Kataryň paýtagty Doha şäherinde Owganystanda parahatçylyk we dürli platformalar bilen barlyşyk barada üç gün dowam eden intensiw gepleşikler “Talybany” we Kabul hökümetini ynamy berkitmäge, syýasy çözgüt tapmak tagallalaryny çaltlandyrmaga we iki tarapyň hem derhal ok atmagy bes etmegine çagyrdy diýip, Pakistanyň metbugaty habar berýär.
“Üçlük goşmak” ýygnagy tamamlanandan soň çap edilen jarnamada sebit ýurtlarynyň Owganystan boýunça wekilleriniň, şeýle-de ABŞ, Türkiýe, Hindistan, Germaniýa, Katar, Özbegistan, Türkmenistan we Täjigistan, BMG, ÝB wekilleriniň Doha şäherinde Owganystanyň içindäki gepleşikleriň ýagdaýyna baha bermek üçin duşuşyp, iki gepleşik topary bilen häzirki kynçylyklar we mümkinçilikler barada maslahatlaşandygy, halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylyk prosesiniň üstünlikli bolmagy üçin goşup biljek goşantlary barada pikir alyşandyklary aýdylýar.
"Gatnaşyjylar welaýat paýtagtlaryna we Owganystandaky beýleki şäherlere garşy edilýän zorlugy we hüjümleri duruzmaga çagyrdylar" diýip, bilelikdäki jarnamada bellenýär.
Degişli maglumat Türkmenistan "Talybanyň” wekilleri bilen duşuşyp, “ikitaraplaýyn gatnaşyklary” maslahat etdiMundan başga, gatnaşyjylar iki tarapy hem syýasy ylalaşyga, ähli taraplary içine alýan dolandyryş ýörelgelerine eýermäge, adam hukuklaryna, aýallaryň we azlyklaryň hukuklaryna hormat goýmaga, hiç bir toparyň owgan topraklaryny beýleki ýurtlaryň howpsuzlygyna wehim salmak üçin ulanmagyna ýol bermezlige, Halkara kanunçylygyny we Ynsanperwer kanunçylygy sylamaga çagyrdy.
Şeýle-de, duşuşyga gatnaşanlar Owganystanyň çar künjeginden eşidilýän zorluk habarlaryndan, pida bolýan asuda adamlaryň sanynyň köpelmeginden, sudsuz jeza berlip öldürilýän adamlar, giň ýaýran hukuk bozulmalar, welaýat merkezlerine we beýleki şäherelere edilýän hüjümler, abadançylyk ýagdaýlarynyň bozulmagy we ýaraşyk ýagdaýlaryny kynlaşdyrýan beýleki ýykgynçylyklar baradaky maglumatlardan alada bildirdiler.
Hususan-da, bilelikdäki jarnamada duşuşyga gatnaşyjylar özleriniň Kabulda harby güýç ulanmak arkaly häkimiýet başyna geçen hiç bir hökümeti ykrar etmejekdiklerini tassykladylar we, ak ýürekden geçirilen gepleşikler arkaly uzagyndan saklanjak daýanykly syýasy çözgüt tapylan ýagdaýynda, Owganystanyň täzeden gurulmagyna kömek berjekdiklerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasy şu gün bu gepleşiklere daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasynyň hem gatnaşýandygyny habar berdi.
Azatlyk öň resmi Aşgabadyň bu hili habarlary ýaşyrýandygyny habar beripdi.
Has anygy, türkmen hökümeti soňky aýlaryň dowamynda “Talyban” bilen geçirilen azyndan üçünji duşuşyk barada hiç bir resmi habar bermedi. Ýöne gepleşikler baradaky maglumatlary "Talybanyň" sözçüsi tassyk etdi.
“Molla Abdul Gani Baradar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri, şeýle-de Özbegistanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen gepleşik geçirdi. Onuň dowamynda regiondaky möhüm meseleler, Owganystandaky ýagdaýlar barada gürrüň edildi” diýip, “Talybanyñ” metbugat wekili Zabyhulla Mujahit 12-nji awgustda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Ol baş türkmen diplomatynyň orunbasary Wepa Hajyýew bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda “iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçilikleriniň” maslahat edilendigini aýtdy.
Türkmen DIM-i şu günki habarynda Doha şäherine sapar edýän türkmen wekiliýetiniň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyk geçirendigini hem tassyk etdi, ýöne başga jikme-jiklikleri açmady.