Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident müňden gowrak tussagyň günäsini geçip, 16 'wyždan ýesirini' boşatdy


Türme haýaty
Türme haýaty

Gadyr gijesiniň hormatyna yglan edilen günä geçişiň çäginde dürli döwürlerde ýyl kesilen ýehowa şaýatlarynyň ählisiniň, jemi 16 tussagyň azatlyga goýberilendigini ýap-ýaňy tassykladyk diýip, Ýehowa şaýatlarynyň bütindünýä guramasynyň metbugat wekili Jarrod Lopes Azatlyk radiosyna habar berdi.

Türkmenistanda ýene-de müňden gowrak tussagyň günäsi geçildi we bu gezek azat edilenleriň sanawynda 'wyždan ýesirleriniň hem bolandygy habar berilýär.

Ýurtdaky jenaýatçylygyň ýagdaýy, sebäpleri barada açyk maglumat çap etmeýän ýurtda soňky otuz vylda prezidentiň adyndan yglan edilýän günä geçişler bir tarapdan tussaglaryň we olaryň garyndaşlarynyň iň kän garaşýan täzeligi bolsa, ikinji tarapdan lapykeçlige öwrüldi.

TDH-nyň maglumatyna görä, bu gezek Gadyr gijesiniň öňünden iş kesilen türkmen raýatlarynyň 982-si, Türkmenistanda iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň 53-s azatlyga çykýar.

Geçen ýylyň aýagynda, Bitaraplyk baýramy mynasybetli 2078 raýatyň we 4 daşary ýurt raýatynyň günäsi geçilipdi.

Gadyr gijesiniň hormatyna yglan edilen günä geçişiň çäginde dürli döwürlerde ýyl kesilen ýehowa şaýatlarynyň ählisiniň, jemi 16 tussagyň azatlyga goýberilendigini ýap-ýaňy tassykladyk diýip, Ýehowa şaýatlarynyň bütindünýä guramasynyň metbugat wekili Jarrod Lopes Azatlyk radiosyna habar berdi.

“Olar prezident tarapyndan günäsi geçilen adamlaryň sanawyna girizilipdir. Bilşiňiz ýaly, 18-27 ýaş aralygyndaky erkekleriň ählisi, hristian ynançlary esasynda harby gullukdan ýüz öwren wyždan ýesirleridi” diýip, redaksiýa gowşan elektron hatda aýdylýar.

Türkmen mediasy günäsi geçilenleriň atlaryny-da, aýyplanan we günäli tapylan jenaýat maddalaryny hem, türmede oturan möhletlerini-de habar bermeýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow, ozalky günä geçişlerde bolşy ýaly, bu gezek hem günäsi geçilenleriň iş bilen üpjün edilmegini tabşyrdy.

Türkmenistanda işsizlik diňe öňki tussaglar babatda däl, türmä basylmadyk adamlar üçin hem uly problema bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatyna görä, Lebap sebitiň Koýtendag etrabynda häkimiýetler prezidentiň öňki tussaglary iş bilen üpjün etmek talabyny ýerine ýetirmegiň bir çykalgasyny ozal ýer berlen kärendeçileriň ýerlerini ellerinden alyp, azatlyga çykanlara bermekde görýärler.

Türkmenistanda soňky onýyllyklarda ýüz müňlerçe raýat türmeden geçdi we, halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda aýdylmagyna görä, aýyplanýanlar köplenç kanun esasynda özüni gorap bilmeýär.

Öňki tussaglaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda deslapky tussaghanadan başlanýan ýowuz daraşmalar, adamlaryň dürli zorluklara we emeli kynçylyklara sezewar edilmegi netijesinde, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin “düşewüntli orunlara” öwrülen jeza öýleri on müňlerçe maşgalanyň bergi-borja batmagyna getirýär.

Alty ýyl azatlykdan mahrum edilen türkmenistanly zenanyň Moskwadaky "Memorial" merkezi bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, ol höküm çykarylandan gysga wagt soň, ejesiniň prosentine alyp beren 3 müň dollary netijesinde, nobatdaky günä geçişe düşýär.

Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolmazyndan öň esasan Gadyr gijesine gabat yglan edilen prezident günä geçişleri soň her uly baýramçylyga gabat geçirilmeli edildi we ýerli ýagdaýdan habarly adamlar amnistiaýalaryň köpeldilmeginiň korrupsiýany hem kän esse köpeldendigini aýdýarlar.

"Memorialyň" Merkezi Aziýa programmasynyň aşgabatly zenan bilen söhbetdeşlik esasynda geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň başynda çap eden maglumatlaryny Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki tussaglar hem tassyk edýär.

Öňki ýyllaryň tejribesinden görnüşine görä, ikinji prezident döwründe has ýygjamlaşan günä geçişlerde syýasy tussag ýa wyždan bendisi hasaplanýan adamlar adatça günäsi geçilýänleriň sanawlaryna aňsat-aňsat girizilmeýär we bu gezek bu ýörelgäniň bozulyp bilinjekdigi göründi.

Emma muňa garamazdan, 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy geçirilen parahat protestiň guramaçylarynyň biri, 1996-nji ýylda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen we halkara basyşlary esasynda azatlyga çykan Gulgeldi Annanyýazow ýurtda häkimiýet çalşandan soň yzyna dolanyp, serhetden bikanun geçmekde günäli tapylaly bäri tussaglykda saklanýar.

Hukuk goraýjylar kesilen iş möhletiniň tamam bolandygyny, emma onuň şindi hem azat edilmeýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, hukuk goraýjylar aldaw bilen Aşgabada getirilen ýaş aktiwist Ömruzak Omarkulyýewiň soňky ykbaly barada alada bildirýärler.

Türkmenistanyň pandemiýa döwründe eýelän pozisiýasy bolsa, tussaglaryň saglyk ýagdaýlary baradaky aladany has-da güýçlendirýär diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG