Sebit merkezinde bir polisiýa işgäriniň Azatlygyň ýerli habarçysyna anonim şertlerde beren maglumatlaryna görä, şu günler her gün gün diýen ýaly her etrapda ogurlyk hadysalary bilen bagly 9-10 adam polisiýa arza bilen ýüz tutýar.
Ogurlanýan zatlaryň arasynda turba, nasos, gazan, ojak ýaly hojalyk harytlary, sygyr, towuk, goýun ýaly öý haýwanlary, öý goşlary, şaý-sepler, hatda gök önümler we beýlekiler bar.
Polisiýa işgäriniň sözlerine görä, ogurlyk üçin hojalyklara, hususy dükanlara girilýär, ýolda gidip barýarka şaý-sepleri talanýan gelin-gyzlar bar.
“Gijelerine adamlar, howa yssy bolansoň we köp öýde kondisioner bolmansoň, penjirelerini açyp ýatýarlar. Ogrular şondan peýdalanyp, öýe girýärler. Eger penjiräniň golaýynda gap-çanak, gazan-tabak duran bolsa, olary içeri girmän, ellerini uzadyp alýarlar. Guratmak üçin simlere asylyp goýlan egin-eşiklere çenli ogurlaýarlar” diýip, polisiýa işgäri etraplarda bolup geçýän ogurlyk hadysalary barada gürrüň berdi.
Degişli maglumat Lebapda ýuwuş suwy ýarpy hem tutulmady. Häkimiýetler ogurlanan suw nasoslaryny gözleýärTürkmenistanyň Içeri işler ministrligi sebitde ýokarlanýan ogurlyk hadysalary barada hasabat bermeýär.
Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir şaýadyň sözlerine görä, simlere serilen egin-eşiklere elleri ýetmese, ýokaryk pişik zyňyp, pişigiň dyrnaklaryna egin-eşikleri gapjadyp, aşak düşürýän we soňra gözlerden gaýyp bolýan adamlar bar.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda has giň ýaýraýan sosial problemalar, jenaýat hadysalary, şol sanda ogurlyk hadysalarynyň köpelmegi barada mundan ozal, birnäçe gezek habar berdi, ýöne simlere serilen egin-eşikleri ogurlamak üçin pişigiň dyrnaklaryndan peýdalanylyşy barada ilkinji gezek habar berýär. Yzy üzülmeýän kynçylyklar ogurlykda aýyplanýan adamlary täze-täze usullardan peýdalanmaga iterýär.
Polisiýa işgäriniň sözlerine görä, sebitde birnäçe hususy dükan eýesi dükanlardaky iýmit önümleriniň ogurlanýandygy barada şikaýat bilen polisiýa ýüz tutupdyr.
“Azyk harytlarym ogurlandy diýip, köp arza gelýär” diýip, polisiýa işgäri gürrüň berdi.
Onuň dükan eýelerine salgylanyp, gürrüň bermegine görä, ogurlykda aýyplanýan adamlar penjirelere oturdylan kondisionerleri içeri itekläp, ýere gaçyrýarlar we dükanlaryň elektrik simlerini kesýärler; soňra dükana girip, göterip bilen zatlaryny alýarlar, soň bolsa ýene kondisioneriň penjiresinden daşary çykýarlar we sumat bolýarlar.
Polisiýanyň sözlerine görä, agşamlaryna çola ýerde barýan adamlaryň el telefonlarynyň, pullarynyň talanýandygy barada şikaýatlar bar, şeýle-de aýal gyzlaryň sumkalarynyň, şaý-sepleriniň talanýandygy barada maglumatlar bar.
Degişli maglumat Aşgabatda bir gartaň aýal ýol üstünde pyçaklanyp öldürildi, pullary we altyn şaý-sepleri talandyŞuňa meňzeş bir wakada, Mary şäherinde bir adam, gije wagty, bir orta mekdebiň içini kesip geçip barýan bir zenana hüjüm edip, onuň bir taý gulak halkasyny gulagyndan çekip alypdyr. Zenan toýdan gelýän ekeni. Talaňçy onuň ikinji gulak halkasyny alyp ýetişmänkä, ol zenan çirkin ses bilen gygyryp, talaňçyny gorkuzypdyr.
Polisiýanyň maglumatlaryna görä, wakadan iki gün geçenden soň, talaňçy şol bir taý gulak halkany Marynyň Gök bazarynda gyzylçylara satmaga baranynda tussag edilipdir.
Polisiýa işgäri köp ogurlygyň üstüniň açylman galýandygyny aýdýar.
“Ogurlykda tutulan adamlary urup, başga ogurlyklary hem olaryň boýnuna goýýarlar. Şeýdip köp jenaýat işi ýapylýar” diýip, polisiýa işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertlerde gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatynyň polisiýa bölüminden kommentariýa almak üçin edýän synanyşyklary netije bermeýär.
“Hatda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem öz zatlarynyň ogurlanýandygyny aýdýarlar” diýip, polisiýa işgäri aýtdy.
“Halkyň ýagdaýy şu gidişine gitse, halk iýmäge çörek tapmasa, ogurlyk hadysalarynyň has-da köpelip biljekdigine ynanylýar” diýip, ol sözüni jemledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.