Meşhur aýdymçy Mahsun Kyrmyzygülüň Stambulyň Beşiktaş etrabynyň Etiler diýen ýerinde ýaşaýan ejesiniň gymmaty 1,5 million türk lirasyna, ýagny 275 müň amerikan dollaryna barabar bolan zatlaryny ogurlandygy güman edilýän türkmen migrantlarynyň ele salynandygy barada türk media serişdelerinde ýaýran habar Türkiýede uly seslenme döretdi.
Türkiýäniň “NTV” telekanalynda 8-nji noýabrda görkezilen habarda aýdylşyna görä, wakanyň üsti 5-nji noýabrda açylypdyr. Mahsun Kyrmyzygülüň 85 ýaşyndaky Faika Aryk atly ejesi bir hepde owal öýünde hojalykçy bolup işe başlan 41 ýaşyndaky Miýesser M. atly türkmenistanly migrant zenany ogurlykda aýyplap, polisiýa şikaýat edipdir.
Polisiýa işgärleri, Miýesseriň Stambulyň Küçükçekmeje diýen ýerindäki öýünde geçiren barlagynda 50 müň dollar nagt pul bilen 12 sany hem gyzyl bilezigi tapansoň ol öýde ýaşaýan 4 türkmeni hem göz astyna alypdyrlar.
Azatlyk Radiosyna anonim ýagdaýda maglumat beren Stambul polisiýasyndaky bir çeşme şübhelileriň Türkmenistandan Türkiýä bikanun ýollardan gaçgak ýagdaýda gelendigini mälim etdi.
Polisiýa işgäri şol sebäpden olaryň Stambulyň Atatürk adyndaky aeroportyndan uçup bilmejekdigine gözi ýetenden soň, Ankara giden ýerinde 20 müň dollara golaý pul we 300 gram gyzyl bilen ele salynandygyny gürrüň berdi.
Polisiýa, adamsy bilen Stambula getirilen Miýesseriň Mahsun Kyrmyzygülüň ejesiniň öýünden 275 müň amerikan dollaryna barabar bolan 130 müň dollar, 5 müň ýewro we 45 sany gymmatbaha şaý-sep ogurlandygyny mälim etdi.
“CNN Turk” telekanalynda bolsa wakadan 24 sagat geçmänkä ele salnan türkmenistanly güman edilýän jübüt, olar bilen bir öýde bolýan 4 türkmen migrantynyň soragdan soň eli bagly görnüşde kazyýete äkidilip barylýandygy, ýörite tälimli polisiýa güýçleriniň hem öýlerde nähili operasiýalar geçirendigi we tapylan ogurlyk pul hem şaý-sepler görkezildi.
“Hürriýet” gazeti, polisiýadaky soragda türkmenistanly çatynjanyň diňe öz üstünden çykan ogurlyk zatlaryň jogapkärçiligini boýnuna alandygyny, olar bilen bir öýde bolýan 4 türkmen migrantyň bolsa ogurlyga ilteşiginiň ýokdugyny öňe sürendigini ýazýar. Gazet, polisiýada resmi işleri tamamlanan şübhelileriň sud edilmegine garaşylýandygyny habar berýär.
Ýatlasak, prezident Nyýazowyň 2006-njy ýylda meşhur aýdymçy Mahsun Kyrmyzygüle Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15-nji ýyly we Türkiýe respublikasynyň döredilmeginiň hem 83 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda beren konserti mahalynda goşaryndaky 500 müň dollarlyk gymmatbaha daşlar bilen bezelen gyzyl sagadyny çykaryp sowgat edendigi metbugatda ýaýrapdy.
Şonda aýdymçy žurnalistlere “Ol meniň atam. Maňa türkmen raýatynyň pasporty bilen gymmaty 500 müň dollarlyk bolan öz sagadyny sowgat berdi. Ol sagat häzir bir bankyň ýörite bölüminde goragda saklanýar” görnüşinde interwýu beripdi.
Sözi jemlesek, ähli synanşyga garamazdan waka barada aýdymçy Mahsun Kyrmyzygülden garaýyş alyp bolmady. Şol bir wagtda hem göz astyna alynan türkmenistanlylaryň ykballary barasynda hem degişli resmilerden jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.