Ýewropa parlamentiniň agzalary Türkmenistanda lukman Ismatullaýewanyň tussag edilmegine çuňňur alada beýan etdi

Ýewropa parlamentiniň guramalaşdyran “Merkezi Aziýa ýurtlarynda susdurmak praktikalary: Hukuk goraýjylaryň sesleri” wideoşekilli maslahatyna gatnaşyjylar

22-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň bäş agzasy Türkmenistanda lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilmegine çuňňur alada bildirip, beýan çap etdi.

Dört ýyl bäri öz hünär hukuklary ugrunda göreşip gelýän Ismatullaýewa geçen hepde ynsan hukuklarynyň Merkezi Aziýadaky ýagdaýy boýunça Ýewropa parlamentiniň geçiren onlaýn çäresinde öz işi gozgalandan soň häkimiýetler tarapyndan tussag edildi.

“Biz 2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň ýagdaýyna bagyşlap geçiren çärämiziň ertesi güni Hursanaý Ismatullaýewanyň Türkmenistanda tussag edilmegine çuňňur alada beýan edýäris, onuň işi ynsan hukuklaryny goraýjylar tarapyndan bu çärede gozgaldy" diýip, Brýusselde çap edilen beýanatda aýdylýar.

Lukman Ismatullaýewa Gökdepe şäherçesiniň “Ene mähri” merkezinden 2017-nji ýylda bikanun işden boşadylaly bäri, Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky problemalaryň üstüni açyp, adalatsyzlyga garşy göreşip gelýärdi diýip, beýanat aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda öz iş, hünär hukuklaryny talap edýän lukman näbelli tarapa alnyp gidildi

15-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň “Merkezi Aziýa ýurtlarynda susdurmak praktikalary: Hukuk goraýjylaryň sesleri” ady bilen geçiren wideoşekilli maslahatynda ozalky lukmanyň Türkmenistanda ýüzbe-ýüz bolýan adalatsyzlygy hukuk goraýjylar tarapyndan üns merkezine çekildi.

Munuň yz ýany, Türkmenistanda 16-njy iýulda raýat eşikli we polisiýa uniformaly adamlar Ismatullaýewany näbelli tarapa alyp gitdi.

21-nji iýulda ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy bu tussag etmä alada bildirdi we türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň tussag edilmeginiň sebäplerini hem-de onuň saklanýan ýerini aýan etmäge çagyrdy; ýogsam, bu tussag etmäniň halkara kanunçylykda agyr jenaýat hasaplanýan zor bilen ýitirim etmeler kategoriýasyna gabat gelýändigini aýtdy.

Şeýle-de, HRW Ýewropa Bileleşigini Türkmenistandan Ismatullaýewanyň boşadylmagyny talap etmäge çagyrdy.

Ýewropa parlamentiniň agzalary Ruži Tun, Pýatras Auştrýawiçýus, Izabel Santos, Heýdi Hautaly we Helmut Şols 22-nji iýulda Brýusselden çap eden beýanatlarynda türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewany dessine boşatmaga çagyrdylar.

“Biz lukman Ismatullaýewanyň soňky dört ýyl bäri duçar bolan adalatsyzlygyny we onuň bikanun tussag edilmegini iň agyr sözler bilen ýazgarýarys hem-de türkmen häkimiýetlerini ony derhal we şertsiz boşatmaga çagyrýarys” diýip, Ýewropa parlamentiniň bäş agzasy aýtdy.

Şeýle-de, parlamentiň agzalary türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň saklanýan ýeri barada maglumat bermäge, onuň tussag edilmeginiň sebäplerini aýan etmäge hem-de onuň “Ene mähri” merkezinden işden boşadylmagyny derňemäge, zor bilen ýitirim edilen günleri üçin oňa kompensasiýa tölemäge we Ismatullaýewanyň lukmançylyk hünärini päsgeçiliksiz ýerine ýetirmegini üpjün etmäge çagyrdy.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri aktiwist Myrat Düşemowy hem-de onuň inisini tussag etdi

22-nji iýulda Brýusselde Ismatullaýewanyň tussag edilmegi boýunça çuňňur alada beýan eden parlament agzalary 15-nji iýulda ynsan hukuklarynyň Merkezi Aziýadaky ýagdaýy boýunça geçirilen onlaýn maslahatyň guramaçylarydyr.

Bu aralykda, Ismatullaýewanyň Türkmenistanda “zor bilen ýitirim edilen” gabatlary, beýleki bir aktiwist, Myrat Düşemow Aşgabat – Daşoguz magistralynyň ugrunda dosty Juma Jumakaýew bilen wagtlaýyn tussag edildi, onuň inisi Alty Düşemow 16-njy iýulda häkimiýetler tarapyndan näbelli tarapa alnyp gidildi.

Myrat Düşemow hem-de onuň dosty Juma Jukamaýew gara ýol bilen awtoulagly Aşgabatdan Daşogza barýarkalar, 7-nji iýulda Ruhubelent etrabynyň ýol gözegçilik postunda polisiýa tarapyndan saklandy. Ýolagçylardan welaýatlaryň arasynda öz güýjünde galýan hereket düzgünlerine laýyklykda negatiw koronawirus test netijesiniň görkezilmegi talap edilenden birnäçe sagat soň, emele gelen ýagdaýa nägilelik bildiren Jumakaýewiň awtoulag bilen magistraly petiklemeginiň yz ýany, olar 15 gün möhlet bilen wagtlaýyn tussag edildiler.

Turkmen.news neşiri 15 gün tussaglykdan soň, Jumakaýewiň boşadylandygyny, ýöne Myrat Düşemowyň tussaghanada dörän bir dawa-jenjele, hamala, gatyşandygy sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Tankytçylar türkmen häkimiýetlerini ýurtda ynsan hukuklaryny gözgyny depelemekde, emelsizlikde, ýurtdaky ykdysady krizise çäre görüp bilmän, halky aç saklamakda, ilatyň iýmitlenmek hukugyny kanagatlandyryp bilmezlikde, global pandemiýa wagty Türkmenistanyň çäginde koronawirusy inkär edip, ilatyň sagdyn durmuşa bolan hukugyna howp abandyrmakda tankyt edýärler. Şol bir wagtyň özünde, hökümet tankytçylary häkimiýetleri ýurtda adalat talap etmäge milt edýän, ýa-da başgaça pikirlenýän adamlara basyş etmekde hem-de repressiýadan başga işi başarmazlykda tankyt edýärler.

Degişli maglumat Mätiýew: Türkmen režimi diňe sanksiýalaryň diline düşünýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.