Türkmenistanda ýol hadysasynda ölen harby gullukçylaryň sany 30-dan aşdy

Ýol hadysasyna harby kerwendäki KamAZ kysymly bir ulagyň tormozynda näsazlygyň döremegi sebäp bolupdyr. (Illýustrasiýa suraty)

Azatlyk Radiosyna Türkmenistanda heläk bolan 18 harby gullukçynyň ölüminiň jikme-jiklikleri barada käbir goşmaça maglumatlar gelip gowuşdy. Azatlygyň maglumatyna görä, merhumlaryň garyndaşlaryna aýdylyşy ýaly, köp sanly esgeriň we ofiseriň ölümine hakykatdan hem uly ýol hadysasy sebäp boldy. Şeýle hem, habarçylarymyz we çeşmelerimiz ölenleriň sanynyň 30-dan gowrak adama ýetendigini habar berdiler. Wakanyň bolan pursady 10-dan gowrak KamAZ kysymly ulagdan ybarat harby kerwen Bekrewedäki garnizona barýardy. Şu günler esgerler garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk paradyna taýýarlanýarlar. Harby gullukçylary alyp barýan harby kerwen "Halk hakydasy" atly ýadygärlikler toplumyndan gaýdyp gelýärdi.

Azatlygyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligine ýakyn bir çeşmesi häzirki wagtda ýol hadysasynda heläk bolanlaryň sanynyň 30 adamdan geçendigini habar berdi.

Köp sanly adam heläkçiligine sebäp bolan uly ýol hadysasy 18-nji iýulda Bekrewe şaýolunyň ugrunda boldy. Şol pursat esgerleriň kerweni "Halk hakydasy" ýädygärlikler toplumyndan gaýdyp gelýärdi. Olar bu ýerde Gurban baýramy mynasybetli gurnalan sadaka gatnaşypdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda 18 harby gullukçy öldi

“Şol gün (18-nji iýulda) Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylary, Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk çärelerine gatnaşýan esgerler üçin Gurban baýramy mynasybetli sadaka bermek kararyna geldiler. Sadaka "Halk hakydasy" toplumynda gurnaldy. Bu ýerde çäreleri geçirmek üçin uly zal bar. Esgerler günortanlyk naharyny edindiler we günortan sagat iki töweregi 10 çemesi KamAZ ýük ulagyndan ybarat harby kerwen garnizona tarap ýola düşdi. Ýadygärlikler toplumynyň ýerleşýän depesinden aşak inip barýarka, sekizinji awtoulagyň sürüjisi, tormozyň näsazlygy sebäpli ulagyň dolandyryşyny ýitirdi. Sekizinji KamAZ ýokary tizlik bilen öňdäki ulagy kakyp, ony ýoluň gyrasyna itekledi we ulaglar birnäçe gezek agdaryldy. Ulaglaryň ikisi hem agdarylany sebäpli olaryň ikisinde hem heläk bolanlar bar. Ýöne heläk bolanlaryň aglabasy sekizinji ulagdady" diýip, Goranmak ministrligine ýakyn çeşmämiz aýtdy.

Bu maglumaty, häzirki wagtda ölenleriň sanynyň 30-dan gowrakdygyny habar beren ýene bir çeşmämiz hem tassyklady. Başga-da 20-den gowrak adam agyr ýaralar bilen keselhana ýerleşdirildi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň Köpetdagyň eteginde, takmynan 100 metr belentlikde ýerleşýändigini bellediler. Olaryň sözlerine görä, Bekrewe şaýoly henizem ulag hereketine ýapyk bolmagynda galýar we ol ýerde abatlaýyş işleri alnyp barylýar.

Habarçylarymyzyň birine bu wakanyň şaýady bilen gürleşmek başartdy. Onuň sözlerine görä, heläkçilikden soň ýol "bomba hüjüminiň bolan ýerine" meňzeýärdi.

“Hemme ýerde adamlaryň jesetleriniň bölekleri we KamAZ-yň galyndylaryny görse bolýardy. Beýleki ulagdan harby gullukçylar ylgap geldiler. Ýöne hemmeleriň şok ýagdaýdadygyny görüp bolýardy. Harby serkerdeler wakanyň bolan ýerini gabamagy buýrup başladylar. Hemme ýerde gan bardy. Golaýda tiz kömek merkezi bar we şol ýerden gysga wagtda birnäçe ulag geldi. Takmynan 20 minut geçensoň, ýangyn söndüriji ulaglar gelip, asfaltdaky ganlary ýuwup başladylar" diýip, wakanyň şaýady gürrüň berdi.

Habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň maglumatlaryna görä, heläkçilik Bekrewe şaýolunyň Görogly köçesi bilen kesişýän ýerinden ortaça bir kilometr uzaklykda boldy.

Ölenleriň jesetleri gyssagly äkidildi. Çeşmelerimiziň biriniň sözlerine görä, merhumlaryň jesetleriniň köpüsi tanalmaz ýaly bolupdyr.

"Şonuň üçin jesetleri ýapyk tabytlarda garyndaşlaryna gowşurmak we olary açmazdan jaýlamak kararyna gelindi" diýip, çeşmämiz belledi.

Degişli maglumat Maryda esgerleri pisse ýygnamaga alyp barýan ulag gaýadan agdaryldy. Azyndan bäş türkmen esgeri öldi

Azatlygyň köp sanly adam heläkçiligine getiren uly ýol hadysasy barada goşmaça maglumat almak üçin Goranmak we Içeri işler ministrlikleri bilen yzygiderli habarlaşmak synanyşyklary hiç hili netije bermedi.

Azatlyk alty harby gullukçynyň jesediniň 18-nji iýul gijesinde Mary welaýatyndan Lebaba getirilip, hossarlaryna gowşurylandygyny 20-nji iýulda habar berdi. Şol sebäpli we merhumlaryň hossarlaryna tabytlary açmaga rugsat berilmändigi sebäpli Lebapdaky çeşmelerimiz Aşgabadyň golaýynda bolup geçen ýol heläkçiliginiň resmi düşündirişine şübhe bildiripdiler.

Ýöne Aşgabatdaky habarçylarymyz paýtagtdan Lebap welaýatyna barýan ýoluň Mary welaýatynyň çäginden geçýändigini bellediler. Mundan başga-da, çeşmelerimiziň sözlerine görä, merhumlaryň jesetlerini alyp barýan ulag kerweni ilki Marydaky harby bölüme barypdyr. Heläkçilikde ölen 10 çemesi adam Marydandy.

Şeýle-de, mundan ozal Azatlygyň çeşmeleri ölenleriň sanynyň 18 adama barabardygyny habar berdiler. Olaryň arasynda ofiserler hem bar.

Emma Türkmenistanyň Goranmak ministrligine ýakyn çeşmelerimiz ölenleriň sanynyň 30-dan gowrakdygyny, olaryň üçüsiniň ofiserler - maýor, kapitan we uly leýtenantdygyny tassyklaýar.

Mundan başga-da, çeşmeleriň sözlerine görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa şu wagta çenli 12 adamyň ölendigi habar berildi. Görnüşine görä, duşenbe güni Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna gitmegine garaşylýardy, ýöne oňa bu waka barada habar berlenden soň, ol syýahaty yza süýşürdi. Onuň bu ýerde "Ak öýüň" açylyşyna gatnaşmagyna garaşylýardy.

“Ýol hadysasynda ölenleriň sany 30 adamdan geçenden soň, Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylary bu barada prezidente nädip habar bermelidigi barada oýlanýarlar. [Begenç] Gündogdiýew (goranmak ministri) şeýle habar bilen prezidentiň ýanyna barmaga gorkýar" diýip, ministrlige ýakyn çeşmämiz aýdýar.

Öňräki döwürde hem ýol hadysalary türkmen goşunynyň esgerleriniň köp ölümine sebäp bolupdy. Mysal üçin, geçen ýylyň sentýabr aýynda Mary welaýatynda azyndan bäş esger ýol heläkçilikde öldi, ýöne beýleki garaşsyz neşirlere görä, şonda 11 esger ölüpdir. Soňra aşa köp ýükli awtoulagda esgerleriň pisse ýygmak üçin iberilendigi aýdylypdy.

Türkmen häkimiýetleri adam heläkçiligi bilen baglanyşykly betbagtçylyklar we tebigy hadysalara barada kommentariý bilen hiç haçan çykyş etmeýärler. Prezident Berdimuhamedow we hökümet hiç haçan öz raýatlarynyň ölümine gynanç bildirmeýär. Şol bir wagtda, türkmen prezidenti beýleki ýurtlarda adam pidaly betbagtçylyklar bolanda, olaryň hökümetlerine yzygiderli gynanç bildirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.