Duşenbede ŞHG sammitine gatnaşan Berdimuhamedow güýçlendirilen howpsuzlygyň arasynda ýurda dolanýar (WIDEO)

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

ŞHG liderleri Duşenbede duşuşýar

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň anna güni täjik paýgatynda geçirilen sammitine gatnaşan Gurbanguly Berdimuhamedow, güýçlendirilen howpsuzlygyň astynda Türkmenabada dolanýar.

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň liderleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbede duşuşyp, Owganystany maslahat etdi. Duşuşyga Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow myhman hökmünde gatnaşdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji sentýabrda günüň ikinji ýarymynda Berdimuhamedowyň Duşenbeden Türkmenabada dolanýandygyny we muňa görülýän taýýarlyklar barada habar berýär.

20 ýyl ozal esaslandyrylan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ilkibaşda Hytaý, Russiýa, Gyrgyzystan, Gazagystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlardan ybaratdy. Hytaý ýolbaşçylygyndaky bu gurama 2017-nji ýylda Pakistan we Hindistan hem goşuldy.

Agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara harby güýçleriň Owganystandan goşun çekmeginiň yz ýany duşuşyp, Owganystandaky ýagdaýlary maslahat edýär.

Degişli maglumat ŞHG-nyň sammitinde Owganystan üns merkezinde bolar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp, 17-nji sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçarynyň Duşenbeden Türkmenabada dolanmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, daşary ýurtdan dolanýan Berdimuhamedowyň hem-de onuň egindeşleriniň Türkmenabatda koronawirus barlagyndan geçmegine garaşylýar.

Türkmenistanda pandemiýa bilen bagly girizilen syýahat çäklendirmelerine laýyklykda, daşary ýurtdan dolanýan ähli ýolagçylardan koronawirus testi talap edilýär. Galyberse-de, ýurda dolanýan raýatlardan 21 gün möhlet bilen karantinde bolmak talap edilýär.

Mälim bolan maglumatlara görä, Täjigistana sapar eden türkmen wekiliýetiniň agzalaryna, ministrlere niýetlenip, Amyderýanyň çep kenarynda bir günlük izolýasiýa üçin karantin ýerleri taýýarlanypdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp, prezidentiň ogly we wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň prezidenti garşy almak üçin 17-nji sentýabr güni ir bilen Türkmenabada gelendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabatda soňky iki gün bäri aeroportdan prezidentiň rezidensiýasyna çenli aralykda ýollaryň petikli galýandygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, 17-nji sentýabr güni irden ýerli sagat bilen 6-dan soň petikli ýollar sebäpli hatda işe gatnaýan adamlaryň hem ýoldan geçmegine rugsat berilmedi.

Galyberse-de, habarçymyz şäherde hususy awtoulaglaryň we kiçi awtobuslaryň hereketiniň çäklendirilendigini, diňe döwlet belgili awtobuslaryň hereketine rugsat berilýändigini habar berdi. Şol bir wagtda, onuň maglumatlaryna görä, ähli edara-kärhanalara SSSR döwründen galan köne awtoulaglaryny köçä çykarmazlyk tabşyrylypdyr.

Degişli maglumat "Awazada" we Türkmenbaşyda adaty durmuş togtady

Bir gün ozal, penşenbe güni Azatlyk Radiosynyň sebitdäki ikinji habarçysy Türkmenabatda howpsuzlygyň güýçlendirilendigini habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan (öňki Kostandowa) köçesinde penşenbe güni kiçi awtobuslaryň hereketi bes edildi.

Şeýle-de, habarçymyz penşenbe güni günuzyn Bitarap Türkmenistan (öňki Kostandowa) köçesiniň ugrundaky ýol bellikleriniň reňklenendigini habar berdi. Şeýle-de, ikinji habarçy penşenbe güni günüň ikinji ýarymynda prezidentiň rezidensiýasyna çenli 3-4 çatrygyň petiklenendigini, anna güni Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda her çatryga polisiýanyň hem-de milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň ýerleşdirilendigini habar berdi.

Şeýle-de, ses gataldyjy enjam we duýduryş çyralary (migalka) bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglar iki gün mundan ozal köçäniň ugrunda park edilen ulaglaryň aýrylmagyny talap edipdir.

Azatlygyň habarçysy Türkmenabatda güýçlendirilen howpsuzlygyň arasynda beýleki welaýatlardan goşmaça polisiýa güýçleriniň şähere getirilendigini habar berdi.

Bu aralykda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Duşenbede geçirilen duşuşygynda Türkmenistanyň Owganystan boýunça beýan eden pozisiýasy barada döwlet metbugaty heniz habar bermedi.

Degişli maglumat Hytaýyň Merkezi Aziýada barha batlanýan ykdysady agalygynyň fonunda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna syn

Bir gün ozal, 16-njy sentýabrda Duşenbede Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna agza döwletleriň liderleri Owganystan boýunça duşuşdy. Bitarap Türkmenistanyň wekiliýeti bu howpsuzlyk guramasynyň ýygnagyna gatnaşmady.

“Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi bilen, Owganystan süýşüp gelýän gumanitar krizis bilen ýüzbe-ýüz boldy we, Owganystanyň Merkezi Aziýadaky goňşulary uruşdan tozan ýurtdan abanyp biljek howp-hatarlardan, on müňlerçe bosgunyň serhetden aşmak ähtimallydygyndan ätiýaç edýärler.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Hytaýyň prezidenti Si Jingping we Hindistanyň premýer-ministri Narenda Modi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň soňky duşuşygyna wideokonferensiýa arkaly gatnaşdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň iýunynda esaslandyrylanda onuň Ýewraziýa sebitinde esasan “üç bela” – separatizme, ekstremizme we terrorçylyga garşy göreşmek üçin döredilendigi aýdyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.