MHM-niň resmileri Marynyň hukuk goraýjylary bilen ýygnaklary geçirip, "bar zada taýýar bolmagy, ýöne aljyramazlygy" duýdurýarlar

Illýustrasiýa suraty

Türkmen-owgan serhediniň owgan tarapynda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagynyň fonunda, şu günler Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň barha köp işgäri Aşgabatdan Mary welaýatyna gelýär. Olar Marynyň hukuk goraýjy edaralarynda ýygnaklary geçirýärler. Aşgabatdan gelen bu resmiler Marynyň hukuk goraýjylaryndan ilat arasynda Owganystanda uruş ýok ýaly edip görkezmegi talap edýärler. Olar bu barada ilat arasynda dowul turuzýan adamlary wagtlaýyn tussag etmegi berk tabşyrýarlar. Şeýle-de, olar Owganystanyň Türkmenistan bilen serhedinde ýerleşýän obanyň golaýynda partlama bolandygyny aýdyp, "bar zada taýýar bolmagy, ýöne aljyramazlygy" hem duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

MHM-niň resmileriniň geçirýän bu ýygnaklary Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň owgan hökümet güýçlerine garşy hüjümlerini güýçlendirip, ýurduň Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan bilen serhetleşýän ençeme demirgazyk etraplarynda gözegçiligi ele geçirýän wagtlaryna gabat gelýär.

Degişli maglumat Türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk ýaramazlaşýan mahaly, häkimiýetler ilat arasynda watançylyk wagyzlaryny güýçlendirýär

Habarçymyz Marynyň hukuk goraýjy edaralarynyň birnäçe işgärine salgylanyp, MHM-niň resmileriniň mundan 10 gün çemesi ozal welaýata gelip başlandygyny aýdýar. Ýöne olaryň anyk sany barada häzirlikçe maglumatyň ýokdugyny belleýär.

Olar Marynyň ähli hukuk goraýjy edaralarynda, şol sanda MHM-niň welaýatdaky şahamçasynda we polisiýa bölüminde her gün ýygnaklary geçirýärler.

"Aşgabatdan gelen resmiler hukuk goraýjylardan ilat arasynda Owganystanda uruş ýok ýaly edip görkezmegi talap edýärler. Bu urşuň biziň ýurdumyza täsir ýetirmeýändigini, serhetde hemme ýeriň rahat we asudadygyny aýtmaly. Şeýle-de, olar bu barada ilat arasynda dowul turuzýan adamlary wagtlaýyn tussag etmegi, olar bilen düşündiriş işlerini geçirmegi hem berk tabşyrýarlar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Rahym diýip tutulmagyny soran maryly hukuk goraýjy işgärleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ýerli ilat tarapyndan Marçak 1 we Marçak 2 diýlip atlandyrylýan obalar Türkmenistanda we Marçak 3 obasy Owganystanda ýerleşýär.

Onuň sözlerine görä, MHM-niň işgärleri Owganystanyň Türkmenistan bilen serhedinde ýerleşýän, ýerli ilat tarapyndan Marçak 3 diýlip atlandyrylýan obanyň golaýynda partlama bolandygyny hem aýtdylar. Ýöne olar geçen hepde bolan bu partlama barada hiç ýerde gürrüň etmezligi hem berk tabşyrdylar.

"Diliňize berk boluň, bu barada hiç ýerde gürrüň etmäň" diýip, ýerli hukuk goraýjy MHM-niň bir işgäriniň sözlerini sitirledi.

Bellesek, bu maglumat türkmen häkimiýetleriniň Owganystan bilen serhet ýakada ýerleşýän Serhetabat (öňki Guşgy) etrabyna goşmaça harby we lukman iberýändigi, serhetde howpsuzlygy güýçlendirýändigi barada geçen hepdäniň ahyrynda gelip gowşan maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

"Maňa aýdylmagyna görä, ol ýere [goşmaça] esgerler we lukmanlar ugradylýar. Polisiýa işgärlerinden hem Serhetabada ugradylýanlar bar” diýip, Azatlygyň çeşmesi 9-njy iýulda gürrüň beripdi.

Ýerli hukuk goraýjynyň habarçymyza aýtmagyna görä, geçirilýän ýygnaklarda "bar zada taýýar bolmak, ýöne aljyramazlyk" barada hem duýdurylýar.

"Islendk wagt Guşga gitmeli diýlip bilner. Raýatlar arkaýyn ýatsa-da, siz hukuk goraýjylar eşigiňizi geýip ýatyň. Şeýle-de, şu günden başlap Marynyň aeroportunda iki sany harby dikuçar taýýar durar. Günde işden çykjak, ýaramok ýa-da dynç alşa çykjak ýaly bahanalar bolmasyn" diýdiler" diýip, maryly hukuk goraýjy belledi.

Degişli maglumat Moskwa, “Talyban” Owganystanda jeňçileriň barha köp sebitleri eýeleýändigini aýdýarlar

MHM-niň geçirýän bu ýygnaklary Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň ýurduň Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan bilen serhetleşýän ençeme demirgazyk etraplarynda gözegçiligi ele geçirýän wagtlaryna gabat gelýär.

Geçen hepde Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmeleri we habarçylary türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlaryň ‘howsalalydygyny” belläp, Ahaldaky harby bölümlerden owgan serhedine goşmaça güýçleriň iberilendigini habar berdiler. Şeýle-de, olar tutuş ýurt boýunça ätiýaçdaky harbylaryň harby bölümlerine çagyrylýandygyny hem aýtdylar. Mundanam başga, habarçylarymyz türkmen häkimiýetleriniň ilat bilen watançylyk ruhuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen gepleşikleri geçirýändigini hem habar berdiler.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleri Owganystanda ýaramazlaşýan howpsuzlyk şertleri, bu ýerde dowam edýän çaknyşyklar barada habar bermeýärler. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri ýerli hukuk goraýjy edaralar bilen geçirilýän ýygnaklary hem aç-açan agzamaýarlar. Bu barada Azatlygyň MIlli howpsuzlyk ministrliginden, Marynyň polisiýa edarasyndan kommentariý almak synanyşygy hem netije bermedi.

Degişli maglumat Türkmenistan serhetdäki howsalaly ýagdaýyň fonunda "Talybanyň" wekillerini Aşgabada çagyrdy

Ýöne geçen hepdäniň ahyrynda “Talybanyň” wekiliýeti Türkmenistana sapar edip, ýurduň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirdi. Resmi Aşgabat - türkmen tarapynyň çakylygy esasynda amala aşan - sapar barada hiç zat habar bermedi.

Emma "Talybanyň" Katardaky syýasy edarasynyň resmi wekili Muhammet Naim Azatlygyň habarçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde radikal hereketiň wekiliýetiniň Aşgabada eden saparyny tassyklady.

“Talybanyň resmi wekiliýeti Aşgabatda saparda boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde "Talyban" wekiliýeti bilen türkmen resmileriniň arasynda gepleşik geçirildi. Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn ykdysady we syýasy gatnaşyklar, şeýle-de howpsuzlyk we serhet meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy" diýip, "Talyban" hereketiniň resmi wekili mälim etdi.

1-nji maýda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler Owganystandaky 20 ýyllyk uruşdan çekilip, ýurtdaky goşunlaryny çykaryp başladylar. Şondan soň “Talybanyň” ýurduň onlarça etrabyny öz gol astyna geçirendigi aýdylýar. Munuň netijesinde, Kabul hökümetiniň we owgan howpsuzlyk güýçleriniň synmagynyň mümkindigi barada howatyrlanmalar bildirilýär.

Türkmenistanyň Owganystan bilen 804 km uzynlykdaky serhet araçägi bar.

Degişli maglumat “Talyban” Demirgazyk Owganystanda öz çägini giňeldýär, owgan harbylaryny Täjigistana gaçmaga mejbur edýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.