Darganata etrabyndaky elektrik geçirijileriň dowamly hatardan çykmagy we ätiýaç şaýlarynyň bolmazlygy oba ýerlerindäki tok üpjünçiliginiň şu günler gündizlerine 6-8 sagatlap kesilmegine sebäp bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Gazojak şäherindäki elektrik geçiriji nokatdan Lebap, Darganata, Sakararyk, Başsaka oba daýhan birleşiklerinde ýaşaýan adamlara tok diňe agşam sagat 6-dan soň berilýär. Tok bolmasa, suw kynçylygy hem ulalýar, sebäbi suw geçiriji liniýalar işlemeýär, adamlar elektrik arkaly işleýän nasoslaryny ulanyp, öz hojalyklaryndaky guýularyndan çykarýan suwlaryny hem alyp bilmeýärler.
Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen Yslam aga öz obalaryndaky tok, gaz we agyz suwy meseleleriniň ýyl-ýyldan agyrlaşýandygyny gürrüň berdi.
“Adamlar barha kän geçen asyrlardaky ýaşaýyş, durmuş usullaryna dolanýar, bedreli suw daşap ýören çagalary, çaý-naharyny odun ýakyp taýýarlaýan aýallary indi geň görýän ýok; hajathana, ýuwunmak-ardynmak, suwa düşmek ýaly zerurlyklar hem indi 100 ozal ýaşap geçen adamlaryň ulanan usullary arkaly amala aşyrylýar. Bu ýagdaýda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, her dürli kesellerden, wiruslardan goranmak tasdan mümkin däl” diýip, Yslam aga Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Şol bir wagtda, ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünlik, işsizligiň ýokary bolmagy, oba hojalygyndan alynýan girdejileriň ýyl-ýyldan azalmagy netijesinde, arassa agyz suwuny satyn alyp bilýän adamlaryň sany gaty azaldy diýip, habarçy aýdýar.
Darganatada, derýanyň golaýdan geçmegi netijesinde, ýerasty suwlaryň derejesi ýokary galdy, islän ýeriňi gazsaň, 2-3 metrden ajy suw çykýar, bu ýagdaýda guýulardan arassa suw almak mümkinçiligi tasdan ýok. Köp adam derýanyň ýaplardan gelýän bulançak suwuny marly ýa hasa bilen süzüp, mümkin boldugyndan arassalap içýär. Ikinji tarapdan, kanalizasiýa, hapa suwlarynyň hem şol suwly ýaplara akdyrylýan ýa syzyp geçýän ýerleri az bolmaýar. Emma bu mesele umuman bilinse-de, uzak wagt bäri çözülmän gelýär diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Elektrik togunyň kesilmegi diňe agyz suwy kynçylygyny däl, gündelik azyk kynçylygyny hem ýokarlandyrýar, sebäbi tok bolmasa, sowadyjylarda saklanylýan azyk önümleri, et-ýag, süýt-gatyk hem zaýa bolýar, generatorlaryň bahasy bolsa, garyp düşen hojalyklaryň köpüsi üçin elýeterli däl, olar bazarda, arzan bolanda, 15 müň manat bahalanýar, bu gaty gymmat diýip, habarçy belledi.
Şu aralykda Aşgabatdan oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýyny barlamak üçin Lebaba bir topar barlagçy geldi.
Degişli maglumat Şaly ekilen meýdan köp, suw üstünde goh-galmagal turýarAýdylmagyna görä, olar gowaça meýdanlaryndaky we ekiş başlanmaly bugdaý ýerlerindäki suw ýetmezçiligine adamlaryň öz mellek ýerlerinde ekýän ekinleri, olar üçin alynýan suwuň köp bolmagy sebäp bolýar diýip pikir edýärler.
Türkmenistanda oba adamlary köplenç döwlet tabşyrygy esasynda pagta, bugdaý tabşyryp, maşgala eklär ýaly girdeji alyp bilmeýär we çeken zyýanlaryny esasan melleklerinde ekýän ekinleri, işikde saklaýan mallary bilen dolýar.
Emeldarlar bu ýagdaýy gaty gowy bilýär, emma olar ilkinji nobatda raýatlara, soňra döwlete uly zyýan ýetirip, hyýanatçylygy dowam etdirýär; mal üçin ot-iým bolmasa, häzirki krizis döwründe eti daşardan gyzyl pula getirseler, emeldarlar ogurlyk edip bilýär, şu sebäpden olara halkyň ekin ekip, mal saklap baýamagy, netijede döwletiň baýamagy gerek däl diýip, darganataly ýaşaýjy Azatlyga öz pikirini aýtdy.
Onuň pikiriçe, häzir ýerli emeldarlaryň ençeme gektar ýere ekilen giçki käşirleri sökdürmegi zyýankeşlikden başga hiç zat däl.
“Orsýetde we Gazagystanda käşiriň 1 kilogramy 2 dollardan satylýar, bu önümleri eksport edip, ýag, şeker ýaly önümleri köpräk import etseler, zyýan däl, peýda bolardy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy ýurtda dowam edýän zyýankeşligiň ahyr netijede türkmen döwletiniň doly dargamagyna alyp gelmeginden howatyr edýändigini aýtdy.
Türkmenistanda dowam edýän gün-güzeran kynçylyklarynyň çuňlaşmagy, gurak gelen ýylyň tomsundaky elektrik, suw ýetmezçiligi bilen, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, türkmen hökümetiniň netijesiz dolandyryş praktikasyndan el çekmezliginiň netijesi bolup durýar.
Degişli maglumat Garagumda kärende ýerlerine mekgejöwen eken daýhanlaryň ekinleri sökülýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.