Lebapda sentýabr aýynyň başynda geçirilmeli dabaralara, hususan-da güýzlük bugdaýyň ekişine we pagta ýygymynyň resmi başlanandygyny aňladýan Ak kerwen dabaralaryna berk taýýarlyk görülýär, bir daýhanyň aýdyşyg ýaly, 'ýönekeý adamlara jan gaýgy, başlyklara - ýalan dabara!' diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berýär. Synçylar ykdysady çökgünlik wagtynda guralýan ýasama dabaralaryň, telewzorda görkezilýän bagtly durmuşyň adamlary bizar edendigini belleýärler.
Azatlyk radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň sözlerine görä, dabaralar we olara görülýän taýýarlyk, ilat arasyndaky keselçiligiň, COVID – 19 aladalarynyň güýçlenmegi bilen, ozalam agyr durmuş, güzeran aladalarynyň aşagynda galan ýaşaýjylara goşmaça ýük, artykmaç dert bolýar.
Degişli maglumat Prezident Marydaky 'ak öýüň' ýanynda ýene bir 'dabara binasyny' gurdurýarTürkmenistanda ekiş ýa bugdaý oragy, pagta ýygymy ýaly oba hojalyk işleri hem syýasylaşdyrylyp, býujet işgärleriniň we okuwçylaryň mejbury gatnaşdyrylmagynda, prezidentiň adyna alkyş sözlerini aýtmak bilen, uly şowhun astynda başlanýar. Emma bu ýyl geçirilýän köpçülik çäreleri we dabara-şowhunlar, garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen baglylykda, hasam uludan tutulýana meňzeýär.
Lebap welaýatynda pagta ýygymyna, Ak kerwene resmi badalga bermek dabarasyna müňe golaý býujet işgäri, kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar gatnaşmaly edildi, olar we telewizorda görkeziljek oba hojalyk maşynlary sebitdäki etraplaryň ählisinden saýlanyp, seçilip alyndy.
Beýleki etraplardan getirilen adamlary we tehnikalary Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşiginde bir ýere jemläp, "generalnyý" diýilýän repetisiýa geçilýär, welaýat, etrap medeniýet bölümleri bolsa, ýörite režissýorlaryň guramaçylyk etmeginde, milli lybas geýdirilen bagtyýarlyk sahnalaryny taýýarlaýarlar.
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu gezegem telewizorda görkeziljek we sowgat beriljek öňdebaryjy daýhanlary, mehanizatorlar saýlamak köp wagt aldy; olaryň üç arkasy berk barlandy, sebäbi sud edilen, türmä düşen garyndaşy bolsa, ol adamy telewizorda wagyz etmek bolmaýar diýip, habarçy bilen gürleşen häkimiýet wekili aýtdy.
Ýöne saýlanyp alnan we sowgat berlip, telewizorda görkeziljek adamlara beriljek sowgatlar olaryň öz hasabyna satyn alyndy.
Degişli maglumat Balkanda mallar suwsuz ölýär, prezident 'bol suwly' howdan açýarAlnan sowgatlardan habarly emeldaryň sözlerine görä, bu ýyldaky dabaralaryň ählisi diýen ýaly garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar we şu sebäpden 30 sany göreldeli kärendeçi we 30 sany göreldeli mehanizator saýlanyp alyndy. Dabarada olara prezidentiň adyndan sowgat diýip, 60 sany telewizor gowşurylmaly we sowgat alan adamlar 'döreden ajaýyp şertleri üçin' döwlet baştutanyna tükeniksiz alkyş aýtmaly.
Ýöne bu ýyl telewideniýede görkezer ýaly gowy hasylly gowaça meýdanlaryny tapmak öňki ýyllara garanda hem kyn boldy, sebäbi ýyl gurak geldi, suw az boldy, gögeriş ýaramaz, soň howa gaty yssy boldy, biten gowaçalar hem gowy boý alyp bilmedi diýip, kärendeçiler aýdýar.
Ikinji kynçylyk bolsa, saýlanyp alnan kärende ýeriniň eýesi bilen bagly, onuň üç arkasynda sud edilen adam bolmaly däl diýip, köpçülik çärelerine dahylly emeldarlaryň biri aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, edil häzir belli bir zat aýtmak kyn, ýöne Ak kerwen dabarasy ýa Çärjew etrabynda, ýa-da Saýat etrabynda, şularyň ikisinden birinde geçiriler.
Azatlyk radiosyna anonimlik şertinde pikirini aýdýan ýerli synçylar Türkmenistanda dowam edýän ykdysady çökgünlik wagtynda guralýan ýasama dabaralaryň, telewzorda görkezilýän bagtly durmuşyň adamlary bizar edendigini belleýärler.
Degişli maglumat Esgerler pagta ýygmaga ugradylýar"Şu prezident geleli bäri, ýalan-ýaşryk bagtyýarlykdan, suwjuk millilikden halys ýadadyk... emma telewizory açsaň - bizden bagtly halk ýok, gije-gündiz guýulýan ýalana ýüzüň çydap sereder ýaly däl. Telewizorda çapady görkezeniň bilen, halkyň garny çapadydan doýanok" diýip, Azatlyk bilen telefonda gürleşen 55 ýaşly raýat aýtdy.
Bu 'bagtyýarlygyň' diňe prezidente görkezmek üçin gerekdigi, emma oňa ýurt içinde-de, daşynda-da hiç kimiň ynanmaýandygy bireýýämden belli, emma biz işlejek bolsak, ýokardan näme diýseler etmeli bolýarys diýip, döwlet TW-siniň bir işgäri anonimlik şertinde pikirini paýlaşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.