Mary mejbury arassaçylyk işlerini geçirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar

Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary şäherinde köpçülikleýin ýowar geçirilýär. Bu ýowara jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, býujetçiler mejbury çekilýär. Edara ýolbaşçylary bu ýowaryň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Marydaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýowaryň çäginde köçelerde we ekin meýdanlarynda arassaçylyk hem-de abatlaýyş işleri geçirilýär, jaýlaryň üçekleri ýaşyl reňke boýalýar. Hatardan çykan ýollara täze asfalt düşelýär we yşyklandyryş çyralary çalşyrylýar.

Bu işlere her bir edara-kärhanadan, işgärleriň sanyna görä, 10-15 adam mejbury gatnaşdyrylýar. Olar bilen bir hatarda, şäheriň jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri doly depginde arassaçylyk işlerini geçirýärler.

Degişli maglumat “Awaza” ýerli syýahatçylary sebitden kowup, halkara çärelere taýýarlyk görýär

Maryda howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan aşýan şu günlerde býujet we jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri irden sagat 7-den agşam sagat 7-ä çenli, tutuş gün Günüň aşagynda işlemäge mejbur bolýarlar.

"Işgärlere günortan bir sagat dynç almaga we naharlanmaga rugsat berýärler" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Sülgün diýlip tutulmagyny soran bir býujet işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Arassaçylyk hem-de abatlaýyş işleri Mary şäheriniň aeroportundan Aşgabada gidilýän awtoýoluň ugrunda ýerleşýän Ak öýe çenli aralykda geçirilýär. Bellesek, aeroport Marynyň demirgazygynda, Ak öý bolsa günortasynda ýerleşip, olaryň arasy tas 25 kilometre ýetýär.

Bu arassaçylyk işleriniň sebäpleri barada häkimiýetler tarapyndan hiç hili resmi düşündiriş berilmeýär. Ýöne habarçymyz bilen anonim şertde söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň birnäçesiniň aýtmagyna görä, edara ýolbaşçylary bu ýowaryň prezidentiň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

"Ýolbaşçylar prezidentiň awgust aýynyň 17-20-si aralygynda Mary welaýatyna sapar etmegine garaşylýandygyny aýdýarlar. Şonuň üçin şäheriň bir ujundan, beýleki çetine çenli arassalap abatlamaly, sebäbi bu ýoldan prezident geçmeli diýýärler" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan maryly býujet işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Prezidentiň geçmegine garaşylýan ýoluň ugrunda, arassaçylyk we abatlaýyş işlerinden başga-da, jaýlaryň boýaglary täzelenýär. Binalaryň köpüsi reňklenip, boýag işleri býujet işgärleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

"Işgärler diňe jaýlary boýaman, olaryň boýaglary üçin hem pul bermeli boldular. Bu boýaglary satyn almak üçin býujet işgärleriniň her birinden 100 manatdan pul ýygnadylar" diýip, maryly býujet işgäri aýtdy.

Degişli maglumat Berdimuhamedowyň Balkana gelmegine garaşylýar

Mundan başga-da, ýerli resmiler bu ýoluň ugrundaky dükanlaryň bezeglerini we suratlaryny hem aýyrdýarlar. Şeýle-de, olar telekeçilerden dükanlaryň içi görünmez ýaly penjirelere žalýuz dakmagy talap edýärler.

Habarçymyz prezidentiň welaýata etjek saparynyň çäginde Ýolöten etrabyna hem baryp görmegine garaşylýandygyny aýdýar. Şol sebäpli bu etrabyň hem käbir ýerlerinde arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär. Ýol ugrundaky potrat ýerleri arassalanýar, etrapdaky edara-kärhanalaryň üçekleri ýaşyl reňke boýalýar.

Azatlyk sebitde geçirilýän köpçülikleýin ýowar, döwlet baştutanynyň welaýata etmegine garaşylýan sapary we onuň anyk senesi barada Marynyň häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Bu barada döwlet metbugatynda hem häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär.

Ýöne Türkmenistanda adatça prezidentiň ýurduň sebitlerine edýän saparynyň öňüsyrasynda welaýat merkezlerinde adatdan daşary arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilip, döwlet baştutanynyň saparyna berk taýýarlyk görülýär. Bu işlere jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri mejbury çekilýär.

Türkmen prezidenti soňky sapar 21-nji iýulda Daşoguz we şol aýyň ahyrynda Balkan welaýatlarynda iş saparynda boldy. Berdimuhamedow Daşoguzda täze ýaşaýyş toplumynyň hem-de “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşyp, Balkanda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Degişli maglumat Berdimuhamedowyň sapary Türkmenabadyň adaty durmuşyny togtatdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.