Aşgabadyň polisiýasy seýilgähe gelýänlere gözegçiligi güýçlendirdi. Bile oturan ýigitleri we gyzlary parklarda tussag etmek wakalary ýygy-ýygydan ýüze çykdy. Mundan başga-da, polisiýanyň gözüne aýallaryň we gyzlaryň daş keşbi has köp düşüp başlady. Bu barada Azatlygyň habarçylary 20-nji sentýabrda Aşgabatdan habar berýärler.
Soňky günlerde Aşgabadyň seýilbaglarynda ellerinde rasiýaly aýlanýan polisiýa işgärlerini köp görmek bolýar. Polisiýanyň işgärleri seýilgählerde ýöräp, skameýkalarda oturan adamlary synlaýarlar.
Ahlak polisiýasy, esasanam "Ylham" seýilgähinde köp duş gelýär. Polisiýanyň üns merkezine ilkinji nobatda ýaş jübütler düşýär. Polisiýa ýigitleriň we gyzlaryň bile oturmagyna şübhe bilen garaýar we hökman olaryň ýanlaryna baryp, bile oturmagy gadagan edýär.
Degişli maglumat Maryda ene-atalar bilen ýygnak geçirilip, okuwçy gyzlaryň ginekologiýa barlagyndan geçiriljekdigi duýduryldyIlki ýigidi gapdala çagyryp, sorag berip başlaýarlar. Polisiýa bu ýigidiň kim bilen oturandygyny soraýar. Ýigit ýanyndaky gyzyň aýal doganydygyny aýtsa, polisiýa işgärleri olaryň pasportlaryny we dogluş şahadatnamasyny talap edýär. Ýaşlar özleriniň kursdaşdygyny aýtsalar, olaryň ýagdaýy hasam agyrlaşýar.
Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, garyndaşlygyny subut edip bilmedik jübüt saklanýar we sorag edişlik üçin polisiýa bölümine äkidilýär. Polisiýa bölüminde olaryň şahsyýeti anyklanýar we okuwçylaryň ene-atalaryna habar bermek üçin bilim edarasyna jaň edilýär. Uniwersitetiň administrasiýasy bu ýagdaýdan habarly edilýär. Studentler we olaryň garyndaşlary mundan soň okuwdan kowulmazlyk üçin täsirli tanyşlaryň kömeginden ýa-da pul töleginden peýdalanmaly bolýarlar.
Polisiýanyň näme üçin oglan-gyzlaryň bile oturmagyna garşy bolýandygyny anyklap bolmady. Polisiýa munuň sebäbini düşündirmeýär. Paýtagtyň polisiýasyndan resmi görnüşde maglumat alyp bolmaýar.
Habarçylar bu aralykda parklarda oturan birnäçe ýigitleriň ýa-da gürleşip oturan gyzlaryň ýanyna polisiýanyň barmaýandygyny belleýärler.
Bir hepde öň Aşgabatda polisiýa gysga balak - şorty geýen erkekleri we aýallary saklap başlady. Şortyly adamlara, esasanam banklara girmäge rugsat berilmedi. Olar polisiýa tarapyndan saklanyp, duýduryş berildi. Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bu hereketleriň sebäbini düşündirmediler.
Degişli maglumat Aşgabadyň polisiýasy köpçülige “şortyly” barýan adamlara jerime salyp başladyTürkmen häkimiýetleriniň ilata gözegçiligi adatça döwlet baýramçylyklarynyň we uly çäreleriň öňüsyrasynda işjeňleşdirilýär. Ýurt häzirki wagtda döwlet garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar.
Aşgabatda ahlak polisiýasynyň işjeňliginiň güýçlenmegine degişli şuňa meňzeş ýagdaý, esasanam 2017-nji ýylda, Aşgabat-2017 atly sport oýunlary ýaryşynyň öňüsyrasynda ýüze çykdy. Soňra ýaşlar we gyzlar Aşgabadyň köçelerinde köpçülikleýin saklandy. Dokument barlagynda olaryň garyndaşlygynyň ýokdugy anyklanan ýagdaýynda olar polisiýa bölümine äkidildi.
Türkmenistanda dürli ýyllarda ýokary bilim edaralarynyň okuwçylary üçin birnäçe çäklendirmeler we talaplar girizilipdi. Student gyzlara transport hökmünde hususy awtoulaga münmek gadagan edildi we bu talabyň, olary "biabraýçylykdan saklamak" üçin ediýändigi aýdyldy we olardan diňe uçarly gatnamak talap edildi. Şeýle hem, Türkmenistandaky uniwersitetleriň studentlerine hususy awtoulagyny sürmek we dynç günlerinde rugsatsyz umumy ýaşaýyş jaýyndan çykmak gadagan edilipdi.
Orta mekdeplerde-de ahlak terbiýesine bagyşlanan ýygnaklar yzygiderli geçirilýär, onda aýal-gyzlaryň özüni alyp barşynyň kadalaryna we aýal-gyzlaryň daşky görnüşine degişli maslahatlar geçirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.