Türkmenistanda Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň nobatdaky mejlisleri geçirilip, ýolbaşçylary täzelendi. Bu iki we aýry-aýry wezipeler üçin döredilen jemgyýetçilik guramasyna indi bir adam - Akjemal Durdyýewa ýolbaşçylyk eder. Ol bir günde iki wezipä saýlanandan soň, prezidentiň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde janyny gaýgyrman zähmet çekmegi wada berdi. Türkmen TW-si bu habary 28-nji awgustda, ýurtdaky saglyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy bilen, nobatdaky kadr çalyşmalarynyň yz ýanyndan berdi.
Mejlislerde “bu jemgyýetçilik edaralarynyň gurmaçylyk meselelerine garalandygy” we, ses bermegiň netijeleri boýunça, hödürlenen dalaşgärleriň arasyndan Akjemal Durdyýewanyň hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipelerine saýlanandygy habar berilýär.
Emma ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň web sahypalarynda, şol sanda esasy habar saýtlarynda bu iki mejlis, şeýle-de birbada iki jemgyýetçilik guramasyna ýolbaşçy saýlanan zenan, onuň zähmet ýoly we tejribeleri, jemgyýetçilik guramalaryndaky kadr çalşygynyň sebäpleri barada hiç bir goşmaça maglumat çap edilmedi.
Degişli maglumat Türkmenistanda aýal-gyzlardan prezidentiň ejesine meňzemek talap edilýärGysgaça habarda Zenanlar birleşiginiň Merkeziniň başlygynyň täzelenmegi guramanyň ozalky ýolbaşçysynyň “başga işe geçirilmegi” bilen düşündirilýär, emma Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli geňeşiniň başlygynyň näme üçin täzelenendigi aýdylmaýar.
Şol bir wagta-da habarda bu guramalardaky guramaçylyk meselelerine bir wagtda, edil häzir seredilmeginiň sebäbi aýdylmaýar, ozalky ýolbaşçylaryň atlary, eden işleri bolsa düýpden ýatlanmaýar.
Birden iki jemgyýetçilik gurmasyna başlyk saýlanan A.Durdyýewa, habarda bellenmegine görä, prezidentiň alyp barýan “içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde ähli başarnygyny gaýgyrman zähmet çekjekdigini” aýdypdyr.
Döwlet gözegçiligindäki jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň täzelenmegi prezident Gurbanguly Berdmuhamedowyň 25-nji awgustda dynç alyşdaky hökümet agzalaryny çagyryp, birbada birnäçe ýolbaşçyny täzelän wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
Ozal habar berlişi ýaly, döwlet baştutany Saglyk we derman senagatynyň ministriniň orunbasary, Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň başlygy A.Gylyjowy, premýer-ministriň orunbasary M.Geldinýazowy, bilim ministri O. Gurbanowy we döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezowy, işde düýpli kemçilik goýbermekde aýyplap, wezipelerinden boşatdy.
Mundan başga, prezident ýurduň Ýokanç keseller merkezleriniň müdirliginiň ýolbaşçylaryny hem täzeledi we synçylar nobatdaky kadr çalyşmalaryna ýurtda emele gelen saglyk we bilim-düşünje krizisiniň gytaklaýyn tassyklanmagy hökmünde baha berdiler.
Degişli maglumat Kärdeşler arkalaşyklary nädip 'eziji, işgärlerden pul ýygnaýan' toparlara öwrüldi?Türkmenistanda hökümetden aýry jemgyýetçilik guramalarynyň, garaşsyz hukuk goraýjylaryň we žurnalistleriň, raýat aktiwistleriniň raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan anyk meseleleri, şol sanda giň ýaýran işsizlik we korrupsiýa, adam hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy ýaly problemalar boýunça açyk we erkin işlemek mümkinçiligi tasdan ýok; döwlete garaşly guramalaryň işgärleri bolsa diňe ýokardan berilýän tabşyryklary ýerine ýetirýärler we şahsyýet kultunyň dabaralanmagyna hyzmat edýärler diýip, synçylar aýdýar.
Munuň soňky anyk mysallarynyň biri, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly synçynyň sözlerine görä, prezidentiň ejesiniň ýaş wagtynda, 1970-nji ýyllarda bejeren kürtesiniň we ören ýüň joraplarynyň döwlet derejesinde, türkmen aýal-gyzlary üçin internet asyryndaky zerurlyk derejesinde wagyz edilmegi bolup durýar.
TDH-nyň maglumtyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Kürräýewanyň el işleriniň maý aýynda, Döwlet muzeýinde açylan sergisi bilen bagly çäre Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Medeniýet ministrligi we Zenanlar birleşigi tarapyndan, bilelikde gurnalypdyr.
Türkmenistanda meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramasy hasaplanýan kärdeşler arkalaşyklarynyň bolsa, kyn ýagdaýa düşýän işgärlere, daýhanlara "arkalaşyk etmekden" geçen, mejbury zähmetiň dowam etdirilmegine, şol sanda adamlaryň soňy gelmeýän ýowarlarda dowamly ezilmegine, ýyl-ýyldan garyp düşmegine hem ”ýardamçy” bolýandygy aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.