Ynsan hukuklaryny goraýjy topar 7-nji iýulda beren beýanatynda häkimiýetleriň gadagan edilen “ekstremist” syýasy oppozisiýa toparyna “gatnaşygy” sebäpli ýurt boýunça 135 adamy jenaýat derňewleri we kazyýet işleri bilen nyşana alandygyny aýtdy.
“Gazagystanda syýasy özgeriş islemek, ýa-da şeýle özgerişleri öňe sürýän syýasy oppozisiýa toparlaryna parahatçylykly duýgudaşlyk bildirmek ýa-da olary goldamak jenaýat däl” diýip, HRW-niň Merkezi Aziýa boýunça uly barlagçysy Mihra Rittman aýtdy.
“Gazak häkimiýetleri zorluksyz syýasy garaýyşlaryň beýan edilmegini ürç edip, jenaýat jogapkärçiligine çekýär we şeýle etmek bilen olar esasy adam hukuklaryny aç-açan bozýar” diýip, Rittman aýtdy.
Human Rights Watch guramasy “ekstremizm ýa-da terrorçylyk aýyplamalary boýunça çykarylan kazyýet kararynyň esasynda gadagan edilen ýa-da ýatyrylan jemgyýetçilik, dini ýa-da beýleki guramalaryň işine ýa-da olaryň guramaçylygyna gatnaşmakda” aýyplama bildirilen, höküm çykarylan ýa-da şeýle aýyplamalar boýunça derňelýän ýedi adam bilen gürrüňdeş boldy.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy topar özüniň 2018-nji ýyldan bäri 10 sany şeýle kazyýet işi boýunça iş alyp barýan almatyly iki adwokat bilen gürrüňdeş bolandygyny we başga-da dokuz kazyýet işine degişli kazyýet resminamalaryny seljerendigini aýtdy. Şeýle-de, topar şeýle kazyýet işleri barada metbugatda çap edilen onlarça makalany öwrenipdir.
“2018-nji ýyldan bäri häkimiýetler gadagan edilen “ekstremist” toparlara degişli hasaplanýan ýa-da hakykatdan-da degişli adamlary, şol sanda asuda ýörişlere gatnaşanlary ýurt boýunça barha köp gorkuzdy, tussag etdi we jogapkärçilige çekdi” diýip, HRW aýtdy.
HRW 2019-njy ýylda 405-nji madda esasynda höküm çykarylan azyndan üç adamyň şol bir aýyplamalar bilen ikinji gezek jenaýat jogapkärçiligine duçar bolýandygyny anyklady.
BMG-niň terrorçylyga garşy göreşilýän wagtynda adam hukuklarynyň we esasy azatlyklaryň goralmagy hem-de götergilenmegi boýunça ýörite hasabatçysy Fionnuala Ni Aolain 2019-njy ýylda Gazagystana eden saparyndan soň, milli kanunçylykda we iş ýüzünde “ekstremizm” adalgasynyň ulanylmagy barada çynlakaý aladalaryny beýan etdi.
Degişli maglumat Gazagystan garaşsyz habarlary üçin žurnalistleri nyşana almagy bes etmäge çagyrylýarOl 405-nji madda bilen bagly aýyplamalar boýunça ýerine ýetirilen tussag etmeleri hökümetiň raýat jemgyýetine agyr daraşmasyna subutnama hökmünde nygtady.
HRW Ni Aolainiň saparyndan soň hem 405-nji madda boýunça tussag etmeleriň we kazyýet işleriniň dowam etdirilendigini aýtdy.
Ynsan hukuklaryny goraýjy topar “gazak häkimiýetleri asuda dürli pikirliligi basyp ýatyrmak ugrunda edýän yzygiderli tagallalaryny bes etmeli; ar alyş gorkusy bolmazdan erkin sözüň beýan edilmegine, häkimiýetleriň tankyt edilmegine, syýasy oppozisiýa toparlarynyň Gazagystanda parahatçylykly hereketlerini alyp barmagyna rugsat bermeli” diýdi.
“Syýasy özgeriş islemek jenaýat däl” diýip, Rittmann aýtdy.
“Umuman aýdylanda, hemmeler üçin ýygnanyşmak azatlygyny, birleşmek azatlygyny, söz azatlygyny, şol sanda häkimiýetleriň halamaýan garaýyşlaryna eýe bolan adamlaryň söz azatlygyny goramak we götergilemek gazak hökümetiniň borjudyr” diýip, Rittman belledi.
Gazak resmilerinden dessin reaksiýa bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.