Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Lebapda sanitariýa gözegçilik bölüminiň başlygy tussag edildi, Maryda çagalar baglary ýapyldy


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýurtda çalt ýaýramagyna has berk çäklendirmeleri girizmek we ýerli resmileri jogapkärçilige çekmek bilen jogap berýärler. Şol bir wagtyň özünde, görlüp-eşidilmedik hassalyk we ölüm derejesiniň fonunda ýurduň ýolbaşçylary ýurtda bolup geçýän ýagdaýlar henizem resmi taýdan ykrar edilmedi.

27-nji awgustda Lebapdaky sebit sanitariýa gözegçilik gullugynyň baş lukmany tussag edildi. Ol derňew üçin Aşgabat şäherine ugradyldy. Bu barada Azatlygyň çeşmeleri gizlinlik şertlerinde 3-nji sentýabrda habar berdi. Azatlyk Radiosy tussag edilen resminiň adyny mälim etmekden saklanýar.

Lebabyň sanitariýa we epidemiologiki gözegçilik gullugynyň baş lukmanynyň tussag edilmeginiň resmi sebäbini anyklamak mümkin däl. Resmiler bu ýagdaýa aç-açan düşündiriş bermeýärler. Bu aralykda, adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürlän ygtybarly çeşmelere görä, onuň tussag edilmeginiň sebäplerinden biri korrupsiýa bilen bagly diýlip hasaplanýar. Bu işgär paýtagtyň uniwersitetlerinde okamaga gidýän talyplar üçin zerur resminamalary taýýarlap bermek üçin para almakda güman edilýär.

Şu ýyl koronawirus çäklendirmeleri sebäpli paýtagtyň uniwersitetlerine synaglar sebitlerde geçirildi. Okuwa kabul edilen ýaşlar paýtagtda okamaga gitmelidi, soň koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly çäklendirmeler güýçlendirildi we okuwçylaryň aglaba köplügi yzyna iberildi, okuwlar bölekleýin onlaýn düzgünine geçirildi.

Lebapda arassaçylyk edarasynyň resmisiniň tussag edilmegi, sebitde koronawirusyň çalt ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaýa gabat geldi. Soňky hepdelerde Azatlygyň habarçylary we sebitdäki çeşmeler bu keseliň görlüp-eşidilmedik ýaýrandygyny, ölüm derejesiniň ýokarydygyny we ýerli ilatyň aglaba köplügi üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli däldigini habar berdiler.

Lebapdaky başga bir çeşmäniň habaryna görä, ýerli sanitariýa we epidemiologiki gözegçilik gullugynyň ýolbaşçysynyň tussag edilmegi sebitde koronawirusyň ýaýramagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

"COVID-19-yň ýaýramagy we Lebapda ölüm derejesiniň ýokary bolmagy sebit SES-iň başlygynyň tussag edilmeginiň sebäplerinden birine öwrüldi. Ol koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmändigi üçin jogapkär hasaplanýar" - diýip, Azatlyga sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň bir işgäri aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, bir hepdäniň içinde Türkmenabatda we tutuş Lebap welaýatynda berk çäklendirmeler girizildi. Söwda nokatlarynyň, hyzmat kärhanalarynyň, metjitleriň hemmesi diýen ýaly ýapyldy. Azatlygyň habarçylary açyk galan sanlyja obýektleriň biri bolan “Gök bazaryň” hem 2-nji sentýabrda ýapylandygyny habar berdiler.

Sebitde etraplardan administratiw merkeze barýan ýollar we ilatly punktlar ýene karantina ýapyldy, polisiýa gözegçiligini güýçlendirildi. Hususan-da, Farapdan Türkmenabat şäherine barmak üçin 72 sagatdan çöp bolmadyk wagt ozal geçirilen koronawirus testini görkezmeli.

Azatlygyň çeşmeleri Lebabyň sanitariýa gözegçilik gullugynyň baş lukmanynyň tussag edilmeginiň ýeke-täk ýagdaý däldigini, ýerli sanitariýa gözegçilik gullugynyň wekilleriniň tussag edilmeginiň beýleki sebitlerde-de bolandygyny öňe sürýärler. Azatlyk tussag edilmeler bilen bagly beýleki wakalary entek tassyklap bilmedi.

Häzirki wagtda Maryda ölüm derejesi ýokary bolup, çagalar baglary we mekdepler ýapylýar. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, çagalar baglary we mekdepler 1-nji oktýabra çenli karantine alyndy.

2-nji sentýabrda Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň mekdeplerindäki başlangyç synp okuwçylaryna okuwyň 1-nji oktýabra çenli togtadyljakdygynyň yglan edilendigini aýtdy.

Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, Mary welaýatdaky bilim edarasynyň buýrugy bilen ýerli mekdepleriň 6-njy oktýabra çenli hem ýapyk bolmagyna garaşylýar.

Marydaky bakçalar çagalary kabul etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, ene-atalaryň köpüsi çagalaryny bakçalara we mekdeplere özleri ibermeýär.

Karantin çäklendirmeleri ilatyň ähli gatlaklaryna täsir etdi. Döwlet edaralarynda işgärlere täze talaplar barada duýduryş berildi. Hususan-da, olara üýşmeleňlerden we myhmançylykdan saklanmak maslahat berildi.

Maryda güýçlendirilen gözegçilik maska geýmek talaplaryny ýerine ýetirmegine degişli. Bu talaba boýun bolmadyklary tutmak üçin polisiýa işgärleri ýörite ulaglarda şäheri aýlanýarlar.

Köçe gözegçiligine şäherler mekdepleriniň mugallymlary hem gatnaşdyrylýarlar. Nobatçylyk gije-gündiziň dowamynda ýerine ýetirilýär, mugallymlar her dört sagatdan çalşyp nobat çekýär.

Maska dakynmak düzgünleri bozýanlar tutulan halatynda öz hasabyna koronawirus testine iberilýär we olara 300 manatlyk jerime salynýar.

Obalarda mekdep mugallymlary pagta ýygyma ugradylmagyna taýýarlaýar.

Türkmenistan henizem koronawirusyň ýaýramagyny ykrar etmeýär. Mundan başga-da, ýurtda ölüm derejesiniň ýokary bolmagy, öz ilaty üçin dermanlaryň we sanjymlaryň ýetmezçiligi şertlerinde häkimiýetler hem mätäç ýurtlara, hem-de ykdysady we epidemiologiki ýagdaýy taýdan has kadaly Türkiýe ýaly ýurtlara ynsanperwer kömegini iberýär.

1-nji sentýabrda TDH döwlet habar gullugy Türkmenistanyň Owganystana lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen derman we medisina esbaplaryny ynsanperwer kömegi hökmünde iberendigi habar berdi. Owganystana berlen kömek Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda edilýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG