Aşgabatda COVID-19 alamatly keselçilik bilen keselleýänler, ýokanç keseller hassahanasynda näsaglar köpelýär

Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-yň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almaýan mahaly, Aşgabatda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänler we ýokanç keseller hassahanasynda näsaglar köpelýär. Indi bu keselçilik pozitiw netije görkezen raýatlaryň beýleki maşgala agzalaryna ýaýraýar. Bu habarlaryň fonunda paýtagtda 1-nji sentýabrdan giň gerimli karantin çäreleriniň güýje giriziljekdigi barada ilat arasynda gürrüňler ýaýraýar. Bu aralykda, geçen hepde Daşoguzdan Aşgabada gelen otluda COVID-19 resminamalary bolmadyk onlarça ýolagçy bir gije-gündizläp suwsuz we naharsyz saklandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

Adynyň efirde atlandyrylmazlygyny soran bir saglyk işgäriniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, test edilende pozitiw netije görkezen raýatlaryň daş-töweregindäki adamlarda COVID-19 keselçiligi köpelýär.

"Indi wirus bu raýatlaryň beýleki maşgala agzalaryna ýaýraýar. Olar tutuş maşgala bolup keselleýärler. Bu ýagdaýa 11-nji Saglyk öýüne degişli "elitnyý" jaýlaryň ýaşaýjylarynyň köpüsinde synlasa bolýar. Indi tiz kömek ulagy çagyrylanda, diňe näsaga däl, eýse onuň bilen bir jaýda ýaşaýan beýleki raýatlara hem test edilýär" diýip, agzalýan Saglyk öýüniň işgäri şeýle ýagdaýlara paýtagtyň 8,9,10-njy Saglyk öýlerine degişli etrapçalarda hem duş gelse bolýandygyny belleýär.

Degişli maglumat Lebapda otly we uçar gatnawlary togtadyldy, hususy taksileriň nyrhy tas iki esse gymmatlady

Şeýle-de, habarçymyz Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirilýän näsaglaryň köpelip başlandygyny hem aýdýar.

"Soňky iki hepdä çenli bu keselhanada näsaglar üçin ep-esli ýer bardy. Ýöne häzirki wagt bu keselhana koronawirus bilen keselleýän näsaglardan dolup başlady" diýip, bu ýerde işleýän saglyk işgärleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada agzalýan Saglyk öýlerinden we paýtagtyň ýokanç keseller hassahanasyndan goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermeýär.

Bu aralykda, habarçymyz şu günler paýtagtda 1-nji sentýabrdan giň gerimli karantin çäreleriniň güýje giriziljekdigi barada ilat arasynda gürrüňleriň ýaýraýandygyny habar berýär.

Onuň sözlerine görä, bu barada häkimiýetler tarapyndan resmi maglumat berilmeýär. Ýöne döwlet edaralarynda işleýän býujet işgärleriniň ençemesi bu barada edara ýolbaşçylary derejesinde gürrüň edilýändigini, şol bir wagtda anyk bir zadyň ýokdugyny aýdýarlar.

Bu habarlaryň arasynda, paýtagtly gurply maşgalalar sentýabr aýynda geçirmegi planlaşdyran toý-tomgy çärelerini awgust aýyna süýşürmäge çalyşýarlar. Olar toý mekanlarynda we restoranlarda boş ýer tapmaga synanyşýarlar. Habarçymyz bu ýagdaýyň toý mekanlaryň we restoranlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna getirendgini hem belleýär.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri Türkmenistanyň çäginde koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba alman, ýurtda bu wirusyň ýokdugyny tekrarlap gelýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçylary gyş paslynda birneme köşeşen koronawirus alamatly keselçiligiň şu ýylyň maý aýynda gaýtadan güýçlenip başlandygy we ondan ölýänleriň görnetin köpelendigi barada maglumat berýärler.

Bu maglumatlaryň arasynda türkmen häkimiýetleri şu ýylyň aprel aýynda ýeňilleşdirilen hereket çäklendirmelerini gaýtadan güýje girizip, keseliň ýaýramagyna garşy pugtalandyrylan ätiýaçlyk çärelerine gözegçiligi güýçlendirdiler.

Degişli maglumat Maryda wirusyň ýaýramagyna garşy hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirildi

Munuň bilen bir wagtda, ýurduň bir sebitinden beýleki bir sebitine sapar etmek isleýän raýatlardan talap edilýän resminamalaryň göwrümi giňeldildi we olary almak düzgünleri çylşyrymlaşdyryldy.

Olaryň arasynda COVID-19 negatiw test netijesi, Ýaşaýyş jaý dolandyryş edarasyndan alnan resminama we iş sapary bilen barýandygy barada kepilnama ýaly dokumentler bar.

Bu aralykda, paýtagtdaky habarçymyz geçen hepde Daşoguzdan Aşgabada gelen otluda COVID-19 resminamalary bolmadyk onlarça ýolagçynyň saklanandygyny habar berýär. Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli otly gatnawynyň anyk wagtyny mälim etmeýär.

Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň wokzalynda saklanan ýolagçylar bir gije-gündizläp, suwsuz we naharsyz, otlynyň bir wagonynda saklandy. Ýolagçylar öz ýanlary bilen getiren azyk önümleri bilen oňmaly boldular.

"Ýolagçylarda koronawirus testini geçirdiler. Test netijesi pozitiw bolan ýolagçylary keselhana ýerleşdirdiler, galanlaryny goýberdiler" diýip, wakadan habarly bir ýolagçy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýolagçylar bir sebitden beýleki sebite sapar etmek üçin zerur bolan resminamalaryň köplenç diňe resmi iş sapary bilen sapar edýänlere berilýändigi sebäpli olary almagyň kyndygyny aýdýarlar.

Şol sebäpli, ýolagçylaryň sözlerine görä, paýtagtdaky dürli hususy firmalarda ýa-da gurluşyklarda resminamasyz işlemäge gelýän raýatlar otly prowodniklerine para berip, otla münýärler.

"Işsizlikden kösenýän, güzeran eklemäge synanyşýan adamlar Aşgabada aşmaga we bu ýerde işläp, gazanç etmäge çalyşýar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Pena diýlip tutulmagyny soran daşoguzly ýolagçy aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Aşgabadyň demirýol wokzalyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.