Aşgabatlylar nobatdaky suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Ýaşaýjylaryň gaplara dolduryp goýýan suw ätiýaçlary.

Aşgabat şäheriniň ençeme etrapçasynda ýaşaýyş jaýlaryna berilýän suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly nobatdaky bökdençlik ýüze çykdy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada paýtagtdan maglumat berýän habarçysy 17-nji sentýabrda şäheriň 11-nji etrapçasynda we Parahat hem-de Gaudan etrapçalarynyň aglaba böleginde ilata berilýän içimlik suw üpjünçiliginiň kesilendigini aýtdy.

"Parahat-7 etrapçasynda şu gün irdenden bäri suw ýok. Bu etrapçanyň beýleki böleklerinde hem tapgyrlaýyn esasda suw üpjünçiligini kesýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran sebit ýaşaýjysy 17-nji sentýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Degişli maglumat BMG edarasy Türkmenistanda suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurýar

Ol Niýazow adyndaky hassahananyň töweregindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna hem içimlik suwuň berilmeýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Öý dolandyryş edaralarynyň işgärleri sebit ýaşaýjylaryna suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň sebäplerini suw geçiriji turbalaryň hatardan çykyp, olarda dörän näsazlyk bilen düşündirýärler. Ýöne olar bu näsazlygyň haçan düzediljekdigi barada anyk bir zat aýtmaýarlar.

Häzir şäheriň käbir etrapçasynda işçiler ýollary gazyp, suw turbalaryny bejerýärler. Munuň bilen bagly, şäheriň ençeme etrapçasyna lagym suwlarynyň demgysdyryjy, ýaramaz ysy ýaýrady.

Habarçymyz paýtagtyň etrapçalarynda suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly bökdençlikleriň indi adaty ýagdaýa öwrülendigine ünsi çekýär. Onuň sözlerine görä, şu sebäpli ýaşaýjylar öýlerinde suw gaplaryny hemişe dolduryp goýýarlar.

"Ýaşaýjylar häzir goşmaça suw bilen üpjün edilmeýär. Olaryň köpüsi suwuň berilmegine garaşýar we gaplara dolduryp goýan suwundan peýdalanýar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri adatça bolşy ýaly paýtagtyň suw üpjünçiliginde dörän bu bökdençlikler barada resmi derejede düşündiriş ýa-da habar bermeýärler.

Türkmenistanyň şäher we oba ýaşaýjylarynyň suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklary uzaga çeken problema bolmagynda galýar. Ençeme ýyl bäri dowam edýän bu problema şu ýylyň tomus aýlarynda has-da ýitileşdi.

Degişli maglumat Balkanda mallar suwsuz ölýär, prezident 'bol suwly' howdan açýar

Azatlyk Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki ýiti suw ýetmezçiligi, munuň adamlaryň gündelik durmuşyna we ýurduň oba-hojalyk pudagyna ýetirýän ýaramaz täsirleri barada ençeme gezek habar berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan synçylar suw üpjünçiligi bilen bagly problemalara ýurtdaky suw ýetmezçiliginiň we suw geçiriji ulgamlarda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmezliginiň, turbalaryň we suw desgalarynyň könelişmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ýiti suw ýetmezçiligi barada çykýan habarlara düşündiriş bermän, azyk howpsuzlygynyň döredilendigini tekrarlaýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy özüniň awgustyň ahyrynda çap eden soňky hasabatynda Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurdy. Hasabatda Türkmenistanda suw resurslaryna çenden aşa (100%-den hem köp) agram düşýändigine üns çekildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.