistanyň raýatlarynyň bu pasportlar bilen özge ýurtlara wiza alyp hem-de syýahat edip bilmeýändigi hem aýdylýar.