Rus onlaýn neşiri ýurduň häzirki "syýasy ýagdaýy" sebäpli ýapylandygyny aýdýar

Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň onlaýn habar beriş serişdesi "NEWSru" ýurduň häzirki "syýasy ýagdaýy" sebäpli ýapylandygyny habar berip, bu ýagdaýda ykdysady taýdan işlemegiň mümkin däldigini, reklama berijileriň garaşsyz habar çeşmelerinden gaça durýandygyny mälim etdi.

Soňky ýyllarda esasan habar ýygnaýjy hökmünde işleýän “NEWSru” 31-nji maýda beren beýanatynda Russiýadaky habar beriş serişdeleriniň öz makalalarynda salgylanylanda çeşmeleri döwletiň “ekstremist” ýa-da “daşary ýurt agenti” diýip kesgitlemegi talap edýän düzgünleriniň barha güýçlenýändigini we munuň uly täsir ýetirýändigini belledi.

Düýbi Moskwada ýerleşýän habar çeşmesi öz web sahypasynda çap eden beýanatynda "Ykdysady sebäplerden işimizi bes edýäris, ýöne olar ýurtdaky syýasy ýagdaýlar sebäpli agyrlaşýar" - diýip belledi.

Degişli maglumat Blinken USAGM-yň ýerine ýetiriji başlygy bilen Russiýanyň mediany çäklendirmek synanyşyklaryny maslahat etdi

“NEWSru” 2000-nji ýylda, prezident Wladimir Putiniň Kremlde ilkinji möhletini başlan ýylynda işe girişipdi.

Kompaniýa, ýedi ýyl mundan ozal Russiýanyň daşary syýasaty we içerki ykdysady gurluşy düýpgöter üýtgänsoň öwrülişik nokadynyň gelendigini aýtdy.

Moskwa 2014-nji ýylyň başynda Krymy Ukrainadan bikanun anneksiýa etdi we birnäçe hepdeden soň Ukrainanyň gündogaryndaky orsýetçi separatistlere goldaw berdi. Regionda dowam edýän konfliktde 13 200 töweregi adam wepat boldy.

"Günüň hakyky ýagdaýy döwlet metbugat çeşmeleriniň berýän suratyndan şeýle bir tapawutlandy, şeýlelikde esasy reklama berijiler 2014-nji ýyldaky wakalardan soň biziň bilen hyzmatdaşlygyny bes etdiler, beýlekiler bolsa, şu ýyl seresap bolup başladylar" diýip, "NEWSru" neşiri ýazýar.

Saýt 2000-nji ýylyň awgust aýynda NTW telekanaly üçin internet habar portaly hökmünde açyldy. Kanal "Gazprom-Media" toparynyň bir bölegi bolup, onuň web sahypasy rus oligarhy Wladimir Gusinskiniň gözegçiliginde galdy we domen adyny NEWSru.com diýip üýtgedipdi.

"NEWSru", Russiýanyň ýakynda birnäçe habar beriş serişdesini, şol sanda "Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny, "Meduza" metbugat portalyny we "VTimes" habar saýtyny "daşary ýurt agentleri" hökmünde yglan etmeginiň metbugata täsir edendigini we olary çäklendirmeleriň nyşanyna öwürendigini aýtdy.

"Biz abraýly adamlary we hakykaty paş edýän maglumat çeşmelerini daşary ýurt agentleri we ekstremistler diýip bellemeli bolduk. Ykdysadyýetdäki we kanun pudagyndaky häzirki ýagdaý NEWSru.com-yň ýokary hilli işine mümkinçilik bermeýär" - diýip neşir ýazýar.

Degişli maglumat 2020-2021-nji ýyllar: pandemiýanyň getiren agyr ýagdaýy awtoritarizmi güýçlendirýär

Russiýanyň habar serişdelerini "daşary ýurt agenti" hökmünde kesgitlemegini talap edýän kanuny 2012-nji ýylda kabul edildi we birnäçe gezek üýtgedildi.

Kanun daşary ýurtlardan kömek alýan, syýasy işjeňlik görkezýän we hökümete garaşly bolmadyk guramalardan hasaba alynmagy, özlerini "daşary ýurt agentleri" hökmünde tanatmagy we barlagdan geçmegi talap edýär.

Kanunyň soňky üýtgetmeleri, Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy we rus dilindäki beýleki alty sany habar gullugy, şol sanda "Nastoýaşeýe Wremýa" proýekti ýaly daşary ýurt tarapyndan maliýeleşdirilýän metbugat çeşmelerine garşy gönükdirildi.

Aýry-aýry habar çeşmelerine täsir ýetirmek üçin has giňeldilen bu kanun, Kremliň Russiýada daşary ýurt tarapyndan maliýeleşdirilýän işleri çäklendirmeklige gönükdirilen birnäçe çäreleriň biridir.

Şuňa meňzeş ýene bir çäre, ýagny "islenilmeýän guramalar" baradaky kanun Russiýada hökümete degişli bolmadyk esasan Ýewropanyň we ABŞ-nyň raýat jemgyýetçiligi guramalarynyň bir toparynyň işiniň ýapylmagyna getiripdi.

"NEWSru" 21 ýyldan gowrak wagt bäri toplanan habar arhiwiniň açyk we hemmeler üçin elýeterli boljakdygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.