Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda esgerleri pisse ýygnamaga alyp barýan ulag gaýadan agdaryldy. Azyndan bäş türkmen esgeri öldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýük ulagyň gaýadan aşak agdarylmagy netijesinde azyndan bäş türkmen esgeri öldi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, bu betbagtçylyk esgerleriň komandiri olary daglyk ýerlere pisse ýygnamaga iberende boldy.

"2-nji sentýabrda Marynyň Serhetabat şäherindäki Serhet gullugynyň bölüm komandiri çagyryş boýunça harby gullugyny berjaý edýän esgerleri pisse ýygnamak üçin Türkmenistanyň Owganystan bilen arasyndaky bitarap zona iberdi. Otuzdan gowrak esgeri "URAL" kysymly ýük ulagynyň arkasyna mündirdiler. Bu ulag ýolda agdarylyp, betbagtçylyga uçrady" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmämiz 4-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, ulagyň agdarylmagy netijesinde bäş esger şol ýerde heläk boldy. Galan 27 esgeriň hem saglyk ýagdaýy agyr bolup, olar häzirki wagtda keselhanada bejergi alýar.

"Ölen esgerleriň biri Aşgabadyň ýaşaýjysy bolup, ony 3-nji sentýabrda giçlik Çoganlynyň gonamçylygynda jaýladylar. Ol 9 aý ozal harby gulluga çagyrylyp, Serhetabada äkidilipdi. Ýaralanan esgerleriň hemmesinde şikes bar. Olaryň köpüsiniň elleri we aýaklary döwülipdir" diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk Radiosynda heläk bolan käbir esgerleriň anyk atlary, ýaşaýan ýerleri barada maglumat bolsa-da, olary howpsuzlyk aladalary sebäpli äşgär etmekden saklanýar.

Türkmenistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Serhetabat şäheriniň daglyk ýerlerinde pisse agaçlary ösýär. Çeşmämiziň aýtmagyna görä, türkmen serhetçileri adatça ýerli ilatyň bu sebite barmagyna rugsat bermeýär.

"Komandiriň özünden ýokary derejeli harbylaryň göwnünden turmak üçin esgerleri pisse ýygnamaga iberendigi aýdylýar. Bazarda pissäniň 1 kilogramy 150 manada ýetýär" diýip, çeşme sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosy ýük ulagyň agdarylmagyna takyk nämäniň sebäp bolandygyny häzirlikçe anyklap bilmedi. Redaksiýanyň pajygaly waka barada Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyndan, Goranmak ministrliginden goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşygy hem netije bermedi.

Waka barada adatça bolşy ýurduň metbugat serişdelerinde, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň "Serhetabat - Dowletabat" we Goranmak ministrliginiň “Milli goşun” žurnallarynyň websaýtlarynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Belläp geçsek, betbagtçylyk barada Türkmen.news neşiri hem habar berip, wakada ölen esgerleriň sanynyň 11-e barabardygyny mälim etdi.

Neşir 3-nji sentýabrda çap eden habarynda pisse ýygnamak üçin ýük ulagynda daglyk ýerlere iberilen esgerleriň Tagtabazaryň serhet bölüminde çagyryş boýunça harby gulluk borjuny ýerine ýetirýändigini belläp, olaryň jemi sanynyň 40-a barabardygyny aýtdy.

"Bu sebitde ýer özboluşly bolup, ol daglyk, dik eňňitler we erbet ýollar bilen örtülendir" diýip, neşir çeşmäniň sözüni sitirleýär.

Neşir ýol heläkçiligine nämäniň sebäp bolandygy barada iki wersiýanyň bardygyny belleýär. Olaryň birinjisinde sürüjiniň ulagyň dolandyryşyny ýitirendigi, beýlekisinde tehnikanyň hatardan çykandygy aýdylýar.

Habarda bellenilmegine görä, esgerleriň ölümi baradaky hakykat gizlenýär. Ýerli ýaşaýjylar pajygaly waka barada bilse-de, bu barada öz aralarynda-da pikir alyşmaýarlar.

Türkmenistanda harby gulluga çagyrylan ýaş ýigitler pisse ýygnamaga iberilmekden başga-da, mellekleri arassalamak işlerine we pagta ýygymyna her ýyl diýen ýaly çekilýärler. Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler olaryň pagta ýa-da beýleki işler üçin iberilýän ýerlerindäki agyr şertler barada habar berip gelýä​rler.

Mundanam başga, olaryň goşunda öz gullukdaşlary ýa-da komandirleri tarapyndan gynalmakdan, urlup-ýenjilmekden, keselçilikden ýogalmagy, özüni heläklemegi ýa-da maýyp bolmagy bilen bagly wakalar barada hem ýygy-ýygydan maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmen häkimiýetleri garaşsyz metbugatda çykýan ölüm habarlaryna reaksiýa bildirmeýär. Şeýle-de, türkmen goşunynda heläk bolýan esgerleriň sany hem aýdylmaýar.

adyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG