Aşgabatda koronawirusdan ölýänleriň sany bir günde 70 adama ýetdi

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda COVID-19 ozal görlüp-eşidilmedik derejede giňden ýaýraýar. Paýtagt Aşgabatda koronawirus bilen keselleýänler göz-görtele köpelýän mahaly, ondan ölýänleriň sany günde 70 adama ýetýär. Şäheriň hassahanalary näsaglardan dolan mahaly, käbir syrkawlar Yzgant obasyndaky täze keselhana ýerleşdirilip başlandy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde karantin çäklendirmeleri has-da güýçlendirilip, diňe dermanhanalardan we bir bazardan başga, söwda merkezleriniň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi ýapyldy. Şeýle-de, bu nokatlaryň gapylaryna olary açmagyň gadagandygy barada ýörite kagyzlar ýelmenildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Lebapdaky habarçylary maglumat berýärler.

Paýtagtyň saglyk müdirligindäki çeşmämiziň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, anna güni, has takygy 27-nji awgustda Aşgabat boýunça wirusdan ölenleriň sany 70 adama ýetdi.

"Wirusyň güýçli tolkuny Aşgabada gelip ýetdi. Şäheriň köp gatly jaýlarynyň tas her birinde 10-dan gowrak maşgala wirus ýokaşan. Näsaglaryň aglaba bölegi öýlerinde bejergi alýar. Ýaşaýjylara zerur bolmadyk ýagdaýynda öýlerinden çykmazlygy maslahat berýäris" diýip, çeşmämiz 30-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol şäheriň tas ähli hassahanasynyň wirus ýokuşan näsaglardan doludygyny aýdyp, indi käbir syrkawlaryň Yzgant obasyndaky täze keselhana ýerleşdirilip başlanylandygyny hem aýtdy.

Degişli maglumat Berdimuhamedow COVID-19-a salgylanyp, owgan bosgunlaryny kabul etmekden ýüz öwürdi

Bellesek, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän Ýokanç keseller hassahanasy ýurtda koronawirusyň ilkinji tolkunlaryndan soň, ýagny geçen ýylyň 13-nji noýabrynda açylypdy.

"Bu keselhanany uzak wagtlap kowid näsaglaryna bermek islemediler. Häzirki wagt oňa koronawirus näsaglary kabul edilip başlanan bolsa-da, onda diňe ýokary derejeli tanşyň bolsa bejergi alyp bolýar. Ýagny näsaglary diňe saglyk ministri ýa-da onuň orunbasary jaň etse kabul edýärler" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şol bir wagtda, ol şäheriň ýokanç keseller we beýleki hassahanalarynda özüni "sähel gowy duýup başlan" koronawirus näsaglarynyň keselhanadan çykyp, öýlerine gitmäge mejbur edilýändigini hem belledi.

Bu habarlaryň arasynda, ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun almaýan türkmen häkimiýetleri wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini has-da güýçlendirýärler.

Aşgabatda berk maska režimi güýje girizildi. Şäheriň bazarlaryndaky, dükanlaryndaky we dermanhanalaryndaky satyjylar hökmany maska geýmeli edildi.

Degişli maglumat Çeşme: Lebapda koronawirusdan ölýänleriň sany günde 100 adama ýetýär

Lebabyň Türkmenabat şäherinde hem, karantin çäklendirmeleri günsaýyn güýçlendirilýär. Häzirki wagtda şäherde diňe dermanhanalar we bir bazar - "Gök bazary" - açyk bolup, galan söwda merkezleriniň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi ýapyldy. Ýatlatsak, 26-nji awgustda Türkmenabadyň 4-nji we 5-nji belgili bazarlary we metjitleri hem ýapylypdy.

"Gök bazar çäklendirilen režimde işleýär. Bazaryň dört derwezesiniň üçüsi ýapylyp, häzirki wagt diňe bir derwezeden girip-çykmaly edildi. Adamlar bu derwezeden girende ellerini hökman dezinfeksiýa etmeli. Derwezäniň girelgesinde aýak astynda ýörite hlorly mata goýlupdyr. Adamlar şonuň üstünden basyp, köwüşlerini öllemeli" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Şeýle-de, şäherde gurluşyk harytlaryny, egin-eşikleri, awtoulag we mal satýan bazarlaryň, santehnika we mobil telefon satýan dükanlaryň, tikinçilik sehleriniň, dellekhanalaryň we gözellik salonlarynyň hemmesi bir bada ýapyldy. Awtoulag we haly ýuwýan nokatlaryň, kafeleriň, garbanyşhanalaryň we toý mekanlarynyň işi hem duruzyldy.

"Ozal görlüp-eşidilmedik karantin çäklendirmeleri has-da berkeýär. Häzir ýapylan söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň gapylaryna olary açmagyň gadagandygy barada ýörite kagyzlar ýelmenildi. Toý sähedi awgustyň soňky ongünlüginde diýlip kesgitlenen ýaşlar öz durmuş toýlaryny obalardaky uly jaýlarda we olaryň howlularynda geçirmeli boldular" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, welaýatyň käbir obalarynda ýaşulular ilat bilen ýörite ýygnaklary geçirip, olara köpçülikleýin ýerlerine barmagyň, jan saglygyna sadaka bermegiň we oturşyklary geçirmegiň "gadagandygyny" duýdurýarlar.

"Jynaza çärelerine baranyňyzda iki metr aralygy saklaň, ýüzüňizde hökman maska bolsun, ol ýerde gap-çanaklary köpçülikleýin ulanmaň hem diýýärler" diýip, bu ýygnaklaryň birine gatnaşan lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Maryda ýene iki oba we birnäçe hassahana karantine alyndy. Aşgabatda söwda merkezleri ýapyldy

Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada degişli sebitleriň häkimliklerinden, agzalan hassahanalardan, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Soňky hepdelerde ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň görnetin köpelmeginiň arasynda, dürli sebitlerde hassahanalar, etraplar we obalar yzygiderli karantine alyndy. Şeýle-de, bazarlaryň, söwda merkezleriniň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň ençemesi ýapyldy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler. Resmi metbugat hem, ýurduň dürli künjeginde güýje girizilýän ätiýaçlyk çäreleri barada hiç hili gürrüň gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.