Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollarynyň” çarter gatnawy Moskwadan Türkmenabada 140 ýolagçy getirdi


Lebapda bir karantin zolagy. Sentýabr, 2020.
Lebapda bir karantin zolagy. Sentýabr, 2020.

30-njy maýda “Türkmenistan” howaýollary kompaniýasynyň Moskwadan gelen çarter uçary Türkmenabadyň halkara aeroportuna gondy.

Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, ýörite uçar gatnawy bilen Türkmenistana getirilen 140 ýolagçy Türkmenabadyň karantin merkezlerine ýerleşdirildi.

110 ýolagçy harby çadyrlara, galan 30 sany ýaş çagaly maşgala Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasyna karantine ýerleşdirildi.

Türkmenabadyň halkara howa menziliniň bir işgäriniň sözlerine görä, ýurda gelen raýatlar ilki saglyk barlagyndan geçirildi, soňra ýörite awtobuslarda karantin merkezlerine äkidildi. Aeroport işgäriniň anonim şertlerde beren maglumatlaryna görä, ýurda dolanan ýolagçylaryň 50 göterimden gowragy ozal koronawirusa garşy sanjym kabul eden ekeni.

Harby çadyrlarda karantine ýerleşdirilen bir ýolagçynyň 30-njy maý güni telefon arkaly dogan-garyndaşlaryna beren maglumatlaryna görä, ýurda dolanan raýatlar ilki özleriniň Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän karantin zolagyna alnyp gidiljekdigini çaklapdyrlar. Ýöne soňy bilen olaryň ençemesi başga harby çadyrlara ýerleşdirilipdirler.

Habarçynyň 31-nji maýda irden beren maglumatlaryna görä, harby çadyrlara ýerleşdirilen raýatlar karantin zolagyndaky ýaramaz şertlerden şikaýat edýärler.

“Howanyň temperaturasy 40 gradusdan geçýär. ‘Amyderýanyň golaýyndaky karantin zonada şertler gowy’ diýip, bizi başga ýere getirdiler. Bizi ýalan gepläp, çölüň içine getirdiler. Bu ýeri yssy, gijelerine-de yssy, ýatyp bolmaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy karantin astyna alnan ýolagçynyň sözlerini sitirledi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Amyderýanyň çep gapdalynda ýerleşýän karantin zolagynda ýaňy-ýakynda Dubaýdan gelen raýatlar karantin astynda saklanýar.

Ýatlasak, 13-nji maýdan 14-nji maýa geçilen gije “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýörite gatnawy 200 çemesi türkmenistanlyny Dubaýdan Türkmenabada getirdi.

Munuň yz ýany, 21-nji maýda Türkmenistanyň çarter uçary pandemiýa sebäpli Minskde galan türkmenistanlylardan 200 töweregi ýolagçyny Türkmenbaşa getirdi.

Ýurda gaýtarylan raýatlar, olaryň koronawirusa garşy sanjym kabul edendigine ýa-da däldigine garamazdan, 21 gün möhlet bilen karantin astyna alynýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Dubaýdan gelen ýolagçylaryň karantiniň ilkinji güni koronawirusa garşy hytaý sanjymynyň birinji dozasyny kabul edendiklerini habar berdi.

“Ertir howanyň temperaturasy 43 gradus bolar. Çölüň içindäki palatalar gaty yssy. Ýolbaşçylar karantin zonalarynyň çäklidigini bilseler-de näme sebäpden täze reýs gurnaýarlar!?” diýip, karantin astyna alnan ýolagçylaryň biri dogan-garyndaşlary bilen telefon söhbetdeşliginde gürrüň berdi. Habarçy ýolagçylaryň hossarlaryna salgylanyp, Moskwadan dolanan raýatlaryň karantiniň çöl şertlerinden şikaýat edýändiklerini habar berýär.

Habarçy karantin astyna alnan raýatlarda, ýaramaz şertler sebäpli, köpçülikleýin nägilelik alamatlarynyň bardygyny habar berýär.

“Bu gün karantiniň birinji güni. Bular şok ýagdaýynda, nirä gelip düşendiklerine göz ýetirip bilenok. Ýaş çagaly maşgalalaryň hassahana ýerleşdirileni gowy, ýöne ýokary bilimini tamamlap ýurda dolanan raýatlara-da gowy şert tapmaly” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Dubaýdan dolanan raýatlardan 50 çemesi çagaly maşgala Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasyna, 110 erkek adam we 45 zenan Türkmenabadyň baş karantin merkezine ýerleşdirildi.

Türkmenistan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda gaýtarýan mahaly, Lebabyň çäginde ýerleşýän karantin merkezleriniň sanyny artdyrdy, ýöne karantinde galýan raýatlar bu merkezlerde şertleriň ýaramazdygyny aýdýarlar we yssy howadan şikaýat edýärler.

Çöl klimaty bolan Türkmenistanda howanyň temperaturasy tomsuna 40-45 gradusdan geçýär. Howa tomsuna gurak we yssy bolýar. Tomus pasly maýyň ahyrlaryndan sentýabryň başlaryna çenli dowam edýär.

Bu aralykda, Belarusdan ýurda dolanan studentler ýaňy-ýakynda Minskden gelen “Türkmenistan” howaýollary kompaniýasynyň çarter gatnawy üçin özleriniň 5950 manada bilet satyn alandyklaryny habar berdiler. Bu dollaryň Türkmenistandaky resmi alyş-çalyş bahasy boýunça 1700 dollara, gara bazaryň nyrhy boýunça 160-170 çemesi dollara barabar bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG