“Talyban” Owganystanda doly diýen ýaly gözegçiligi ele geçirenden bir hepde soň, onuň liderleri özleriniň ähli taraplary öz içine alýan syýasy ulgama garaýandyklary barada hem-de ýurduň ýene bir gezek terrorçylaryň ojagyna öwrülmegine rugsat bermejekdikleri dogrusynda halkara jemgyýetçiligini ynandyrmak isleýärler.
Ýöne yslamçy toparyň giň legitimlik gazanmak synanyşyklary möhüm päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar, az sanly Günbatar ýurdy “Talybanyň” 1996-2001-nji ýyllar aralygyndaky dolandyryşyna meňzemegi ahmal hökümetini ykrar etmäge isleg bildirýän ýaly.
Ýöne Pakistan, Eýran, Russiýa we Hytaý täze hökümet bilen işlemäge taýýar ýaly bolup görünýär. Bu, “Talybanyň” ýene bir gezek halkara derejesinde gyrakladylmagynyň öňüni alyp biler. Onuň öňki hökümeti diňe goňşy Pakistan, galyberse-de, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan ykrar edilipdi.
Günbatar liderleri “Talybany” ykrar etmeklige onuň özüni alyp barşyny jylawlamak üçin höweslendirme hökmünde çemeleşýärler, ýöne ykdysady çykdajylar ýokarlanýar. ABŞ hökümeti Owganystanyň merkezi bankynyň milliardlarça dollar ätiýaç serişdelerini doňdurdy. Halkara pul gaznasy Kabula iberilmeli 450 million dollar möçberindäki maliýe ýardamyny saklajakdygyny mälim etdi.
“Talyban” ýa-da onuň ýolbaşçylary halkara ýardamyň ähmiýetine we munuň düýbünden zerurdygyna doly düşünýär. Şeýle-de, olar “Talyban” režimi halkara derejesinde legitimlik gazanmasa, ýardam iberilmejekdigini bilýärler” diýip, Londonyň “Chatham House” aň-düşünje guramasynyň ylmy işgäri Hamid Hakimi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Gandhara” neşirine gürrüň berdi. “Talyban” halkara derejesinde ykrar edilmäge örän uly isleg bildirýär, sebäbi olar özleriniň halkara abraýyny artdyrmak isleýär” diýip, ol aýtdy.
Owganystanyň Pakistandaky we Hytaýdaky ozalky ilçisi Janan Musazai munuň bilen ylalaşýar.
Degişli maglumat Owganystandaky başagaýlyklar Merkezi Aziýa geçýär“Talyban özleriniň geçmişde hata iş edendiklerini we bu ýalňyşlardan sapak alandyklaryny hem-de häzir şol ýalňyşlary gaýtalamazlyk üçin çäre görmek isleýändiklerini aýdyň mälim etdiler” diýip, ol aýtdy. “Şol ýalňyşlyklaryň biri hem, olaryň ýurdy halkara jemgyýetjiligini ýigrendirjek usul bilen dolandyrmagy boldy. Bu bolsa, olary halkara derejesinde ykrar edilmekden mahrum etdi” diýip, öňki ilçi aýtdy.
Musazai “Talybanyň” wadalar bilen halkara ykrarnama gazanyp bilmejekdigini sözüne goşdy.
Gowy ýaglanan "abraý" enjamy
"Olar Owganystanyň baý köpdürlüligine, ähli etniki we dil toparlaryna wekilçilik etjek "öz içine alyjy wekilçilikli yslam hökümeti" atlandyrýanyny döretmäge özleriniň ygrarlydyklaryny görkezmeli" diýip, ilçi aýtdy.
“Talybanyň” gowy ýaglanan “abraý enjamy” bu maksada gulluk edýär.
“Biz ähli taraplary öz içine alyjy hökümeti gurmak ugrunda tagalla edýäris – bu diýmeklik, biz häkimiýetde monopoliýa islemeýäris” diýip, “Talybanyň” metbugat sekretary Suhail Şahin TRT World telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. Şol wagtlar “Talyban” liderleri ýokary derejeli syýasy liderler, şol sanda ozalky prezident Hamid Karzai hem-de Owganystanda ýaňy-ýakynda işden çetledilen hökümetiň milli ylalaşyk komissiýasynyň başlygy Abdullah Abdullah bilen gepleşik geçirýärdi.
“Talyban” harby gullukçylar üçin hem-de hökümetde işlän ähli adamlar üçin umumy günä geçişlik yglan etdi we şu wagta çenli öňki ýokary derejeli resmileri ýa-da beýleki garşydaşlaryny nyşana almakdan köplenç saklanyp gelýär.
“Biz ähli etniki toparlardan bolan owganystanlylaryň birleşmegini hem-de olaryň hökümetiň bir bölegi bolmagyny isleýäris. Daşary ýurt güýçleri terk edenden soň, indi Owganystany gurmagyň wagty geldi” diýip, Şahin sözüniň üstüni ýetirdi.
“Size biziň topraklarymyzda ýaşaýan hiç kim zyýan ýetirmez” diýip, “Talybanyň” sözçüsi Zabiullah Mujahid aýtdy. Ol yslamçy jeňçi toparyň Owganystanyň terrorçy ojagyna öwrülmegine rugsat bermejekdigini gaýtalady.
Edil beýleki “Talyban” liderleri ýaly Mujahid hem ýigrimi ýyllyk bukudan çykdy. Ol bir tarapdan, Owganystanyň garaşsyz media serişdelerine jeňçileriň “aýallaryň işlemegine yslam ýörelgelerine laýyklykda rugsat bermäge taýýardygyny” aýtmak bilen meşgul bolýardy, beýleki tarapdan “Talybanyň” amala aşyrýan müňlerçe hüjüme jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny mälim edýärdi.
Ýöne “Talyban” paýtagt Kabuly ele geçirenden bary-ýogy bir hepde soň, halkara jemgyýetçiligi ony barha köp göz astyna alýar.
“Barlyk krizisi”
Owganystandan çekilmek barada beren karary sebäpli hem-de bu kararyň pes ýerine ýetirilendigi üçin tankyt edilýän ABŞ prezidenti Jo Baýden “Talybana” ykrarnama we legitimlik gazanmagyň öwezine kyn şertleri kabul etdirmek üçin Waşingtonyň Günbatar ýaranlary bilen oňa basyş etmek ugrunda tagalla edýändigini aýtdy.
"Bu olaryň aýal-gyzlara hem-de öz raýatlaryna nä derejede oňat çemeleşmekleriniň esasynda ýardam alyp-almajakdyklaryna bagly bolar” diýip, Baýden 20-nji awgustda aýtdy.
Haz ozal, ol “Talybanyň” legitim hökümet hökmünde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi isläp-islemezlik babatynda "barlyk krizisini" başdan geçirýändigini aýtdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Ýöne “Talybanyň” “adam hukuklaryny bozmagy” hem-de onuň transmilli jeňçi toparlar bilen mümkin bolan ilteşigi, habar berilmegine görä, Britaniýany şu hepde geçirilen “Ýediler toparynyň” sammitinde sanksiýa girizilmegini talap etmäge iterdi.
“Islendik ýurduň Kabuldaky islendik täze režimi wagtyndan öň ýa-da ikitaraplaýyn esasda ykrar etmegi ýalňyş bolar” diýip, Birleşen Şalygyň premýer-ministri Boris Jonson geçen hepde aýtdy. “Owganystanyň geljegi barada alada edýän ýurtlar täze režimi ykrar edip-etmezlik, ýa-da ony haýsy şert bilen ykrar etmeklik barada bilelikde karara gelmezden öň, onuň özüni alyp barşy boýunça umumy şertleriň üstünde işleýär” diýip, ol aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň liderleri “Talyban” bilen ýüzleý gatnaşykda galýar, ýöne ony ykrar etmekden saklanýar.
“Talyban uruşda ýeňdi, şonuň üçin biz olar bilen gepleşmeli” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Josep Borrell 17-nji awgustda aýtdy. “Gumanitar betbagtçylygyň hem-de mümkin bolan migrasiýa pajygasynyň öňüni almak üçin zerur bolan badyna dialoga girişmek maksady bilen” diýip, ol sözüne goşdy.
Ýaponiýa, Awstraliýa we beýleki ýaranlar bilen bir hatarda Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Owganystanyň öňde baryjy donorlarydy. Olaryň ykdysady we ynsanperwer ýardamlary ykdysady krizisiň öňüni almak üçin möhüm bolar.
Ýöne Hakimi “Talyban” liderleriniň BMG-niň sanksiýa sanawynda bolmagynyň hem-de ýurduň aktiwleriniň doňdurylmagynyň topary kyn güne goýýandygyny aýtdy.
“Talybanyň legitimlik gazanmagy üçin hem-de ýurdy dolandyrmak ukybyna eýe bolmagy üçin, olar ykdysadyýetden we dolandyryş ulgamyndan baş çykarýandyklaryny görkezmeli” diýip, ol aýtdy.
“Ýadyňyzda bolsa, owgan hökümeti ýurduň iň iri iş üpjünçisidir, eger-de ol häzir gadaganlyga alnan bolsa, bu ýerde ýüzlerçe müň maşgalanyň täsirlenendigi barada gürrüň barýar” diýip, ol Hakimi sözüne goşdy. “Günbatar [ýardamlara] “Talybana” garşy täsir ediş güýji hökmünde garaýar. Olar “Talybanda” näçe gowşaklyk görseler, şonça-da, “Talybanyň” özüni alyp barşyny üýtgetmek üçin, ýardam ibermäge islegsiz bolarlar” diýip, ol aýtdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Muňa garamazdan, Owganystanyň täsirli goňşulary - Pakistan we Eýran - hem-de Hytaý we Russiýa ýaly global güýçler başgaça çemeleşýär. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda “Talyban” Owganystanda ornaşýan mahaly, Günbatar diplomatlary ýurdy terk etdi ýöne bu ýurtlar welin Owganystandaky ilçihanalaryny ýapmady.
Hereketiň ýolbaşçylaryny myhman alan we ýigrimi ýyl bäri gozgalaňa maliýe kömegini beren Pakistan “Talyban” hökümetini ykrar etmäge höwesli.
"Gandhara” neşiri bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan Yslamabatdaky ýokary derejeli syýasatçylar Pakistanyň täsirli harby liderleriniň ýurduň syýasy partiýalaryna hökümetden “Talyban” administrasiýasyny ykrar etmegi talap etmelidigini aýdandygyny gürrüň berdiler. Olar özlerinden ar alynmak ähtimallygy sebäpli atlandyrylmazlygy haýyş etdiler.
Ýöne, köpçüligiň öňünde, Yslamabat “Talybany” ykrar etmekde sebitleýin we halkara ylalaşyga çagyryp gelýär.
“Biz sebitde we halkara derejesinde dostlarymyz bilen aragatnaşyk saklaýarys we muňa laýyklykda karar kabul ederis” diýip, Pakistanyň maglumat ministri Fawad Çaudry öz hökümetiniň “Talybany” ykrar etmezden öň ylalaşyga gelmek boýunça alyp barýan tagallalary barada gürrüň berdi.
Hytaýyň “Talyban” hökümeti resmi taýdan yglan edilende ony ykrar etmäge taýýardygy habar berilýär.
Degişli maglumat “Talyban” öz wekiliýetiniň Pekin resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin Hytaýa barandygyny aýdýar“Biz ýurtda durnukly parahatçylygyň düýbüni tutmak üçin, Owgan Talybany Owganystanda ähli fraksiýalar we etniki toparlar bilen raýdaşlyk gurup, milli reallyklara gabat gelýän inklýuziw we umumy syýasy struktura döreder diýip umyt edýäris” diýip, Hytaýyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hua Çunýin 16-njy awgustda žurnalistlere aýtdy.
Soňky aýlarda Pekin uýgur separatist topary bolan Gündogar Türkistan yslam hereketine garşy göreşmegiň öwezine geljekki owgan hökümetini maýa goýum taslamalary bilen goldajakdygyny mälim etdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin welin Kremliň “Talyban” hökümetini ykrar etjekdigini jemgyýetçilige açyk görnüşde mälim etdi.
Degişli maglumat "Talybanyň" häkimiýet başyna gelmegi heşelle kakýan Moskwa üçin täze oňaýsyzlyklary döredýär“Talyban indi [Owganystanyň] tas ähli territoriýalaryna, şol sanda paýtagta gözegçilik edýär. Bu hakykat we biz owgan döwletiniň dargamagynyň öňüni almaga synanyşanymyzda bu hakykatdan ugur almaly” diýip, ol 20-nji awgustda žurnalistlere aýtdy. “Daşarky gymmatlyklary başgalara jogapkärçiliksiz dakmak syýasatynyň soňuna çykmak zerurdyr” diýip, Putin belledi.
Edil Hytaý we Russiýa ýaly Eýran hem “Talyban” bilen gatnaşyklary köpýyllyklaryň dowamynda ösdürdi we onuň häkimiýete dolanmagyna umyt bilen garaýar.
“Harby ýeňliş we ABŞ-nyň Owganystandan çekilmegi bu ýurtda durmuşyň, howpsuzlygyň we durnukly parahatçylygyň täzeden dikeldilmegine pursat döreder” diýip, Eýranyň täze prezidenti Ebrahim Raisi wezipeden gidip barýan daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarife 16-njy awgustda aýdypdyr.
Hamid Hakiminiň sözlerine görä, daşarky we içerki basyşlar bilen bir hatarda "Talybanyň" hereketleriniň onuň häkimiýeti güýç bilen basyp alýan aşa radikal topar keşbini üýtgetmek hyjuwyndan höweslenýän bolmagy mümkin.
“Soňky 20 ýyl bäri dünýä “Talybanyň” hereketlerini ýakyndan synlady we talybanlar bu ýükden habarly” diýip, ol aýtdy. “Olar häzir şol keşbi arassalamaga örän höwesli”
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.