Adam hukuklaryny goraýan "Memorial" merkeziniň Merkezi Aziýa prgogrammasy geçen hepde Türkmenistanyň raýatynyň türme ýatlamalarynyň üçünji bölümini çap etdi.
Azatlyk ozal bu kyssanyň iki bölümini, şeýle-de başdan geçirenlerini gürrüň beren zenana atylýan haýbat baradaky maglumaty diňleýjilerine we okyjylaryna ýetiripdi.
2015-nji ýylda Türkmenistanda jenaýat jogapkärçiligine çekilen zenan öz ýatlamalarynyň üçünji bölüminde Ýaşlyk şäherçesindäki deslapky tussaghanadan boşadylyşy we soňra özüni ýurduny terk etmäge mejbur eden zatlar barada gürrüň berýär.
Ýatlamalarynyň ikinji bölümi çap edilenden soň, Türkmenistanyň häkimiýetleri oňa basyş etmäge synanyşdylar we bu işe, olaryň haýyşy boýunça, rus kärdeşleri hem goşuldylar diýip, "Memorial" ýazýar.
Öňki tussag Daşoguzdaky aýallar türmesi barada eşidenlerini ýatlap, şeýle gürrüň berýär:
"Bir gezek Daşoguzdan etap geldi. Seretsem iki sany aýal gelýär, eşikleri gara, saçlary görünmez ýaly örtülen. Men olary eýranlydyr öýtdüm. Türkmenistanda eýranly aýallar diňe neşe serişdeleri üçin tussag edilýär. Dördünji gezek tutulan bir gyz maňa ýagdaýy düşündirdi: - Bular eýranlylar däl, Daşoguzda şeýle geýinýärler - diýdi. Men geň galyp, ondan soramaga başladym. Daşoguzdaky aýallar türmesi bolansoň, maňa ol ýerde näme garaýşar diýdim. Ol gyzyň aýdan zatlarynyň käbiri berk ýadymda galypdyr.
Degişli maglumat Prezident müňden gowrak tussagyň günäsini geçip, 16 'wyždan ýesirini' boşatdyAýdylmagyna görä, täze türmede telewizorlar, kir ýuwulýan maşynlar, sport, türgenleşik zallary, türgenleşik enjamlary bar, garyndaşlaryňa pul geçirdip, ol puly zonanyň içindäki dükanlarda sowup bolýar. Musulmanlar üçin-de, hristianlar üçin-de ybadat otaglary bar. Şeýle-de, türmede tikin zehi bar, ol ýerde planlary dolmak talap edilýär. Köpi gören tussaglar näresmi ýagdaýda kinoly, sazly fleşkleri satýarlar, olary telewizorlarda görüp bolýar. Nobatçylar bolsa gijelerine tussaglara öz öýjükli telefonlaryny kärendesine berýärler, elbetde, resmi däl ýagdaýda, internetsiz. Ýöne internete bagly telefon hem bar, olary kärendesine alsaň, bäş esse gymmat tölemeli. Telefonlary nobatçynyň iş wagty gutarýança gaýtaryp bermeli.
Mundan başga, ol gyz zona getirilen tussag aýallaryň ähli eşigini çykardyp, şeýle ýagdaýda bäş sagada golaý saklandyklaryny gürrüň berdi diýip, Moskwada "Memorial" bilen söhbetdeş bolan aýal aýdýar.
Hukuk goraýjy guramanyň redaktorynyň beýleki öňki tussaglaryň beren görkezmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, bu ýerde 2013-nji ýylda tussaglaryň köne türmeden täze aýallar türmesine geçirilen wagtynda bolan wakalar barada gürrüň edilýär; resmi ýagdaýda bu dezinfeksiýa çäreleri bilen düşündirilipdir.
"Ol gyz maňa gürrüň berdi: girýärsiň, eşikleriňi çykarýarsyň. Komissiýanyň birnäçe agzasy seni gözden geçirýär we öz aralarynda pikir alyşýar: "bujagaz erbet däl, soň özüm ele alaryn. Nomeri näçe şunuň?" Beýleki birine bolsa gülýärler: "Sen näme beýle garry, hemme ýeriň sallam-sajak". Şeýdip, üstüňden gülýärler. Soňundan bolsa, tä ýykylýançak çommalyp oturmaga mejbur etdiler" diýip, ol gyz soňra öňki baş prokuror Gurbanbibi Atajanowa hakynda hem gürrüň berdi.
Daşoguz türmesinde bolan gyzyň sözlerine görä, Gurbanbibini we onuň gyzyny hem şol türmede, izolirlenen blokda bir-birinden aýratynlykda saklaýarlar. Onuň yzyndan gelen azyklary geçirýärler, ýöne gürleşmek berk gadagan edilen.
Bir gezek Gurbanbibi bilen gürleşip, karsere hem düşdüm diýip, ol gyz gürrüňini dowam etdirýär:
"Bir gezek golaýynda gezim edip ýörkäk, ol aralykdaky germewiň ýanyna geldi-de, suratly switer örmek isleýändigini, munuň üçin näçe çişiň gerekdigini we şuňa meňzeş zatlary sorady. Men durup, düşündirip başladym. Munuň üçin meniň mazaly suwuma degdiler we 15 günlük karsere iberdiler. Ol žemper örmegi gowy görýär, hemişe gyzlardan ol nagşy ýa suraty nädip etmeli diýip soraýar. Ozal onuň soraglaryna jogap beripdirler, emma indi gürleşseň, temmi berýärler. Gyzlar käte oňa shemany kagyza çyzyp, gözegçiden ýa-da howludaky gözenekden geçirýärler" diýip, tussag gyz "Memorialyň" söhbetdeşine gürrüň beripdir.
Degişli maglumat Ömruzak Omarkulyýewiň dereksiz ýitirim edilenine üç ýyl bolsa-da, ondan habar ýokAşgabatly zenan 2015-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda, prezidentiň günä geçişi arkaly azatlyga çykýar.
"Meni uran nobatçy bir gün irden penjiräni açyp: - Bol, öýüňe gitmäge taýýarlan, men seniň bu ýerden çykmagyňy islämokdym... Ýöne barybir basym yzyňa dolanyp gelersiň, men saňa garaşýan - diýdi.
Bir ýarym aýy Ýaşlykda geçirmeli boldum. Hatara düzdüler, söz sözlediler, prezident size rehim etdi diýdiler... Soňra awtobuslara mündirip, Ýaşlykdaky polisiýanyň birinji uçastok bölümine getirdiler. Bu ýerde dört sagat çemesi saklap, ýanyňa ugradyjy goşup, ýa awtobusda, ýa otluda Aşgabada çenli getirýärler. Emma bu ýere getirenlerinde ejeme telefon edemsoň, yzymdan maşyn gelip, meni alyp gaýtdy.
Öňki tussag azatlykda hem azat bolup bilmeýär.
"Boşadylandygym barada hat berdiler, oňa "möjek bileti" diýýärler, şol haty alyp, üç gün içinde uçastok polisiýasyna barmalydygymy aýtdylar. Onsoň uçastok polisiýasyna gitdim, ol ýerden meni Azatlyk etrabynyň polisiýa bölümine iberdiler. Ol ýerde ilki barmak yzlaryňy alýarlar, soň dürli gulluklara baryp çykmaly, olaryň ählisi seniň "möjek bilediňe" gol çekýär.
Iň soňundan polisiýa bölüminiň başlygynyň kabinetine bardym. Ol meniň dokumentlerime seredip: "7-nji sentýabrda günäli tapypdyrlar, 26-njy oktýabrda bolsa eýýäm goýberipdirler. Ömrümde munuň ýaly zady birinji gezek görýärin. Sen näçe tölediň?" diýip sorady.
Men oňa "Alla para almaýar, bir köpügem bermedim. Meni hiç zat ýok ýerden türmä basdylar, ýöne hudaýa şükür, boşatdylar" diýdim.
Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri türmelerdäki zorluk we korrupsiýa barada gürlän öňki tussag zenany gözleýärOl tussaglykda bile oturan aýallarym hakynda näme bilýänimi soraşdyrmaga başlady, soňundan bolsa, "men seniň işiň baradaky bar zady, nädip sürüjilik şahadatnama alyp bereniňi we beýlekileri bilýärin. Sen kim bilen "işlediň?" Eger aýtmasaň, şu gün öýüňe gaýtmarsyň, şu ýerde oturarsyň" dýidi.
Men oňa "Meni eýýäm ýazgardylar, soň Ýaşlykda hem sorag etdiler... Meni prezident boşatdy. Seniň meni saklamaga nähili hukugyň bar? Goluňy çek, men gideýin. Eger haýbat atsaň, maňa süýkendi diýip, prokurora şikaýat ederin" diýip jogap berdim.
Onuň gahary geldi: "Hawa, sen dälisiň! Ýöne hemmesi geçendir öýdüp pikir etme. Sen bütin ömrüň tussag bolup galarsyň. Ýatda sakla, gözüm sendedir, basym oňatja möhlet bilen täzeden ele düşersiň, amnistiýasyz" diýdi.
Şondan soň her hepde uçastok polisiýasyna baryp, bellik etdirmeli boldum. Eýýäm gyş düşüpdi, dekabr gelipdi, kiçijik çaga bilen nädip gatnajak? Sowukdan ýaňa onuň dişjagazlary şakyrdaýar, ol ýerde uzak garaşmaly bolýar. Barmsaň, belletmeseň bolsa, tussag etmekleri mümkin. Onsoň uçastok polisiýasy bilen eglişige gitmeli boldum, ol mundan barşardygyndan peýdalanmaga çalyşdy. Käte ol öz ikinji aýalyna sowgat bermek üçin duhi talap etse, käte gije jaň edip, "aýalym çaga dogurdy, bol basym, edil häziriň özünde maňa tort bişirip ber" diýip, buýruk berýär.
Eger-de etrapda bir jenaýat bolsa, ogurlyk ýa garakçylyk edilse, adam öldürilse, ozal sud edilenleriň ählisini şobada polisiýa çagyrýarlar. Meni hem çala bir zat bolsa çagyrmaga başladylar. Ol ýere baryp otyrsyň, alty sagatlap öz nobatyňa garaşýarsyň. Soň soraglar başlanýar, bolan jenaýat hakynda näme bilýärsiň diýip soraýarlar. "Men olara "meniňki ykdysady madda, para, men öz ýaşaýan ýerimden üç kwartal uzaklykdaky ganhorlyk hakynda näme bilip bilerin?" diýýärin. Olar başyş görkezmäge çalyşýarlar: "Edil häzir iň ýokardan seniň işiňi gaýtadan açmak hakynda buýruk geldi. Hoja seni Ýaşlykda gowy düzetmändir. Sen näme üçin häkim hakynda hiç zat bilemok diýdiň? Onuň agtygy bolanda, sen tort bişirdiň ahyryn?" diýip, ine, şunuň ýaly, hemişe azar berdiler.
Degişli maglumat Türkmen türmelerindäki 'aýylganç dünýä'Onsoň ejem: "Seni bärde ýaşamaga goýmazlar, Türkiýä git, çagaňa men serederin" diýdi.
2016-njy ýylyň ýanwarynda bilet satyn aldym. Emma aeroportuň pasport barlagynda meni yzyma gaýtardylar, uçara goýbermediler. Tanyşlarymyň üstünden migrasiýa gullugyna ýüz tutdum. Ol ýerde maňa "Sen gara sanawda", adaty ýol bilen çykyp bilmersiň, häzirlikçe öýüňde otur, biz saňa haçan bilet almalydygyny we gitmelidigini aýdarys" diýdiler.
5-nji aprelde ejemiň doglan gününi belläp otyrkak migrasiýa gullugynyň işgäri jaň etdi, adyny aýtjak däl. Ol maňa 7-nji aprelde sagat altyda uçýan uçara gyssagly bilet al, serhet gözegçiliginden geçeňde pylan ýerdäki penjirä bararsyň" diýdi. Umuman, meni ýaşyl koridordan" geçirip goýberdiler.
Uçardan tanşyma telefon edip, minnetdarlyk bildirim. Ol hoşlaşyp, "Eger-de ýokaryňdaky asmanyň gözenekli bolmagyny islemeseň, gaýdyp bu ýere gelme" diýdi.
Türkiýede işlemäge başladym, öz biznesimi ýola goýdum, bir ýyldan ejemi we oglumy hem ýanyma getirdim. Emma ol wagt entek režim bilen aradaky problemalarymyň tamamlanmandygyny bilmändirin. Bu barada belki, ýene bir gezekde gürrüň bererin" diýip, türkmen türmesiniň ozalky tussagy, häzir daşary ýurtda ýaşaýan aşgabatly zenan adam hukuklaryny goraýan "Memorial" merkezi bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.