Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, şeýle tagallalaryň çäginde paýtagtyň döwlet dükanlaryna çörek agşamlyk, iş wagtynyň aýagynda, dükan ýapylmazynyň öňýany getirilýär we ertesi irden satylýar.
Bir söwda işgäriniň sözlerine görä, bu ýagdaý çörek getirýän awtoulagyň we oňa garaşýan adamlaryň üýşmeleňleriniň wideoýazgy edilmeginiň öňüni almagy maksat edinýär.
Ýaşaýjylar hem hut şol sebäpden çöregiň adam ýok wagty dükana getirilýändigini we garaşylmaýan wagtynda satylýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat “Arzyňy prezidentiňe hem ýetiräý!”. Döwlet dükanlaryndaky çäkli harytlaryň ‘çäksiz’ söwdasyAzatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän nobatlary gizlemek synanyşyklary barada habar berip gelýär.
Apreliň ortalarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow azyk nobatlarynyň kakasynyň abraýyna zyýan ýetirýändigini öňe sürüp, adamlaryň dükanlaryň öňünde we töwereginde üýşmezligini söwda ministrliginden talap etdi. Bu barada söwda ministrligindäki bir çeşme adynyň efirde agzalmazlyk şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi.
Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetleriň nobat ýaşyrmak tagallalary diňe bir azyk nobatlarynyň öňüniň alynmagyndan ýa-da dargadylmagyndan ybarat däl, eýsem, bankomatlaryň öňünde döreýän nobatlar hem häkimiýetler tarapyndan ýaşyrylmaga synanyşylýar.
Bankomat nobatlarynyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň we onuň ogly Serdar Berdimuhamedowyň “abraýyna şek ýetirýändigi” aýdylyp, Maryda bankomatlaryň öňünde nobatlar gadagan edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy geçen hepde habar berdi. Türkmenistanda ilat pul nagtlaşdyrmakda agyr kösençlikleri başdan geçirýär, nagt pul tapdyrmaýar.
Paýtagtda döwlet dükanlarynyň öňünde wideoýazgy edilmegine garşy girişilen "göreş", azyk nobatlaryny görkezýän wideolaryň barybir sosial mediada giňden ýaýramagynyň yz ýanyna gabat gelýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Döwlet dükanlarynyň öňündäki azyk nobatlaryny görkezýän wideolarda uly nobatlary, nobata garaşýan adamlaryň arasynda döreýän dawa-jenjelleri görmek, synlamak bolýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady krizise garşy göreşmegiňe deregine krizis baradaky habarlara garşy göreşmekde tankyt edilýär.
Bu aralykda, azyk gytçylygy, çörek nobatlary, nobatlarda ýüze çykýan dawa-jenjeller barada habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy geçen hepde penşenbe güni “Gaudan B” (“Howdan B”) etrapçasynda şaýat bolan bir wakasy barada habar berdi.
Habarçy 20-nji maý güni üstüne azyk ýüklenen bir awtoulagyň etrapçada ýerleşýän 18-nji mekdebiň ýanyna barandygyny we adamlaryň ulagy görüp, ylgap barandygyny we başly-baratlyk bilen azyk almaga çalyşandygyny habar berdi. Nobatlarda dawa-jenjeller ýüze çykdy, ýakalaşyk boldy. Şondan soň azyk ýükli awtoulag gitdi we adamlar "paýoksyz" galdy.
Ertesi güni etrapça üstüne azyk önümleri ýüklenen “Toyota” we “Gazel” awtoulaglary barypdyr. Bu gezek adamlar nobata ýazylypdyrlar ýöne paýok alyp bilmändirler. Habarçy ýaş ýigitleriň azyklary paýlaman awtoulaglara münüp gidendigini habar berýär.
Degişli maglumat "Prezidentiň abraýyny zaýalaýar." Prezidentiň ogly dükanlardaky azyk nobatlaryna garşy çykýarPaýtagtly habarçynyň maglumatlaryna görä, şäheriň käbir etrapçalary “paýok” önümleri bilen üpjün edilýän wagty beýleki etrapçalara subsidirlenen önümler getirilmeýär.
30-njy etrapçada “paýok” üstüne başga haryt goşulmazdan paýlanylýar, ýöne Parahat 2/4 etrapçasynda häzirlikçe bir gezek hem “paýok” alan ýok diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýärler.
Azyk krizisi ýönekeý raýatlara urgy bolýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri käbir emeldarlaryň öýlerine haltaly şekeriň, gapyrjaklap towuk etiniň we ösümlik ýagynyň daşalýandygyny habar berýärler. “Muny gözi bilen gören adamlar bar” diýip, çeşme gürrüň berýär.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtda dowam edýän azyk krizisini aç-açan boýun almaýar, döwlet media serişdeleri hem dowam edýän problemalar barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.