Döwlet telewideniýesine görä, 27-nji sentýabrda Aşgabadyň täze açylan hökümet münberiniň öňünde harby parad geçirildi. Parada prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, ýokary derejeli hökümet resmileri we beýlekiler tomaşa etdi.
Harby paradyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň şahsy düzümleri we harby tehnikalar görkezildi. Söweş tehnikalarynyň hatarynda Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hataryna täze kabul edilen harby tehnikalar ünsi çekdi.
Harbylar paradyň başynda wepalylyk kasamyny kabul etdiler. Hökümet münberinde harbylaryň ýerine ýetirmeginde “Halk. Watan. Beýik Serkerdebaşy” şygary ýaňlandyryldy.
Degişli maglumat Türkmenistanda garaşsyzlyk paradyna taýýarlyk üçin köpçülikleýin çäre geçirilýärHökümetiň yglan eden baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna görä, 27-nji sentýabrda Aşgabatda medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsert geçirilmegine garaşylýar. Baýramçylyk çäreleri 28-nji sentýabrda Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlik toplumynda harbylary sylaglamak dabarasy bilen jemlener.
Hökümet garaşsyzlyk baýramyny uly şowhun bilen dabaralandyrýan mahaly, halk nähili şertlerde garaşsyzlyk gününi belleýär?
Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitlerde baýramçylyk howasynyň ýokdugyny, ýerli ilatyň azyk üpjünçiligi bilen bagly meseleler we giň ýaýran keselçilik bilen gümradygyny habar berýärler.
Azatlygyň Marydaky habarçysy sebitde garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilmeýändigini habar berdi.
Ol telewideniýede efire bermäge niýetlenen garaşsyzlyk dabaralarynyň sebitde birnäçe hepde mundan ozal, öňünden wideo ýazgy edilendigini we oňa býujet işgärleriniň mejbury tomaşaçy hökmünde gatnaşdyrylandygyny habar berdi. Habarçymyz garaşsyzlyk güni köçelerde baýramçylyga bagyşlanan plakatlardan we baýramçylyk uniformalaryny geýen ýol gözegçiligi polisiýalaryndan başga hiç hili baýramçylyk alamatynyň ýokdugyny aýtdy.
“Hemme edaralar ýapyk, köçede adam ýok. Bu gün baýramçylyk gününe meňzemeýär... Öňler adamlar baýramçylyk günlerinde köçelere çykyp aýlanardylar, häzir bolsa adamlaryň ýüzünde diňe gaýgy. Köp hojalykda ölüm bar, welaýatda diňe agramçylyk. Adamlar wirus sebäpli öz hossarlaryny ýitirýärler... Öýme-öý pataçylyk diýsek ýalňyşmaryn. Hökümet boýun almasa-da, wirusdan ölýän adamlaryň sany gaty köp” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Global koronawirus pandemiýasynyň fonunda, Türkmenistanyň hökümeti şu wagta çenli öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady. Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary lukmanlara we ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, ýerli ilatyň koronawirus keselinden agyr sütem görýändigini habar berýärler.
Galyberse-de, koronawirusy boýun almaýan häkimiýetler bazarlary we beýleki söwda nokatlaryny pandemiýa bilen baglylykda ýapyk saklaýar.
Degişli maglumat Býujet işgärlerinden garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli pul ýygnalýar“Adamlar baýramçylyk güni bazarlaryň we hususy söwda dükanlarynyň açylmagyna garaşdylar. Ýöne adamlaryň bu tamasy başa barmady” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatdaky habarçysy garaşsyzlyk gününe pandemiýanyň kölege salandygyny habar berdi.
Ol şäherde mini-marketlerden daşgary bazarlaryň hem-de dükanlaryň ýapyk bolmagynda galýandygyny habar berdi.
Şeýle-de, habarçymyz baýramçylyk sebäpli býujet işgärleriniň sentýabr üçin aýlyk haklarynyň bir hepde öňünden tölenendigini, ýöne nagt ýetmezçiligi sebäpli ilatyň pul nagtlaşdyrmakda päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi.
Bu aralykda, baýramçylyk senesine garamazdan, habarçymyz Türkmenabatda býujet edaralarynyň hem-de hojalyk hasaplaşygy boýunça işleýän käbir edaralaryň işgärleriniň 27-nji sentýabr güni pagta ýygymyna mejbury äkidilendiklerini habar berdi.
Azatlygyň habarçysy Türkmenabadyň azyk önümleri satylýan bazarlarynda döwlet tarapyndan gurnalýan arzan azyk ýarmarkalarynyň bu baýramçylykda gurnalmandygyny habar berdi. Muňa garamazdan, arzan azyk tekjeleriniň gurnalmagyna umyt baglan ençeme türkmenabatly bazarlara barypdyr. Habarçymyz sebitde azyk üpjünçiligi bilen bagly gytçylygyň we gymmatçylygyň dowam edýändigini habar berdi.
“Garaşsyzlyk baýramy diýip, aýdyp bolmaýar. Adamlaryň ýüzi salyk. Duýgy ýok” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy azyk gytçylygynyň baýramçylyk bellemäge böwet bolýandygyny gürrüň berdi.
“[Baýramçylyk beýlede dursun], köp hojalyk gününi zordan görýär. Adamlar iýjek çöregine zordan pul tapýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy Farap etrabynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň söwdagärlerden azyk önümleriniň bahalaryny aşak düşürmegi zor bilen talap edýändigini, ýöne zyýan çekmekden howatyr eden söwda işgärleriniň bu talapdan soň, azyk satmagy bes edendiklerini habar berdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, döwlet bahasy 3-4 manat bolan pagta ýagynyň bir litri hususy söwdada 80-100 manat aralygynda bahalanýar.
Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Garaşsyzlyk baýramynyň fonunda dowam edýän azyk gytçylygy we gymmatçylygy barada, galyberse-de, dowam edýän keselçilik barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.