‘Lukaşenkanyň dowzahy’: Tihanowskaýa Günbatary Belarus režimine garşy has berk sanksiýalary girizmäge çagyrýar

Swetlana Tihanowskýa

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Günbatary Aleksandr Lukaşenkanyň hökümetine garşy has berk sanksiýalary girizmäge çagyrdy we awtoritar dolandyryjynyň režimine zyýan ýetirmek üçin sanksiýalaryň ýeke-täk usuldygyny aýtdy.

Öň iňlis dili mugallymy, soň syýasatçy bolan Tihanowskaýa 8-nji iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baş binasynda sözlän sözünde häzir dowam edýän syýasy krizis döwründe dünýäniň belarus halkynyň başdan geçirýän kynçylyklaryna düşünmeginiň zerurdygyny aýtdy.

“Biziň ählimiz, režim polisiýa we harbylar üçin töleg edip bilmez ýaly, ony ykdysady taýdan böwetläp biljekdigimize düşünýäris” diýip, Tihanowskaýa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda ýöredýän rus dilli “Current Time” kanalyna beren eksklýuziw interwýusynda aýtdy.

Tihanowskaýa özüniň hem-de maşgalasynyň howpsuzlygyndan gorkup, 9-njy awgust prezident saýlawlaryndan bir gün soň Belarusy terk etdi we Litwa bardy. Goldawçylary prezident saýlawlarynda Tihanowskaýanyň ýeňiji bolandygyny aýdýarlar. Giň ýaýran saýlaw galplyklary baradaky aýyplamalaryň arasynda ýeňiş 1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan 66 ýaşly Lukaşenka berilenden soňra protestler döredi.

Munuň yz ýany islendik başga pikire garşy howpsuzlyk resmileriniň alyp baran basyp ýatyrmalarynda onlarça müň belarusly tussag edildi. Zorluklarda birnäçe protestçi öldürildi. Käbir adam hukuklaryny goraýjy guramalar tussag edilen adamlaryň käbiriniň howpsuzlyk resmileri tarapyndan gynalýandygyny barada ygtybarly subutnamalaryň bardygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Tihanowskaýa uçar hadysasyndan soň, Lukaşenka garşy utgaşykly çäre görmäge çagyrdy

Ýagdaýa reaksiýa hökmünde, Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Ştatlary, Kanada we beýleki ýurtlar Lukaşankany Belarusyň kanuny lideri hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürdi hem-de oňa we birnäçe ýokary derejeli belarus resmilerine garşy sanksiýa girizdi.

Lukaşenka geçen aý Belarusyň howa giňişliginden geçip barýan “Ryanair” ýolagçy uçaryny Minske gonmaga mejbur edip, kanun goraýjylar sosial media aktiwisti Roman Protasewiçi derhal tussag edenden soňra, Lukaşenka garşy berk çäre görmek çagyryşlary has-da güýçlendi.

7-nji iýunda çap edilen beýanatda BMG-niň adam hukuklary boýunça garaşsyz ekspertleri ýurtda media azatlyklarynyň ýagdaýyny “gara girdap” häsiýetlendirip, Protasewiçiň dessine boşadylmagyna çagyryş etdi.

Ýewropa Bileleşigi Belarus boýunça üç tapgyr sanksiýa girizdi, aktiwlerini doňdurdy we 88 adama, şol sanda Lukaşenkanyň özüne we ýedi gurama wiza gadagançylygyny girizdi. “Ryanair” bilen bagly hadysadan ozal hem bileleşik käbir ýokary derejeli resmileri nyşana alýan dördünji sanksiýa tapgyrynyň üstünde işleýärdi. Waşingtonyň görýän çäreleri bu ugurda Brýusseliň berýän jogabynyň aglabasyny şöhlelendirýär.

Lukaşenka hökümetiniň repressiw çäreleri ýygjamlaşdyrýandygyna garamazdan, Tihanowskaýa öz watanynda ýakyn wagtda demokratik özgerişleriň boljakdygyna umyt bildirdi.

“Belaruslylar ýurduň içinde-de, halkara arenada-da göreşýärler. Köp işler teýden we gizlinlik bilen belaruslylaryň özleri tarapyndan ýerine ýetirilýär. Adamlar režimi sarsdyrmak üçin täze-täze usullary oýlap tapýarlar” diýip, Tihanowskaýa aýtdy. Şol gün Lukaşenka ýurtdaky demokratiýa tarapdar herekete garşy basyp ýatyrmalaryň arasynda erkin maglumat akymyny we raýat hukuklaryny çäklendirýän Jenaýat kodeksine girizilen üýtgetmelere gol çekdi.

Şeýle-de, Tihanowskaýa halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni Belarusa çekmek tagallalaryna dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ol çeh senatynyň spikeri Miloş Wysterçiliň çakylygy bilen 6-njy iýunda dört günlük sapar bilen çeh paýtagtyna geldi.

7-nji iýunda Tihanowskaýa çeh senatynda duşuşyk geçirdi we Köne şäher skwerinde birnäçe ýüz adamdan ybarat mähelläniň öňünde söz sözledi, Çehiýa respublikasyna we ol ýerde ýaşaýan belaruslylara berýän ýardamlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Has ozal, 8-nji iýunda Tihanowskaýa Çehiýanyň prezidenti Miloş Zeman bilen duşuşdy. Zeman Tihanowskaýanyň gaýduwsyzlygyna haýran galýandygyny mälim etdi we oňa goldaw sözlerini beýan etdi. Prezidentiň metbugat sekretarynyň ýazan twitine görä, Zeman belarus oppozisiýa liderine “Ýewropanyň iň soňky dikatoryna garşy ýeňiş” arzuw etdi.

Tihanowskaýa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan rus dilli “Current Time” kanalyna beren interwýusynda diňe “raýat jemgyýeti bilen režimiň arasyndaky milli dialogyň” Belarusda häzir dowam edýän syýasy başagaýlygyň soňuna çykyp biljekdigini aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin soňky ýyllarda Lukaşenkany bileleşik döwletini gurmak baradaky 20 ýyllyk ylalaşygy berkitmek üçin Lukaşenkany iki ýurduň ykdysadyýetini birleşdirmek ugrunda ädim ätmäge mejbur edýär.

Lukaşenka ilki basyşy ret etdi, ýöne ozal görlüp-eşidilmedik köçe protestleri we munuň yz ýany girizilen Günbatar sanksiýalary rus prezidentiniň garşysynda Lukaşenkanyň pozisiýasyny ejizletdi.

Tihanowskaýa krizis arkaly Lukaşenkany goldaýan Russiýanyň araçy hökmünde “konstruktiw rol” oýnap biljekdigini, ýöne şol bir wagtyň özünde islendik çözgüdiň belarus halky tarapyndan kabul edilmelidigini aýtdy.

“Ýöne, Belarusda bolup geçýän zatlar içerki meseledir. Bu režime garşy göreşdir, bu geopolitika barasynda däldir. Ýöne režim Kreml üçin hem problema öwrülip barýar” diýip, Tihanowskaýa aýtdy we özüniň we oppozisiýanyň Moskwa bilen arada “resmi kontaktlarynyň” ýokdugyny sözüne goşdy.

Ol Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugyna beren aýrybaşga interwýusynda basyp ýatyrmalaryň pidalary bolan we saglyk bejergisi üçin Çehiýa respublikasyna gaçyp gelen köp sanly belrausly bilen duşuşandygyny gürrüň berdi.

Degişli maglumat Tihanowskaýa dünýäde Belarus oppozisiýasyna berilýän goldawy öwýär 

“Çehiýada men ilki bilen Lukaşenkanyň Belarusda döreden dowzahynyň pidalary bilen duşuşdym. Çehiýa respublikasy olary kabul etdi we olara saglyk bejergisini berdi. Bilýäňizmi, olar maňa öz başdan geçirmelerini gürrüň berdiler. Aradan köp aý geçendigine garamazdan, olar aglaman durup bilmediler. Bu olaryň başyna gelen zatlaryň haç haçan ýatdan çykmajakdygyny aňladýar. Olar bolan zatlary gaýta-gaýta başdan geçirýärler” diýip, Tihanowskaýa düşündirdi.

“Bu zatlary görmek yza berýär, ýöne soňra ähli edýän zatlaryňy näme sebäp bilen edýändigiňe, nämäniň ugrunda göreşýändigiňe, näme üçin režime garşy göreşýändigiňe ýene bir gezek göz ýetirýärsiň” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

38 ýaşly Tihanowskaýa iň soňky pursatda, adamsy Sergeý Tihanowskiýniň ornuna, prezidentlige dalaş etdi. Tihanowskiý geçen maýda tussag edilenden soňra onuň dalaşgärligi başa barmady. Meşhur wideo bloggeriniň goldawçylary onuň galp aýyplamalar esasynda tussag edilendigini aýdýarlar. Ol beýleki aýyplamalar bilen bir hatarda köpçülikleýin bidüzgünçilik guramakda aýyplanyp, 15 ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Tihanowskiýniň tarapdarlary aýyplamara “absurd” diýýär.

Muňa garamazdan, Tihanowskaýa saýlawlarda dalaş etmäge rugsat berildi, görnüşinden, Lukaşenka ony hasap etmedi.

Şeýle-de bolsa, Tihanowskaýa 9-njy awgust saýlawlarynyň ýakynlaşmagy bilen has köp adamy özüne çekdi we onlarça ýyl ýurdy dolandyran Lukaşenka üçin iň uly kynçylyk döretdi. Lukaşenka COVID-19 pandemiýasyny “köpçülikleýin psihoz” diýip, äsgermezçilik etdi we pandemiýa bilen bagly çäklendirme girizmekden boýun gaçyrmakda günäkärlendi.

Lukaşenkanyň 8-nji iýunda gol çeken Jenaýat kodeksine girizilen üýtgetmeler režime garşy çykyş eden demonstrantlara birnäçe ýyl azatlykdan mahrum edilmek howpuny abandyrýar.

Kanunçylyk rugsat berilmedik protestlere gatnaşan adamlaryň, eger olar soňky 12 aýda birmeňzeş çärelere gatnaşyp, iki gezek tutulan bolsa, üç ýyl azatlykdan mahrum edilmegini göz öňünde tutýar. Ozallar, rugsat berilmedik demonstrasiýalara gatnaşmagyň jezasy jerime bilen ýa-da birnäçe günden iki hepdä çenli gysga möhletli tussaglyk bilen çäklenýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.