Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan garaşsyz habarlary üçin žurnalistleri nyşana almagy bes etmäge çagyrylýar


Gazagystanly garaşsyz žurnalist Aýgül Otepowa
Gazagystanly garaşsyz žurnalist Aýgül Otepowa

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) Gazagystany gadagan edilen guramanyň işine gatnaşmakda aýyplanyp, şu aýyň başynda sud edilen blogçy we žurnaliste garşy açylan jenaýat işini ýatyrmaga çagyrýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän media azatlygyna synçy gurama 31-nji martda beren beýanatynda gazak häkimiýetlerini Aýgül Otepowany dessine öý tussaglygyndan boşatmaga, oňa bildirilýän aýyplamalary ýatyrmaga hem-de onuň “erkin we howpsuz işlemegine rugsat bermäge” çagyrdy.

Gazagystanda žurnalistler garaşsyz habarlary üçin yzarlanmaly däldir we häkimiýetleriň borjy olary gorkuzmak we olara basyş etmek däl-de, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmekdir diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň programma direktory Martinez de la Serna aýtdy.

Otepowanyň kazyýet diňlenişigi 15-nji martda Nur-Sultanda başlady. Žurnalist diňlenişige koronawirus pandemiýasy sebäpli uzak aralykdan gatnaşdy.

Häkimiýetler ony ýurtda gadagan edilen we ekstremist topar hökmünde bellige alnan “Gazagystanyň demokratik saýlawy” oppozisiýa hereketini goldamakda aýyplaýar.

Otepowa özüniň haýsydyr bir syýasy herekete gatnaşandygyny inkär edýär we özüne garşy gozgalan işiň syýasy äheňli ar alyşdygyny aýdýar.

Eger ol günäli tapylsa, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.

XS
SM
MD
LG