Ilkinji tapgyr geçildi. Owganystanyň üstünden döwrüň beýik söwda ýoly amala aşyryldy. Bu sebite näme berer?

Iri ýük ulaglary Owganystan-Pakistan serhediniň golaýyndaky Torhamyň daglyk jülgelerinden geçip barýar.

Maý aýynyň başynda Karaçi port şäherinden gaýdan pakistanly ýük maşynlary Kabuldan üstaşyr geçip, Özbegistanyň paýtagty Daşkende medisina dermanlaryny getirdi. Soňra 13-nji maýda özbek ýük ulaglary Daşkentden deri-gön önümlerinden taýýarlanan harytlary Pakistanyň Faýsalabad şäherine getirdi.

Bu ýükler köp ýyllap dowam edýän uruşlar sebäpli söwda aragatnaşygyna mümkinçilik bolmadyk Owganystanyň ýol mümkinçiliklerini barlamak üçin, göz öňünde tutulan synag gatnawlarynyň ilkinji bölegidir. Bu çäre Kabul bilen Yslamabadyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar arkaly amala aşyryldy.

Taslama ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy (USAID) tarapyndan, tehniki we maliýe goldawyny aldy. Agentlik bu inisiatiwanyň "sebitleýin söwda integrasiýasyny we baglanyşyklaryny ösdürmegi" maksat edinýändigini aýtdy.

Ýükleri daşamak işleri Halkara transport gümrük konwensiýasyna (TIR) laýyklykda, halkara harytlaryň daşalmagyny ýeňilleşdirýän gümrük şertnamasy esasynda amala aşyryldy. Köptaraplaýyn şertnama gümrük paçlaryny we salgytlary tölemegiň zerurlygyny aradan aýyrýar. Owganystan 30 ýyllyk arakesmeden soň, 2013-nji ýylda TIR-e goşuldy, Pakistan bolsa Halkara transport gümrük konwensiýasyna 2017-nji ýylda goşulypdy.

Kabulyň üsti bilen Karaçiden Daşkende

Waşingtonda ýerleşýän ABŞ-nyň Parahatçylyk institutynyň ösüş meseleleri boýunça ykdysatçysy William Berdiň aýtmagyna görä, synag maksady bilen geçirilen bu gatnaw taslamasy "ynam dörediji wakadyr", emma şol bir wagtyň özünde-de "möhüm synagdan ötri, eýsem konseptual barlagdyr”.

— Bu proýekt iş ýüzünde ýola goýulsa, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna-da ýaýbaňlanyp bilerdi. Wagtyň geçmegi bilen bolsa ýurt üstaşyry söwda mümkinçilikleri Pakistana-da, Merkezi Aziýa ýurtlaryna-da ep-esli peýdaly bolar. Eger bu üstaşyr söwda gatnawy has giň gerimde ýaýbaňlansa, goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerini ösdürmek bilen birlikde, Owganystanda durnukly parahatçylygyň amala aşmagyna-da ýardam bererdi – diýip, Berd aýdýar.

Köp ýyldan bäri uruş hereketleri barýan Owganystanyň goňşularynyň oýnatgy toparlary maliýeleşdirmekde tejribeleri bar. Pakistan radikal yslamçy “Talyban” toparynyň esasy daşary ýurt howandary saýylýar, Eýran bilen Orsýet hem soňky ýyllarda söweşiji toparlar bilen gatnaşyklaryny giňeltdi.

«TÄZE SÖWDANYŇ DÖWRI»

Pakistanyň premýer-ministri Imran Hanyň söwda we maýa goýum meseleleri baradaky geňeşçisi Abdul Razak Dawut geçirilen synagyň "üstünlikli" bolandygyny aýdýar.

— Biziň maksadymyz günbatar we demirgazyk goňşularymyz bilen aragatnaşygy gowulandyrmak. Şoňa görä, biz bu işden örän hoşaldyrys. Biz has köp [söwda] isleýäris — diýip, Dawut Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna aýtdy.

Dawut Yslamabadyň ýakyn aýlarda Özbegistan we Owganystan bilen pes ýa-da ýarym nyrhlary ylalaşygy öz içine alyp biljek ýokary söwda şertnamalaryna (PTA) gol çekilmegine garaşýandygyny aýtdy.

Pakistan ençeme ýyl bäri agyr ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär, şeýle hem energiýa krizisini başdan geçirýär. Ol uzak wagtdan bäri Merkezi Aziýanyň baý bazarlaryna çykmaga mümkinçilik agtarýar.

Pakistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Yslamabat kömür, dökün we dokma senagaty önümleri ýaly köp özbek harytlaryny import etmek isleýär.

Pakistanyň transport kompaniýasy Best Trans Pvt hem-de Özbegistanyň transport-ekspeditor kompaniýasy bolan “Asad Trans” – şu iki gurama şol proýekti amala aşyrmaga gatnaşdylar. Pakistan hem Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýük daşaýan awtoulaglaryň sanyny 50-e ýetirmegi meýilleşdirýärler.

«Talyban» hereketiniň wekilleri bilen Özbegistanyň resmi wekilleriniň 2019-njy ýyldaky duşuşygy.

Synçylaryň aýtmagyna görä, sebitdäki ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine iň uly bökdençlik Owganystandaky söweşler bolup durýar, ABŞ-nyň we beýleki Günbatar ýurtlaryň Owganystandan harby güýçlerini çykaryp başlamagy bilen içerki söweşleriň barha güýçlenýändigini muňa mysal hökmünde aýdýarlar.

11-nji sentýabrda daşary ýurt goşunlary doly çykarylandan soň "Talyban" ýurdy zor bilen ele geçirmäge synanyşsa, raýat urşunyň barha ýaramazlaşmagyndan howatyr edilýär.

"Talyban" söweşijileriniň öz gözegçiligindäki çäklerden geçýän Pakistan we Özbegistan ýük ýoluny goldaýandygy ýa-da ýokdugy belli däl. Owganystanyň territoriýasynyň tas ýarysyna golaýy “Talybanyň” ýolbaşçylygynda ýa-da olar şol ýerlerde söweş alyp barýarlar.

— Eger howpsuzlyk meselesi ýaramazlaşsa hem-de ABŞ yza çekilenden soň zorluk çäreleri hasam güýçlense, bu Owganystandaky ykdysady işjeňlige, umuman alnanda, sebitleriň ykdysady gatnaşyklaryna örän çynlakaý päsgelçilik bolup biler – diýip, Berd aýdýar.

Sebitde söwda aragatnaşygyny giňeltmäge beýleki bir päsgelçilikleriň sebitdäki serhet geçelgelerinde giňden ýaýran korrupsiýa boljakdygyny, şeýle hem owgan awtoulag ýollarynda köp sanly gözegçilik nokatlary bolup, olaryň ýük daşaýjylardan töleg alýandygyny Berd düşündirýär.

Senagat we söwda ministrliginiň metbugat sekretary Fuad Ahmadiniň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda, Pakistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük ýolunyň Owganystana sebit söwdasy gatnaşyklarynda “aýlawly çatryk” bolmagyna mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani öz ýurdunyň "sebitara gatnaşyklarda merkez" hökmünde, potensial mümkinçiligini birnäçe gezek aýtdy.

Hindistana eksport etmek üçin, Owganystandan haryt getiren ýük ulagy Eýranyň Çabahar şäheriniň golaýyndaky Şahid Beheşti portunda. 2019-njy ýyl.

Ýöne bilermenler üstaşyr geçýän bu ýoluň deňze çykmaga mümkinçiligi bolmadyk Owganystan üçin peýdasynyň has az boljakdygyny aýdýarlar.

— Owganystan üçin öz ykdysadyýetini ösdürmek, hususan-da, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk we magdançylyk işlerini ýaýbaňlandyrmak has peýdaly bolardy. Owganystan üçin giňden ýaýran resmi däl we kontrabanda meselesi bolup durýan minerallary çykarmak we eksport etmek gaty möhüm, ondan häzirki wagtda Pakistan bilen Eýran peýdalanýar. Eksporty bolsa owgan harytlaryny goňşy ýurtlaryň, esasanam Pakistanyň üsti bilen geçirmek has amatly bolar – diýip, Berd aýdýar.

Pakistan Owganystana Yslamabadyň esasy duşmany bolan Hindistana öz üstünden haryt daşamagy gadagan etdi.

Netijede, Deli we Kabul owgan harytlarynyň hindi bazaryna has giň elýeterliligini üpjün etmek üçin, 2016-njy ýylda täze ýük koridoryny açdy.

Eýranyň strategiki Çabahar portunyň üsti bilen Deli, Kabul we Tähran söwda ýoluny gurdular.

Deňiz söwda ýoly Owganystanyň Pakistana garaşlylygyny azaltdy hem-de Owganystana deňiz ýoluny açmaga Hindistan üçin mümkinçilik döredi. Şeýle hem Hindistan Merkezi Aziýa respublikalarynda tebigy baýlyklara elýeterli boldy.

Netijede, soňky ýyllarda Owganystanyň Pakistan bilen söwdasy pese gaçdy. Muňa derek Eýran Owganystanyň iň uly söwda hyzmatdaşyna öwrüldi.​

«SYÝASY UTUŞLAR»

Deňze çykmaga mümkinçiligi bolmadyk Özbegistan sebitdäki söwda ösüşinden iň köp peýda görer.

Özbegistanyň deňze ýük aşyrmak mümkinçiligi gaty çäkli bolansoň, Daşkent Pakistanyň we Eýranyň deňiz portlaryna göni baglanyşygy üpjün etmek üçin şertleri gözleýär.

Fewral aýynda Owganystanyň, Pakistanyň we Özbegistanyň resmileri demirýol gurmak üçin, ýol kartasyna gol çekdiler. Ol ýol Özbegistanyň serhedine golaýlykdaky Owganystanyň demirgazyk şäheri Mazar-i-Şerifden Kabula, ondan hem Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherine barmaly.

Daşkent söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin, birnäçe günorta goňşulary bilen dürli şertnamalara gol çekişdi. Şeýle-de bolsa, özbek kompaniýalary entek köp päsgelçilikleriň bardygyny aýdýarlar.

Özbegistanyň transport-logistika kompaniýasynyň başlygy, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen Azatlygyň Özbek gullugyna mälim etmegine görä, Pakistan-Özbegistan marşruty Daşkende we Yslamabatda "syýasy utuş" gazanmaga mümkinçilik döredýär.

«Aslynda, Özbegistanda Pakistan ýa-da Owganystan bilen harytlary kabul etmek, hasaba almak we ibermek boýunça hökümetara şertnamalary ýok. Biz şu meseleler bilen Transport ministrligine ýüz tutanymyzda, o ýerde oturan resmiler mydama şol bir zady aýdýarlar: "Biz munuň üstünde işleýäris" diýýärler» diýip, ol aýdýar.

Degişli maglumat ABŞ Owganystandan goşunlaryny çykarýar. Amerikan harbylary Merkezi Aziýada galyp bilerlermi?

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.