Hökümet ýüpek tabşyrygy 'üstünlikli ýerine ýetirildi' diýýär, aldanan daýhanlar gaharlanýar

Türkmen resmileri ör turup, el çarpyp, pile planynyň doldurylandygyny buşlaýarlar. TW-den alnan surat.

Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň 9-njy iýunda geçirilen iş maslahatyndaky buşlugyna görä, Türkmenistanyň ýüpekçileri pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdi, emma sebitlerden gelýän maglumatlar kärendeçileriň barha kän lapykeç bolýandygyny we ýollaryň açylmagyna garaşýan adamlaryň has köpelýändigini habar berýärler.

Resmi habarda pileçileriň watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandygy aýdylýar.

TDH bu "üstünligi" ýüpekçilik pudagyny ösdürmek üçin döredilen şertleriň netijesi hasaplasa, döwlet baştutany öndürilendigi aýdylýan piläniň "bol hasylyny halal ojaklaryň berekedi" hökmünde taryplady.

Emma ýerli synçylar, şol sanda gurçuk tutmaga mejbur bolýan oba adamlary ýüpekçiligiň bireýýäm mejbury zähmete öwrülendigini, häkimiýetleriň kärendeçileri dürli wadalar bilen aldap, gorkuzyp işledýändiklerini aýdyp gelýärler.

Degişli maglumat Daşoguzly pileçiler arçynlaryň 'künjara, kepek' wadasy bilen aldandyklaryny aýdýarlar

Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary mundan öňki ýyllarda daýhanlaryň esasan künjara, kepek ýaly, arzan bahadan berilýän mal iýmlerine umyt baglandyklaryny, ýöne bu wadalaryň köplenç ýalan çykandygyny habar berdiler.

Türkmenistanda ýüpekçiligiň esasy kynçylygy, birinjiden, ýurtda tut agaçlarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, döwletiň öndürilern önüm üçin töleýän pulunyň juda ujypsyzlygy bilen bagly. Emma adamlar kärende ýerlerini elden aldyrmajak bolup, döwletiň gowaça, bugdaý tabşyryklarynyň daşyndan, gurçuk mejburlygyna hem çydamaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Gurçuk tutmakdan boýun gaçyrýan adamlar kähalatda, şu ýyl Darganatadan gelen maglumatda aýdylyşy ýaly, 15 kilogram pile puluny, 1500 manat bermeli bolýar, sebäbi häkimiýetler her kilogram pile üçin 100 manat berilmegini talap edýär.

Şol bir wagtda häkimiýetler, maý aýynda gelen habarda aýdylyşy ýaly, gurçuk tutýan, ýöne berilýän wadalara ynanmaýan daýhanlaryň tabşyrylan önüm üçin nagt pulda hasaplaşmak baradaky haýyşlaryny hem diňlemeýär. Netijede, bu şertlerde pile öndürjek adam ýyl-ýyldan azalýar.

Degişli maglumat Mejbury zähmet dowam edýär. Pileçileriň nagt hasaplaşyk baradaky haýyşy diňlenmeýär

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada türkmen häkimiýetlerinden düşündiriş almak üçin eden synanayşyklary şu wagta çenli netije bermeýär.

Sebitdäki habarçynyň ýazmagyna görä, şu ýyl Darganata etrabynyň Halkabat daýhan birleşiginde 6 kärendeçi, Magtymguly hojalygynda 4 kärendeçi, Hojalyk daýhan birleşiginde 7 raýat, Lebap daýhan birleşiginde 5 kärendeçi gurçuk tutdy, bularyň üstüne gurçuk tutýar diýlip hasaba alnan 3 mekdebi hem goşmaly.

Şu aralykda habarçy Farap etrabynda gurçuk tutup, pile tabşyran kärendeçilere her kilogram pile üçin wada berlen 1 kilogram künjranayň berlip başlanandygyny habar berdi.

Ýüpekçiler "berilýän künjaranyň 80%-i suw, bu künjarany ýere dökün edip ulanmasaň, mala iým edip berer ýaly däl" diýýärler. Hökümetiň ýene-de wadasynda durman, ýalançy çykandygyna gahar edip, Farapda berlen künjarany almadyk daýhanlar hem boldy diýip, habarçy aýtdy.

"Emeldarlaryň haçan gözi doýjakka? Bu gidişine ýerini taşlap, daşary ýurtlara işlemäge gitjek daýhan ýene köpeler. Bärde ne daýhanyň garny doýýar, ne-de gadyry bar, Nyýazow döwründe-de mundan gowudy" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen lebaply daýhan aýtdy.

Degişli maglumat Boş azaba we süteme öwrülen ýüpekçilik üçin ýene adamlardan pul ýygnalýar

Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini öndürijileriň önüminiň bahasy esasan döwlet tarapyndan kesgitlenýär we daýhanlar bu nyrhlarda önüm öndürip, maşgala eklemegiň tasdan mümkin däldigini aýdýdrlar.

Emma muňa garamazdan, hökümet her ýyl pile tabşyryklarynyň ýerine ýetirilendigini habar berýär. Bu geçen ýyl hem şeýle boldy, ýöne "Türkmenistanyň Hronikasy" planyň hakykatda 30% ýerine ýetirilendigini we noýabr aýynda Türkmenabadyň ýüpek öndürýän kärhanasynyň egirme-dokma sehiniň işçileriniň üçden biriniň işden boşadylandygyny habar berdi.

Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini köp ýyl bäri mejbury zähmeti ulanmagyny bes etmäg çagyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.