Türkmenistanda çagalar ýitirim bolýar we zorluga sezewar edilýär. Häkimiýetler ýazga alýarlar, ýöne düşündiriş bermeýärler

Jaýyň golaýynda oýnaýan çagalar. Aşgabat, 2021-nji ýylyň maý aýy

Türkmenistanda sosial ulgamlarda ýitirim bolan çagalar barada köp sanly bildirişleriň, şeýle hem köpçülige mälim bolan zorluk wakalary barada maglumatlar peýda bolýarka, ene-atalaryň arasynda howsala artýar. Paýtagtda käbir ene-atalar çagalaryna mekdebe barýan ýolda we gezelençde yzygiderli gözegçilik etmäge synanyşýarlar, beýlekiler çagalaryny welaýatlardaky garyndaşlaryna iberýärler. Şol bir wagtyň özünde, döwlet resmileri tarapyndan we habar beriş serişdelerinde resmi maglumatlaryň we düşündirişleriniň ýoklugy ilat arasynda dürli myş-myşlaryň ýaýramagyna sebäp bolýar.

Ýitirim bolan çagalar, şol sanda kiçi ýaşly körpeler hakda maglumatlaryň ençemesi sosial media ulanyjylaryň arasynda ýaýraýar. Ýitirim bolan çagalar baradaky bildirişler indi köçelerde, polisiýa bölümleriniň golaýynda we hatda jemgyýetçilik ulaglarynda hem has köp göze ilýär.

- Çagalar ýene köp ýitirim bolýar. Hemmeler diňe şu hakda gürleşýärler. Ene-atalar suratlary sosial mediada ýerleşdirýärler. Şeýle hem, ýitirim bolan gyzlary gözleýärler "- diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 23-nji iýunda gürrüň berdi

Habarçylaryň ygtybarly çeşmelere salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda paýtagtyň sud medisina barlag edarasy 10 ýaşly oglanyň we dokuzynjy synp okuwçy gyzyň iňňän zulumly görnüşde zorluga sezewar bolmagyna degişli ýagdaýlary hasaba alypdyr. Bu çagalaryň halynyň agyrdygy habar berildi.

Degişli maglumat Çeşme: “Bu adaty çaga gaçakçylygy” – Türkmenistanda nädip gysga wagtda çaga ogullyk alynýar

- Adamlar oglanyň ykbaly barada onuň nähili ýagdaýda tapylandygyny biri-birinden soraýarlar. Aşgabatda hemme tolgunýar we çagalaryň ýitirim bolmagyny ara alyp maslahatlaşýar. Pedofiliň hereket edýändigini aýdýarlar. Kamera ony hasaba alypdyr, hatda onuň suraty hem ýerleşdirildi. Polisiýa hereket etmeýär" diýip, habarçy aýdýar.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň polisiýasynyň we şäher häkimliginiň wekillerinden resmi maglumatlary we düşündiriş almaga synanyşýarlar.

Habarçylaryň habar bermegine görä, soňky birnäçe aýyň içinde çagalaryň ýitirim bolmagynyň we bu barada sosial ulgamlarda bildirişleriň sany köpelipdir.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy bir aýa golaý wagt mundan öň paýtagtyň Oguzhan köçesiniň golaýynda bolup geçen bir waka barada aýdyp, iki çaganyň ulaga zor bilen mündürilendigini, olaryň ses edip, gygyrandyklaryny habar berdi. Gündiz wagty bolup geçen bu waka 6-njy synp okuwçylary şaýat bolupdyr. Bu ýagdaý ony gören çagalary gorkuzypdyr we olar öýlerine ylgap baryp, gürrüň beripdir.

Paýtagtda bu wagt ene-atalaryň köpüsi öz çagalaryna mekdebe barýan ýolda we köçede oýnaýarka yzygiderli gözegçilik edýärler. Köp ýerlerde ene-atalar çagalaryny penjirelerden synlaýarlar ýa-da çagalary daşary çykanda, gapdalynda nobatlaýyn durýarlar.

Käbir ene-atalar çagalaryny sebitdäki garyndaşlaryna ibermek bilen çykalga tapmaga synanyşýarlar.

- Bu ýerde işleýän we Büzmeýinde jaýy kireý alyp ýaşaýan daşoguzly bir maşgala çagalaryny howpsuzlyk üçin Daşoguza iberdi. Adamlar çagalarynyň ýitirim bolmagyndan gaty gorkýarlar "-diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda ýiten ýa alnyp gaçylan çaga meselesi agzalmaýar

Bu aralykda çagalaryň ýitirim bolmagy meselesi diňe Türkmenistanyň paýtagty bilen çäklenmeýär. Maryda ýitirim bolan çagalaryň suratlary polisiýa merkezleriniň golaýynda ýerleşdirilýär.

Azatlyk habarçysy polisiýa bölüminiň golaýynda 4-5 çaganyň suratlarynyň bardygyny, galanlaryň ululardygyny gürrüň berýär.

- Ýakynda çagalarym menden "çagalar nädip ýitýär" diýip soradylar. Ýitirim bolan çagalar gözlenmeýär we bu ýagdaý köpçülige aýan edilmeýär, şonuň üçin ilatyň arasynda howsala döreýär diýip, Marydaky habarçymyz aýdýar.

Ýurduň häkimiýetleri halkyň ýurtdaky ýagdaýlardan habarly bolmak zerurlygyny äsgermeýärler. Jenaýatyň derejesini görkezýän resmi statistika, şol sanda çagalar bilen baglanyşykly ýagdaýlar barada maglumatlar neşir edilmeýär. Döwlet metbugaty jenaýat hronikasyny çap etmeýär.

Maglumat ýetmezçiligi we häkimiýetleriň ýitirim bolan çagalar baradaky habarlara haýsydyr bir reaksiýa bildirmezligi dürli myş-myşlary döredýär.

Dünýä tejribesinde çagalaryň ýitirim bolmagynyň öňüni almak üçin kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň ene-atalaryna çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleri barada habar berilýär. Meýletin çäreler hem geçirilýär.

Häzirki wagtda maşgalalaryna gaýdyp gowuşmadyk çagalar problemasy halkara meselesidir. Resmi statistikalara görä, bütin dünýäde ýitirim bolan birnäçe million çaga bar we her ýyl olaryň sany köpelýär. Ýitirim bolan çagalaryň gözleg merkezleriniň global ulgamynyň (GMCN) habaryna görä, ABŞ-da her ýyl 424 müň çaga, Hindistanda 96 müň, Angliýada 65 müňden gowrak, Kanadada we Russiýada 45 müň töweregi çaga ýitýär diýlip, hasaba alynýar. Bular diňe resmi hasaba alnan ýagdaýlar.

2001-nji ýyldan bäri her ýyl 25-nji maýda Ýitirim bolan çagalaryň halkara güni bellenýär. Çäreleriň maksady, çagalary ogurlanmakdan, durmuşyň kyn ýagdaýlaryna düşmekden we bikanun ekspluatasiýadan goramak meselesine köpçüligiň ünsüni çekmekdir.

Degişli maglumat ​Özbek çagalary ýitirim bolansoň, howpsuzlyk güýçlendi

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.