Awazada dynç alyş möwsümi gutaransoň, myhmanhanalar 1600 töweregi işgärini işden boşatdy

Illýustrasiýa suraty. Myhmansyz Awazada bir myhmanhana.

Azatlygyň çeşmelerine görä, awgustyň ahyrlarynda Aşgabatdan Awaza baran dört adamda koronawirusyň delta görnüşiniň anyklanmagyndan soňra, kurort şäherçesinde dynç alýan adamlar duýdansyz öýlerine ugradyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy indi Awazadaky myhmanhana işgärleriniň köpçülikleýin işden boşadylýandyklaryny habar berýär.

Degişli maglumat "Awaza" syýahatçylara ýapylan mahaly, prezident zolagyň häkimini eýeleýän wezipesinden boşatdy

Onuň maglumatlaryna görä, Awaza kurort şäherçesinde ýerleşýän myhmanhanalar 1600 töweregi işçisini işden boşatdy. Syýahatçylyk pudagynyň işçileri awgust aýy üçin özleriniň zähmet haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysyna görä, awgustyň ahyrynda myhmanhana işçilerine ilkibaşda 10-njy sentýabra çenli Türkmenbaşy şäherinde garaşmak tabşyryldy. 10 günüň dowamynda olara öz iş orunlarynyň saklanyp galjakdygy ýa-da togtadyljakdygy barada hiç zat aýdylmandyr.

“Otelleriň başlyklary bize ‘garaşyň’ diýdi. Olaryň özleri hem boljak zatlardan bihabardyklaryny aýtdylar” diýip, Mary welaýatyndan baryp, Awazada işlän Merjen (ady üýtgedildi – red) Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Biziň hem näme boljagyndan habarymyz ýok” diýip, Merjen otel başlygynyň sözlerini getirýär.

Awazanyň otelleriniň birinde aşpez bolup işlän Merjen, öz sözlerine görä, 1750 manat töwereginde aýlyk alýan ekeni.

Azatlygyň habarçysyna görä, 10-njy sentýabrdan soň, Awazada işleýän 1600 töweregi adam, şol sanda myhmanhana işçileri, bagbanlar, ussalar, howuz hünärmenleri, aragatnaşyk işgärleri, tämizlikçiler, garawullar, şofýorlar öz işlerinden boşadyldylar.

Işden boşadylan möwsümleýin işçilere, eger 2022-nji ýylda karantin bolmasa, olaryň täzeden işe kabul edilmek ähtimallyklary duýdurylypdyr. Şeýle-de, işden boşadylan adamlara olaryň aýlyk haklarynyň bank hasaplaryna geçiriljegi aýdylypdyr.

Syýahatçylyk işçileri özlerine awgust aýy üçin aýlyk haklarynyň tölenilmändigini aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysy Awazadaky işçileriň 80 göterim töwereginiň başga welaýatlaryň ýaşaýjylarydygyny habar berýär.

“Başga welaýatlardan gelip işleýän raýatlar öz sebitlerine aşmakda uly kynçylyk çekýärler. Mysal üçin, Mara gatnaýan taksileriň tölegi dört müň manat, Lebap taksileri alty müň manat” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

Işini ýitiren syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň käbiri ýol töleginiň özleriniň Awazada tomsuň dowamynda gazanan ähli girdejilerinden has köpdügini gürrüň berýärler.

Ýatlasak, Türkmenistanda koronawirus pandemiýasynyň dowamynda sebitleriň arasynda hereket berk çäklendirilidi. Otly we uçar gatnawlarynyň tertibi birnäçe gezek üýtgedildi.

Degişli maglumat COVID-19 we Türkmenistan: berk çäklendirmeler we ýokary ölüm derejesi saklanýar

Galyberse-de, Awazada köpçülikleýin iş orunlarynyň ýapylmagy Türkmenistanda soňky birnäçe hepde bäri koronawirus pandemiýasynyň täzeden möwjeýän wagtyna, şol bir wagtda, ýurtda ýiti ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän pursatyna hem-de syýahatçylyk möwsüminiň tamamlanýan wagtlaryna gabat gelýär.

Tomsuň başlarynda Awazanyň dynç alyş möwsümi bu ýyl pandemiýa bilen bagly goşmaça çäreler bilen başlapdy. Sebitlerden we Aşgabatdan Awaza syýahat etmek isleýän raýatlardan sanjym kepilnamasy, ýerli Migrasiýa gullugyndan rugsatnama ýaly goşmaça resminamalar talap edildi. Şol bir wagtda, transport gatnawlarynyň çäklendirilmegi hem Awazada dynç almaga mümkinçiligi bolan raýatlar üçin goşmaça bökdençlik döretdi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysyna görä, Türkmenbaşynyň polisiýasy Awazada iş şertnamasy uzaldylmadyk içerki migrantlardan gysga wagtyň içinde öz welaýatlaryna gitmegi talap edýär; ýogsa-da, olara Serdar etrabynyň gowaça meýdanlarynda mejbury pagta ýygdyrmak haýbatyny atýar.

Ýatlasak, Awazada dynç alýan raýatlar awgustyň ahyrlarynda duýdansyz ýagdaýda syýahatçylyk zolagyndan çykaryldy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi bu ýagdaýa Aşgabatdan Awaza gelen syýahatçylaryň dört sanysynda koronawirusyň “delta” görnüşiniň anyklanmagynyň sebäp bolandygyny habar berdi.

Munuň yz ýany, Awazanyň etrap häkimi wezipesinden boşadyldy.

Awaza myhmanhanalarynda işgärleriň köpçülikleýin işden boşadylmagy barada Azatlyk Radiosynyň Awaza etrap häkimliginden goşmaça maglumat almak synanyşygy netije bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.