1-nji awgustda öýlän sagat 4-de onlarça türkmen migranty Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoritar syýasatyna garşy protest aksiýasyny geçirmäge synanyşdy. Aktiwistlere görä, protestçiler "türkmen režiminiň hakyna tutma tarapdarlarynyň" hüjümine duçar boldy. Bir aktiwistiň gapyrgasyna şikes ýetdi, ýene bir aktiwist elinden we garnyndan pyçak bilen ýaralandy. Şikes alan üçünji aktiwistiň ýagdaýy derňelýär.
Düýbi Bolgariýada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen Helsinki fondy” bu protest aksiýasy boýunça beýanat çap etdi.
Beýanata görä, türkmen migrantlary konsulhananyň öňünde protest geçirmek üçin öňünden türk häkimiýetlerinden rugsat alypdyr, ýöne iň soňky pursatda olardan Stambulyň şäher häkimliginden hem goşmaça rugsat almak talap edilipdir.
Degişli maglumat Türkmen aktiwistlerini yzarlamagy ‘bes etmeli’Maglumata görä, konsulhananyň işgärleriniň çakylygy boýunça protestiň geçirilýän ýerine baran türk polisiýasy ýygnananlardan on adamy tussag etdi. Olaryň ählisi deportasiýa merkezine alnyp gidildi. Tussag edilenlerden üç adam özleriniň şahsyýetini anyklaýan resminama görkezip bilmändir.
Beýanata görä, Jumasapar Dädebaýew, 35, Nurmuhammet Annaýew, 40, Serdar Hojapenesow, 46, Enejan Salyhowa, 49, Kamil Abdulow, 35, Halnazar Gaýypow, 29, Gadam Täçnazarow, 37, Gowşut Orazkuliýew, 30, Nargiza Mätýusupowa, 31, Döwran Annaýew, 36, dagylar türk polisiýasy tarapyndan tussag edildi.
Bu aralykda, türkmen režiminiň hakyna tutma tarapdarlary iki awtoulagda ýygnananlaryň üstüne topulyp, protestçilerden birini ýençýär. Bu protestçi hüjümlerde saglygyna zyýan ýeten üç aktiwistiň biridir.
Soňra hakyna tutma režim tarapdarlary konsulhananyň girişinde blogçy Farhad Durdyýewi aldaw ýoly bilen öz ulaglaryna mündürip, ony konsulhananyň işgärlerine eltip beripdirler.
Beýanata görä, Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň işgärleri Durdyýewi konsulhananyň binasynda birnäçe sagatlap bikanun saklapdyrlar. Galyberse-de, blogçynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň sekiz töweregi işgäri oňa psihiki basyş görkezipdirler. Soňra türkmen diplomatlary aktiwistden wideokameranyň öňüne geçip, “Arkadagdan” ötünç soramagy talap edipdirler. Bu talaby ret eden aktiwist wekilhananyň bäş işgäri, şol sanda üç diplomat tarapyndan urlup ýenjilipdir.
Konsulhananyň öňüne ýygnananlaryň hem-de bir türk polisiýa işgäriniň gatyşmagy bilen Farhad Durdyýew konsulhana binasyndan çykarylýar. Beýanata görä, lukmanlar Durdyýewiň gapyrgasynyň döwülendigini çaklaýar.
Degişli maglumat Syn: Türkmenistandaky netijesiz häkimiýet ilaty proteste itekleýärHakyna tutma režim tarapdarlarynyň hüjüminden soň, aktiwistler dargap başlaýar. Ýöne režim tarapdarlary ýygnananlaryň arasynda hüjümi ýazgy eden Azat Mämmedowy kowalap, onuň el telefonyny zor bilen elinden almaga synanyşýarlar. Muňa garşy çykan Mämmedow hakyna tutma adamlar tarapyndan ýenjilýär. Maglumata görä, hüjümçileriň biriniň elinde pyçak bar ekeni. Ýakalaşykda aktiwist sag elinden we garnyndan birnäçe gezek pyçak bilen ýaralanypdyr. Soňra hüjümçiler aktiwisti ulaglaryna mündürip, şäheriň çetine eltip taşlapdyrlar we onuň el telefonyny hem-de 300 dollar möçberinde pul serişdesini elinden zor bilen alypdyrlar.
Azat Mämmedow bu waka bilen bagly häkimiýetlere şikaýat etmek üçin Stambulda bir polisiýa edarasyna barýar, ýöne ol ýerde şahsyýeti näbelli türkmenistanlylar aktiwistiň häkimiýetlere şikaýat bildirmegine böwet bolýar.
“Türkmen Helsinki fondy” häzirki wagtda ejir çeken iki aktiwistiň howpsuz ýerdedigini aýdýar.
2020-nji ýylyň maýyndan bäri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar türkmen režiminiň eden-etdiligine, ýurtda ynsan hukuklarynyň depelenmegine we beýleki meselelere garşylyk bildirip Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we ABŞ-da protest aksiýalaryny geçirdiler.
Stambulda synanyşyk edilen protest aksiýasyna gatnaşyjylaryň biri, DWT oppozisiýa hereketiniň lideri Myrat Gurbanow 2-nji awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda meýilleşdirilen mitingiň hakyna tutma režim tarapdarlary tarapyndan prowakasiýa edilendigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, türkmen migrantlary Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde dürli talaplar bilen çykyş etmegi planlaşdyran ekeni.
“1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky baş konsulhanasynyň öňünde ýörite gurnalan protest bolmalydy. Oňa ýeterlik rugsat alyndy” diýip, Gurbanow aýtdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Ýöne Gurbanow türkmen wekilhanasynyň işgärleriniň şikaýaty boýunça proteste ýygnananlaryň türk häkimiýetleri tarapyndan dargadylandygyny gürrüň berdi:
“Ýöne her wagt bolşy ýaly, Türkmenistanyň Stambuldaky baş konsulhanasy biziň üstümizden arza ýazyp, ‘ine, terrorçylar gelýär, bizi öldürjek bolýar, goraň bizi’ diýip, ýörite polisiýa çagyryp, şol ýerde ‘oblawa’ etdirip, adamlary tutdurdy” diýip, Gurbanow aýtdy.
“Türkmen Helsinki fondy” şaýatlara salgylanyp, 50-100 töweregi adamyň kiçi toparlara bölünip, protest aksiýasyna gatnaşmak üçin türkmen konsulhanasynyň öňüne barandygyny aýtdy. DWT lideri Gurbanow öňi baglanan protest aksiýasyna “gaty kän” adamyň gatnaşandygyny aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu waka boýunça Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan kommentariýa alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.