Ýol howpsuzlygynyň biraýlygy bilen PÝGG-niň “para möwsümi” hem başlady

"Polisiýa işgärleri Ýol hereketiniň biraýlygyny sürüjilerden para almagyň guralyna öwürdi"

Türkmenistanda başlanan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň çäginde, geçen ýyllardaky ýaly polisiýa işgärleriniň ony ulag sürüjilerden para almagyň guralyna öwürmegi bilen birlikde, sebitlerde soňky günlerde heläkçilikli ýol hadysalarynyň has artandygy bellenilýär. Resmi maglumatda tutuş sentýabry öz içine alýan bu döwürde ýurtda “ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek”, şeýle-de “agyr ýol-ulag hadysalarynyň we olaryň netijesinde ýüze çykýan heläkçilikleriň öňüni almak” maksat edinilýändigi aýdylýar. Emma Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar bu möwsümde polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň esasan uly ýollara radar bilen ugradylýandygyny, gür ilatly sebitleriň köçe-ýol düzgünleriniň berjaý edilişiniň bolsa gözden düşürilýändigini aýdýarlar.

“1-nji sentýabrda [Lebabyň administratiw merkezi] Türkmenabadyň etegindäki Zerger etrapçasynyň golaýyndaky ýoluň ugrunda adam pidaly ýol hadysasy boldy. Bir ýeňil ulag beýleki ulagy ozup geçjek bolup, ýoluň garşy tarapyna çykanda, garşylykly gelýän awtoulagy görüp, şol bada ulagyny ýoldan gyra sowdy. Ol soňy bilen hereketini ýitirip, uly tizlik bilen ýoluň gyrasyndaky beýleki bir ulagy bejerip duran iki adamy kakdy. Olaryň ikisi hem ýogaldy. Merhumlaryň biri 31 ýaşyndady, onuň yzynda aýaly we bir ýaşly çagasy galdy” diýip, bu wakalara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri 3-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz soňky günler Lebapda şular ýol hadysalaryň has artandygyny belleýär.

“Penşenbe güni Türkmenabat-Sakar ýolunda garşylykly gelýän iki ulag birek-biregi bilen çakyşdy. Alty ýolagça, şol sanda iki çaga şikes ýetdi. Olar häzir keselhanada agyr ýagdaýda” diýip, ýol hadysasyna uçranlaryň biriniň garyndaşy atlandyrylmasyzlyk şerti bilen habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Ýol polisiýasy aýal sürüjilere böwet bolýar

Munuň bilen baglylykda, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar biraýlygyň dowamynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň aglaba çola ýollarda tizligi ýokarlandyran sürüjileri “awlamak” bilen meşguldygyny aýdýarlar.

“[Ýol polisiýasy] degişlilikde hereketi az bolan ýollaryň ugrundaky arçalaryň, diwarlaryň, beýleki ulaglaryň dagy arkasynda bukulyp, radar bilen tizligi ýokarlandyran sürüjileri ele saljak bolýarlar. Saklanan raýatlardan ilki para soralýar, eger-de alyp bilmeseler, onda jerime ýazýarlar. Emma Türkmenabadyň köp gatnalýan köçelerinde bolsa, gözegçilik öňküsinden hem pese gaçdy. Pyýadalaryň ýollardan päsgelçiliksiz geçmegi üçin hiç alada edilmeýär. Esasy ýollaryň dowamly çyzyk bilen çäklendirilmegi sebäpli ulaglaryň wagtynda aýlawy amal edip bilmeýändigi üçin, köçelerde häli-şindi dykynlar hem döreýär” diýip, türkmenabatlylaryň biri 3-nji awgustda gürrüň berdi.

Ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar boýunça Içeri işler ministrligiň Lebap welaýaty boýunça bölüminden, şol sanda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri, şol sanda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi köçe-ýol hadysalary bilen bagly statistiki maglumatlary halk köpçüligine aýan etmeýärler. Ýurduň köpçülikleýin media serişdelerinde köçe-ýol heläkçilikleri barada wideo reportažlar goýberilmeýär.

Şol bir wagtda, türkmen hökümeti biraýlygyň dowamynda ýurduň ýollaryndaky ýol hereketiniň kadalarynyň dogry berjaý edilşine gözegçiligi ýola goýýandygyny aýtsa-da, köçeleriň, köprüleriň ýagdaýy, polisiýa işgärleriniň gatnaşmagyndaky alym-berim faktlary hakynda gürrüň etmeýär.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy soňky üç ýylyň dowamynda Serdar-Türkmenbaşy uly ýolunda hiç hili abatlaýyş işleriniň geçirilmeýändigini, ýollaryň ýaramaz hili sebäpli heläkçilikli ýol hadysalarynyň ýüze çykýandygyny belledi.

“[Aşgabat-Türkmenbaşy] ýolunyň 310-njy kilometrinden, ýagny Isgender obasynyň üstünden geçýän 10 km ugry boýunça hiç hili asfalt ýok. Uzynsuw obasynyň golaýynda hem häli-şindi ýol hadysalary bolýar. Ýoluň 400-nji km ýerleri durşuna çat açan we jaýryk. Sürüjiniň sähel ünsi sowulsa, ulagyň agdarylmak howpy hem bar. Bulary düzetmegiň deregine, biraýlygyň dowamynda dürli bahanalar bilen diňe sürüjilerden para almak, olara jerime ýazmak bilen çäklenýärler” diýip, balkanabatly ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Lebapda täze radar kameralary oturdylandan soň, jerimäniň mukdary 10 esse ýokarlandy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.