Lebapda tomus kanikullarynyň dowamynda gark bolan çagalaryň sany köpelýär

Amyderýä, Türkmenistanyň Labap welaýaty (arhiw suraty)

Türkmenistanyň gündogarynda çagalaryň suwa gark bolmagy bilen bagly hadysalarynyň sany köpelýär. Lebap welaýatyndaky halas ediş gullugynyň wekilleriniň habar bermegine görä, tomus kanikulynyň başyndan bäri birnäçe etrapda azyndan 6 mekdep okuwçysy gark bolupdyr. Adatdan daşary ýagdaýlar komissiýasynyň ýerli gullugynyň işgärleri bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyz sebitdäki ýagdaýyň käbir jikme-jikliklerini anykladylar.

Heläkçilikleriň biri hepdäniň başynda duşenbe güni Farap etrabynyň obalarynyň birinde boldy. Obanyň içinden geçýän kanalda suwa düşüp ýören 12 ýaşly oglan gark bolup, ýogaldy. Azatlyk Radiosy çeşmeleriniň gizlinligini we howpsuzlygyny berjaý etmek helak bolan çaganyň adyny çap etmeýärler.

Ýerli halas edijileriň sözlerine görä, bu ýagdaý Lebap welaýatynda tomus kanikulynyň başyndan bäri altynjysydyr. Mekdep okuwçylarynyň arasynda heläkçilikler Dänew we Çärjew etraplarynda bolup geçdi. Ýurduň orta mekdeplerinde okuw ýyly 2-nji iýunda tamamlandy.

Degişli maglumat Çaga zähmeti ýigrimi ýylda ilkinji gezek ýokarlandy, dünýä boýunça 160 million çaga zähmete mejbur bolýar

Sebitdäki halas ediş gullugynyň işgärleriniň adyny agzamazlyk şerti bilen aýtmagyna görä, şu ýyl gark bolan çagalaryň sany geçen ýylyň degişli döwründen has köp bolupdyr. Bu ýyl gark bolup ýogalan pidalaryň sany geçen ýylkysyndan 3 adam köpelidpir.

Türkmen döwlet habar beriş serişdeleri we welaýatyň habar beriş çeşmeleri betbagtçylykly hasdysalar barada habar çap etmeýärler. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet komissiýasynyň wekilleri, şeýle hem Lebap welaýat administrasiýasy heläkçilikler bilen baglanyşykly ýagdaý barada remi kommentariý bermekden saklanýarlar.

Habarçylar heläkçilikleriň köplenç güýçli suw akymy, şeýle hem suw howdanlarynyň gyrasynda ýa-da düýbünde ýerleşýän demir, daş ýa-da beton plitalar zerarly ýüze çykýandygyny habar berýärler.

Kanikul döwründe oba ýerlerinde ýaşaýan mekdep okuwçylarynyň köpüsi, şol sanda başlangyç synp okuwçylary köplenç ekin meýdanlarynda işleýärler ýa-da mal bakýar we uzak wagtlap öýden uzakda bolýarlar. Yssy howada köpler derýada we beýleki suw howdanlarynda ulularyň gözegçiligi bolmazdan suwa düşýärler.

Türkmenistanda birnäçe hepde bäri adatdan daşary yssy howa dowam edýär.

Ýurduň kanunçylygynda çaga zähmetiniň ulanylmagynyň gadagan edýändigine garamazdan, çagalar oba hojalygynda köp işleýärler, bazarlarda ýük daşap pul gazanýarlar we awtoulag ýuwýarlar. Mundan başga-da, döwlet çagalary tomus-gyş tutuş ýyllap ençeme sagada çekýän surnukdyryjy köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrýar, şeýle-de pagta ýygym, şugundyr otagy ýaly oba hojalygy işlerine mejbury gatnaşdyrýar.

Türkmenistanyň hökümeti heläkçilikler, şol sanda suwa düşüp gark bolýanlaryň resmi statistikasyny çap etmeýär.

Degişli maglumat Otaga gidýän çagalardan dilhaty alynýar, olar 'bu işe höwesim bar' diýmeli

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.