'Para bermän gidip bolmaz'. Türkmenistanyň raýatlarynyň beýleki ýurtlardan getirilmegi dowam edýär

Aşgabadyň aeroporty, 2019 (illýustrasiýa suraty) 

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň daşynda galan raýatlaryny ýurda gaýtarmagyny dowam etdirýärler. Azatlygyň birnäçe çeşmesine görä, türkmen raýatlaryny getirmek işi käbir ýurtlaryň daşary ýurt migrantlary üçin wagtlaýyn wiza bermekden ýüz öwürmegi sebäpli bat alypdyr. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistana gaýtmak hemmä miýesser etmeýär, esasy päsgelçilikleriň biri garaşylmadyk maliýe çykdajylaryndan ybarat bolýar.

Azatlygyň birnäçe çeşmesine görä, türkmen awiakompaniýalary tarapyndan getirilýän raýatlaryň, hususan-da Russiýa Federasiýasyndan gelýän ýolagçylaryň sanawyna girmegiň çykdajysy häzirki wagtda her bir ýolagça 1,5-4 müň amerikan dollaryna ýetip bilýär.

"Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň işgärlerine 'üstüne tölemeli' bolýar, olaram Daşary işler ministrliginiň işgärleri bilen paýlaşmaly. Bu möçber 1,5 we 4 müň dollar aralygynda. Bu nyrh 30-njy maýda uçan ýörite uçara degişli "-diýip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen ygtybarly çeşmeleriň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Beýleki çeşmelere görä, şeýle nyrhlar soňky aýda türkmen raýatlaryny daşary ýurtlardan, şol sanda Kazandan, Minskden, Malaýziýadan getirmek üçin türkmen häkimiýetleri tarapyndan gurnalan ähli uçuşlara degişli.

Azatlygyň çeşmeleriniň bu maglumatlary barada, şeýle-de häzirki wagtda häkimiýetleriň guraýan uçarlaryna münmek üçin mümkinçlikler barada resmi maglumatlary we düşündirişleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden we Türkmenistanyň daşary ýurt wekilhanalaryndan alyp bolmady.

Degişli maglumat “Türkmenhowaýollarynyň” çarter gatnawy Moskwadan Türkmenabada 140 ýolagçy getirdi

Çeşmeler bolsa, 30-njy maýda Moskwadan 176 adamyň Türkmenabada getirlendigini, olaryň arasynda tussaglaryň hem bolandygyny habar berdiler.

"Türkmenabada baranlaryň arasyndaky wajyp adamlar derrew howa menziliniň golaýynda Mara tarap ýoluň ugrunda ýerleşýän täze ýokanç keseller hassahanasynyň aýratyn bloguna äkidildi. Şol ýere, ýöne adaty otaglara çagaly zenan ýolagçylary iberdiler. Mundan başga, tussaglary aýra çykardylar we beýleki erkekler bilen bilelikde ýokanç keseller keselhanasynyň ýanyndaky çadyr düşelgesine ýerleşdirdiler "-diýip çeşmeleriň biri aýtdy.

Başga bir çeşmäniň habaryna görä, ucarda baranlaryň arasynda wajyp hasaplanýan adamlardan başgalar aeroportdan çykarylyp, awtobuslar gelýänçä 4 sagatlap açyk meýdanda gün astynda saklanypdyr.

"Şol gün adatdan daşary yssy günleriň biridi. Mundan başga-da, ýolagçylary ilki awtobuslara mündürdiler, soň düşürdiler we ýene garaşmaga mejbur etdiler. Soňra olary çadyr düşelgesine äkitdiler" -diýip çeşme aýtdy.

Azatlygyň habarçylary Türkmenabatdaky karantin çadyr lagerindäki şertler barada käbir maglumatlary anyklamagyt başardylar.

"Gyzlar we aýallar aýratyn çadyrda ýerleşdirildi. Çadyrlar köp. Köpüsi boş. Bu uçarda gelen erkekler we oglanlar aýallar çadyrynyň gapdalynda ýerleşdirildi. Bu çadyrlar tor bilen bölünýär, ýakynlaşmak we habarlaşmak gadagan edilýär. Zenanlaryň çadyrynda kondisioner gowy işleýär, erkekleriň çadyrynda sowadyjy zordan işleýär. Düýn erkekleriň arasynda pul we sagat ogurlygy ýüze çykdy we dawa turdy" diýip, Azatlygyň habarçysy 2-nji iýunda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, çadyr laderinde hajathana we duş bar. Aýallar çadyrynda 17 adam, erkekleriň çadyrynda has kör adam ýerleşýär we hajathana nobatlar döreýär.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçysy çadyr karantin zonasyndaky ýagdaý barada gürrüň berip, ozal karantin zolagynda saklanýanlaryň azyk, suw we arassaçylyk serişdelerini sargap aldyrmak üçin mümkinlik tapan bolsa, indi lagere 30 maýda getirilen ýolagçylaryň arasynda tussaglaryň getirilmegi sebäpli munuň düýpden gadagan edilendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda karantin zolagynda 4 gat gözegçilik ýola goýlupdyr. Zolag harbylar, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri, jenaýat derňew bölüminiň we ýol polisiýanyň wekilleri tarapyndan goralýar.

Habarçylaryň habar bermegine görä, Türkmenistana baran raýatlar öz zatlaryny we telefonlaryny howa menzilinde galdyrmaly. Karantin zolaklarynda täze ýokanç keseller hassahanasyndan başgasynda, aşa erbet iýmit, arassa agyz suwunyň ýoklugy we agyr şertler saklanýar, köp adama öz otagyndan çykmaga rugsat berilmeýär.

Degişli maglumat Türkmenistan Dubaýdan raýatlarynyň ýene bir tapgyryny yzyna gaýtarýar

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri birnäçe ýurduň daşary ýurtlular üçin wagtlaýyn wiza bermekden ýüz öwürmegi sebäpli ýörite uçarlaryny guramagyna bat berlipdir.

"Aprel aýynyň ahyrynda Russiýa tarapy galan türkmen raýatlaryna wiza bermejekdigini we Türkmenistanyň iýun aýynyň ortalaryna çenli hemme raýatyny äkitmegini talap etdi" diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertinde gürleşen habarly çeşmeleriň biri aýtdy.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli rus häkimiýetleri tarapyndan daşary ýurtly migrantlar üçin Orsýetde wagtlaýyn ýaşamaga beren resmi möhleti 2021-nji ýylyň 15-nji iýunynda gutarýar.

Çeşmeler geljek hepdede Moskwadan ýene bir uçara garaşylýandygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosy türkmen resmilerinden, şol sanda Moskwadaky türkmen ilçihanasynyň wekillerinden uçarlar barada resmi maglumat alyp bilmedi.

Pandemiýa başlaly bäri yzygiderli halkara gatnawlaryň ýatyrylmagy we çäklendiriji çäreleriň girizilmegi sebäpli köp sanly türkmen raýaty watanyna gaýdyp barmak mümkinçiliginden mahrum edildi. Resmi däl maglumatlara görä, ýüzlerçe müň türkmen raýaty Türkmenistana uçuşlaryň täzeden başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Köpüsi dokumentleriň we eklenç serişdeleriniň ýokdugy zerarly uly kynçylyklary başdan geçirýär.

Degişli maglumat Türkmenistanyň karantin zolagynda COVID-19 ýokaşýar, protest döreýär

Häzirki wagtda öz ýurduna gaýtmaga synanyşýan türkmen raýatlarynyň duçar bolýan ýene bir kynçylygy Türkmenistana gurnalýan uçarlaryň gününiň we wagtynyň öňünden mälim edilmezligine degişli.

"Adamyň ýolagçylar sanyna goşulandygy barada az wagtyň içinde habar berilýär we ýolagçylar gyssagly beýleki şäherlerden Moskwa gitmeli we Türkmenistana uçar biletini satyn almaly bolýar" - diýip, ýene bir çeşme gürrüň berýär.

Bu aralykda uçara münmek üçin resmi talaplaryň ençemesini ýerine ýetirmek kyn bolýar. Biletler diňe ýolagçylar sanawynda ady bolanlara satylýar. Bron diňe 5 sagat dowam edýär we bu aralykda bileti satyn alyp ýetişmeli bolýar.

"Tanyşlygyň bar bolsa, Russiýa Federasiýasynda bileti 120 dollara alyp bolýar, Türkmenistanda bolsa, meselem studentleriň ene-atalary bileti 360 dollara, döwlet nyrhy boýunça manatda däl, eýsem dollarda satyn almaly bolýar. Ene-atalara oglunyň ýa-da gyzynyň sanawa goşulandygy aýdylman, biletler wagtynda satyn alynmadyk we çagalary öýlerine uçup bilmedik halatlary hem boldy "-diýip çeşme gürrüň berýär.

Mundan öň maýyň ahyrynda ýörite ýolagçy bilen 140 adam Moskwadan Türkmenabat şäherine getirildi. 21-nji maýda Minskden Türkmenbaşy şäherine çarter uçary bilen 200 töweregi raýat getirildi. 14-nji maýda 200-e golaý türkmen raýaty "Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň ýörite uçary bilen Dubaýdan Türkmenabat şäherine bardy. Ýurda gelenleriň hemmesi Türkmenabadyň karantin zolaklarynda üç hepdelik izolýasiýa edilýär.

Türkmen häkimiýetleri koronawirus pandemiýasy sebäpli beýleki ýurtlarda galan raýatlaryny getirmek planlaryny ilkini gezek geçen ýylyň awgust aýynda yglan etdiler. Şondan bäri Russiýadan, Belarusdan, Hindistandan, Özbegistandan, Türkiýeden we ýene birnäçe ýurtdan türkmen raýatlaryny getirmek üçin onlarça uçar guraldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.