Azatlyk Radiosynyň habarçysy karantinde saklanýan raýatlardan ilki 10 adamyň koronawirus testiniň pozitiw netije görkezendigini habar berdi. Soňra habarçy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligindäki bir çeşmä salgylanyp, bu sanyň 40-a ýetendigini we olaryň häzirki wagtda Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasyna ýerleşdirilendigini habar berdi.
Habarçy koronawirus tapylansoň, Dubaýdan gelen toparyň ählisiniň 21 günlük karantin möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi.
Azatlygyň iki habarçysy koronawirus tapylan raýatlaryň ählisiniň Ýokanç keselleri hassahanasyna ýerleşdirilendigini tassyklady.
Ýatlasak, 14-nji maýda “Türkmenistan” howaýollary 200 töweregi raýaty Dubaýdan Türkmenabada getirdi. Ýurda dolanan raýatlar karantiniň ilkinji güni koronawirusa garşy hytaý waksinasynyň birinji dozasyny kabul etdi. Habarçynyň maglumatlaryna görä, ikinji doza 3-nji iýunda sanjyldy.
Degişli maglumat Daşarda galan raýatlaryň ýene bir tapgyry ýurda getirildi, olara COVID-19 garşy sanjym edilýärDubaýdan gelen uçara Malaziýadan we Türkiýeden hem gelip goşulan türkmenistanly raýatlar boldy. Galyberse-de, habarçy ýurda dolanan raýatlaryň arasynda ozal koronawirusa garşy sanjym kabul eden raýatlaryň bolandygyny habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, koronawirus testi pozitiw netije görkezen raýatlar Malaziýadan we Türkiýeden Dubaý gatnawyna goşulan raýatlar; olaryň arasynda aýallarda-da, erkeklerde-de pozitiw netije tapylypdyr.
“Koronawirus testi pozitiw çykan raýatlaryň arasynda okuwy tamamlap gelen raýatlar bar, köpüsi ýaş. Olaryň arasynda Malaziýada ýokary bilim alyp gelen raýatlar hem bar” diýip, habarçy aýtdy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, ozal sanjym kabul eden adamlaryň koronawirus testi örän seýrek ýagdaýda pozitiw netije görkezmegi mümkin.
“Waksinalaryň hiç haýsy 100 % täsirli däl. Munuň netijesinde, COVID-19 waksinasyndan soňra, garaşylyşy ýaly gorag ösdürmedik az sanly adam bolmagy mümkin” diýip, BSSG-nyň web-saýty aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenistanyň karantin zolagynda COVID-19 ýokaşýar, protest döreýär“GAVI” waksina ýaranlygynyň maglumatlaryna görä, ozal sanjym kabul eden adamlaryň koronawirus testleri, diňe iki ýagdaýda, pozitiw netije görkezmegi mümkin: ýa testi pozitiw netije görkezen adam ýokanja garşy gorag ösdürmedik örän seýrek adamlardan biri, ýa-da testiň netijesi ýalňyş. Ýaranlygyň maglumatyna görä, häzir ulanylýan waksinalaryň köpüsi wirusa garşy 95 göterim täsirli.
Habarçy Türkmenistanda sanjymdan soň koronawirus testi pozitiw netije görkezen adamlardan 2-3 gezek test alynandygyny habar berýär.
Aslynda Türkmenistan şu wagta çenli resmi taýdan tassyklanan hiç bir COVID-19 hadysasy barada habar bermedi.
Şu aralykda, 30-njy maýda Moskwadan Türkmenabada getirilenden soňra, karantine ýerleşdirilen we karantin şertlerinden şikaýat eden raýatlar 6-njy iýunda, garaşylmadyk ýagdaýda, şertleri gowulandyrylan başga bir ýere göçürildi.
Ýolagçylaryň şertleri gowulandyrylan ýere göçürilmegi Azatlyk Radiosynyň ýaramaz karantin şertleri barada beren habarynyň yz ýanyna gabat gelýär.
Azatlyk Radiosy “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasynyň 30-njy maýda 140 ýolagçyny Moskwadan Türkmenabada getirendigini, ýurda dolanan raýatlaryň köpüsiniň karantin üçin harby çadyrlara ýerleşdirilendigini, ýöne karantin şertleriniň juda ýaramazdygyny, howanyň yssdygyny we yssy howada raýatlaryň harby çadyrlarda kösenýändigini habar berdi.
Degişli maglumat Türkiýeden getirilen bir zenan COVID-19 sebäpli ýogaldy“30-njy maýda Moskwadan gelen ýolagçylary düýn garaşylmadyk ýagdaýda başga ýere, täze “Ak öýüň” golaýynda ýerleşýän lagere göçürdiler” diýip, birinji habarçy habar berýär.
Karantindäki raýatlaryň hossarlary olaryň Amyderýanyň kenaryndaky “Bagtyýarlyk” çagalar lagerine göçürilendigini aýdýarlar.
Habarçylaryň we çeşmeleriň maglumatlaryna görä, harby çadyrlarda saklanan adamlar 5-nji iýun güni şertlere nägilelik bildirip, protest geçiripdirler. Howanyň temperaturasy Türkmenabadyň karantin şertlerinde 47 gradusdan geçipdir.
“Bu raýatlar ‘eger-de karantinde saklajak bolsaňyz, şertleri gowulandyryň’ diýip, öz talaplaryny öňe sürüpdirler. Eger-de biziň şertlerimizi gowulandyrmasaňyz, biz karantinde galmarys’ diýip, protesti dowam etdiripdirler” diýip, karantin astyndaky bir ýolagçynyň hossary aýdýar.
“Şondan soňra, 6-njy iýunda olaryň talaplaryna laýyklykda harby çadyrdaky raýatlar Türkmenabadyň gündogarynda, Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän “Bagtyýarlyk” çagalar lagerine göçürdiler” diýip, karantin astyndaky bir raýatyň hossary sözüne goşdy.
Galyberse-de, bu harby çadyrlarda Russiýadan deport edilen 30 türkmenistanly tussag hem bar ekeni. Olar 30-njy maýda Moskwadan Türkmenabada getirilen uçarda, rus resmileriniň talaplary esasynda, Russiýadan Türkmenistana gaýtarylyp getirilipdirler.
Degişli maglumat “Türkmenhowaýollarynyň” çarter gatnawy Moskwadan Türkmenabada 140 ýolagçy getirdiÇeşmäniň sözlerine görä, olar 6-njy iýunda nahar wagty goh turuzypdyrlar we gyzlary gorkuzypdyrlar. Olar hem ähli raýatlar bilen bir hatarda “Bagtyýarlyk” çagalar lagerine göçürilipdirler.
“Çagalar bagynda şertler gowy. Kondisionerler işläp dur. Yssy suw, içimlik arassa suw akyp dur. Hemme şertler gowy” diýip, ýolagçy hossary gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy bilen habarlaşan çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze karantinde iki komnatly jaýlar, özbaşyna hajathana, duş bar, karantin jaýynyň töweregi miweli baglar bilen gurşalypdyr.
Ýolagçy hossarlary olaryň protest aksiýalary sebäpli täze ýere göçürilendigini çaklaýar, ýöne wakanyň ýene bir wersiýasyna görä, karantindäki raýatlaryň arasynda bir ýokary wezipeli emeldaryň ogly hem bar ekeni. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, emeldar oglunyň şeýle ýaramaz şertlerde karantin astyna alynmagy sebäpli, onuň bilen aragatnaşygy kesip, oglunyň has oňat ýere göçürilmegi ugrunda tagalla edip başlapdyr. Şondan soň, karantindäki ähli adamlary, şol sanda tussaglary çagalar bagyna göçüripdirler.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenabatdaky “Bagtyýarlyk” çagalar lageri mundan 6-7 ýyl ozal prezidentiň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi.
Dubaýdan gelen raýatlaryň karantin möhleti uzaldylyp, Moskwadan gelen raýatlar şertleri gowulandyrylan çagalar bagyna göçürilýän mahaly, Türkmenistan ýurtda resmi taýdan hasaba alnan COVID-19 hadysalary barada habar bermeýär. Pandemiýanyň ilkinji günlerinden bäri häkimiýetler şeýle maglumatlara, hamala, döwlet syry ýaly çemeleşip gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.