Türkmen goşunynda gulluk edip, öýlerine dolanan ýaşlar özlerinden iki ýyllap ýaşyrylan oňaýsyzlyklar, garyp düşen maşgalada garaşýan täze durmuş bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Beýleki oba-şäherlerde bolşy ýaly, şu günler Türkmengala etrabynyň Zähmet geňeşliginden iki ýyl ozal harby gulluga giden ýigitler hem özlerine dolanyp gelmäge başlady.
Öňki ýyllardan adat bolşy ýaly, gullukdan boşan oglanlar Mary şäheriniň demirýol wokzalynda otludan düşüp, öýlerine awtoulag tutup gelýärler. Öňki ýyllarda bu ene-atalaryň, dogan-garyndaşlaryň iki ýyllap garaşýan pursaty. Emma indi başga döwür geldi diýip, habarçy özi bilen gürleşen adamlaryň aýdan zatlaryny habar berdi.
“Düýn jigim gullukdan boşap geldi, ol Maryda otludan düşüp, şol ýerden awtoulag tutup, öýe maşynly geldi, kakamyň gaty gahary geldi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berýär.
Degişli maglumat Türkmen ýaşlary goşuna ekzamen güni alynýarJigim gullukdaka oňa öýdäki kynçylyklaryň hiç birini aýtmadyk, kakam her aý bir nomere pul salyp, gulluk edýän ýerine iberýärdi. Şeýdip, işikdäki maldan çykdyk, hatda ol gelende soýar ýaly bir toklymyz hem galmady.
Üstesine, elimizde-de hiç zat ýok. Şu aralykda hem jigim geldi. Begenip çyksak, jigim biz bilen salamlaşyp, “Kaka, şu “Mersedesiň” sürüjisine 400 manat tölemeli, men birki sany gullukdaşymy görüp, soň geldim” diýdi.
Öýde näçe wagt bäri çörek gaýgydy, kakamyň gözüne ýaş aýlanyp gitdi. Emma jigimi masgara etmejek bolup, obadaky gurplurak adamlaryň birinden ýalbaryp, ertir getirmek wadasy bilen 400 manat karz aldy. Şondan bäri kakamyň hiç mazasy ýok, ol ertir bu bergini nädip üzerin diýip, uzak gije tapçanda dik oturyp geçirdi diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Kakam häzir ýaşaýyşa hiç bir höwesim galmady diýýär, men oňa düşünýärin diýip, Zähmet geňeşliginiň ýaşaýjysy gürrüňini dowam etdirdi.
Bizde ozal malam bardy, potrat ýerem bardy, emma soňky 1,5 ýyl içinde malam, potradam galmady. Mallarymyza kesel degdi, içinde haram ölenem boldy; 34 ýyllap eýgerip gelen potrat ýerimizi ‘eýgereňok’ diýip, başga bir hojalyga berdiler. Sebäbi ol hojalyk para beripdir.
Degişli maglumat Harbylar Azatlyga içlerini döküp, seslerini halkara jemgyýetçiligine eşitdirmek isleýärKakam şondan soň ýaraman, endamynyň gyzgyny göterilip, Ýolöten etrabyndaky karantin zonasynda bejergi aldy. Şonda galanja mallarymyzy, öýüň içinde geçjek zat bolsa satyp, kakama derman daşadyk diýip, türkmengalaly ýaşaýjy aýtdy.
Jigim ertesi oba aýlanyp, karz ýerini zordan täzelän ene-atasynyň ýagdaýyny görüp, eden işine düşündi we ejemiň ýanyna baryp, ‘Bagyşlaň, men ýagdaýyň beýledigini bilmändirin’ diýip, ötünç sorady. Ejem bolsa ‘zyýany ýok, oglum, indi akylly bolsaňam bolýar’ diýdi.
Zähmet geňeşliginiň ýaşaýjysynyň sözlerine görä, bu agyr ýagdaý diňe bir maşgala degişli däl, etrapdaky hojalyklaryň köpüsi juda kyn ýagdaýda güzeran aýlaýar.
Obamyzda bary-ýogy 4 hojalyk gowurak ýaşaýar, galan adamlaryň bary bizden üýtgeşik gün görenok diýip, ejem jigime gürrüň berdi.
Kakam hökümetden gaty nägile, sebäbi iň uly doganym 30 ýaşap geçdi, şindem öýerip bilemzok, elimizde pul ýok, hökümet bizi guratdy, hiç ýerde iş ýok diýip, radionyň söhbetdeşli adamlaryň hojalykdaky zatlaryny öz elleri bilen satmaly bolandygyny gürrüň berdi.
Iş gözläp, uly agamyň geçen ýyldan bäri gitmedik ýeri galmady, zähmet biržasynyň gapysynda ýatyp-turdy, ‘iş tapyp beräýiň, gaty kösenýäris’ diýip ýalbardy, häkimlige ýüz tutdy, emme hökümetden hiç bir kömek bolmady, kakam aýtmyşlaýyn, ‘her kim öz göbegini özi kesmeli zamana boldy’ diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran türkmengalaly raýat Azatlyk radiosynyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Degişli maglumat Azatlygyň 'esger açlygy' habaryndan soň prezident harby hojalyklara aýlandyTürkmenistan soňky ýyllarda öz ýakyn taryhyndaky iň agyr ykdysady çökgünligini başdan geçirýär. Emma häkimiýetler bu agyr ýagdaýy boýun almaýar we ýurtdaky işsizligiň möçberi, ilatyň garyplyk derejesi barada hiç bir resmi maglumat çap etmeýär.
Soňky ýyllarda dünýä ölçeglerine laýyk rejelenýändigi aýdylýan türkmen kanunçylygynda ilatyň durmuş taýdan goralmagy hem kepillendirilýär, ýöne degişli döwlet edaralaryň resmileri Azatlygyň habarçylarynyň bu meseleler baradaky soraglaryna düşündiriş bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.