Elit jaýlarda ýaşaýan adamlary subsidirlenen azyk önümleri bilen üpjün etmegiň meselelerine garaldy

Aşgabatda gurulan "elit jaýlardan" bir görnüş. Illýustrasiýa suraty.

17-nji maýda Aşgabatda döwlet dükanlarynyň müdirleri Alyjylar jemgyýetinde ýygnak geçirdi. Ýygnagyň dowamynda paýtagtyň döwlet dükanlarynda subsidirlenen azyk önümleriniň ilata paýlanylmagy bilen bagly meselelere garaldy hem-de azyk üpjünçiligi bilen baglylykda ýüze çykmagy ahmal sosial dartgynlylygyň öňüne geçmek maslahat edildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna we çeşmelerine görä, ýygnakda döwlet dükany ýok kwartallaryň ilatyny golaýdaky döwlet dükanlaryna bölüp bermek hem maslahat edilipdir.

“Meselem, elit jaýlar ýerleşýän kwartallarda döwlet dükanlary ýok. Şeýle kwartallarda adamlar näme sebäpden özleriniň subsidirlenen harytlardan mahrum edilýändigi barada işjeň mesele gozgap başlapdyrlar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Azyk nyrhlary ‘keýigiň şahyna çykdy’, ilat ‘aljyraňňy’ ýagdaýda

Aşgabatda täze gurlup ulanylmaga berilýän ýokary amatlykly köp gatly ýaşaýyş jaýlary ilat arasynda “elit jaý” atlandyrylýar.

“Elit jaýlarda” ýaşaýan adamlaryň döwlet dükanlaryndaky subsidirlenen harytlar boýunça mesele gozgamagy, synçylara görä, olaryň hem subsidirlenen harytlara mätäçdigini aňladýar. Gymmat bahaly jaýlarda köplenç gurply adamlar ýaşaýar hasaplanýar.

“Indi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi döwlet dükany ýok ýerleriň ilatyny golaýdaky dükanlara paýlar” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlygyň habarçylaryna görä, mundan ozal, Aşgabatda ilaty hepdede bir gezek döwlet dükanlarynda subsidirlenen azyk önümleri bilen üpjün etmek barada aýdylýardy, mundan beýläk subsidirlenen harytlaryň aýda bir gezek üpjün edilmegine garaşylýar.

Döwlet dükanlarynyň satyjylary hepdede bir gezek ýeňillikli azyk üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçiligiň ýokdugyny aýdýarlar.

“Geçen hepdäniň birinji güni döwlet dükanyndan subsidirlenen azyk önümlerini, ýagny bir litr ösümlik ýagyny, bir kilogram şekeri, iki sany towuk buduny satyn alan ýaşaýjylar, aradan bir hepde geçenden soň, şu gün ýene azyk harytlaryny sorap dükana barypdyrlar” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýöne dükan satyjylary heniz hepdede bir gezek haryt almadyk ýaşaýjylaryň kändigini we azyk önümleriniň çäkli möçberde üpjün edilýändigini aýdyp, olara ýeňillikli iýmit önümlerini satmakdan ýüz öwrüpdir.

Paýtagt ýaşaýjylary subsidirlenen iýmit önümleri satylmajak bolsa, döwlet dükanlarynyň zerurlygyny sorag astyna alýarlar.

Degişli maglumat Aşgabatda sanawlar boýunça azyk önümleri satylýar, "paýoklar" öýlere gowşurylýar

Bu aralykda, 12-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda subsidirlenen önümleriň satuwynyň janalanandygyny, dükanlaryň öňünde uly nobatlaryň emele gelmeginiň öňüni almak üçin ýaşaýjylaryň öýlerine azyk eltmek üçin sanawlaryň düzülýändigini habar berdiler.

Türkmenistanda ykdysady krizisiň ýitileşmegi bilen soňky ýyllarda döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän subsidirlenen iýmit önümleriniň gerimi giňeldildi, ýöne ýurt raýatlary döwlet dükanlaryndaky kadasyz iýmit üpjünçiliginden şikaýat edýärler.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy Alyjylar jemgyýetinde geçirilen ýygnagy tassyklady we Aşgabatda köp ýerde subsidirlenen azyk önümlerini satmaga niýetlenen söwda ministrligine degişli dükanlaryň ýokdugy sebäpli, ýaşaýjylaryň arasynda nägileligiň döräp başlandygyny sözüne goşdy.

Şeýle-de, habarçy döwlet dükanlarynda subsidirlenen iýmit önümlerinden başga harytlaryň bahalarynyň hususy dükanlardaky bahalardan has ýokarydygyny aýdýar.

Bu aralykda, paýtagtyň hususy söwda nokatlarynda iýmit önümleriniň bahalary ýokary bolmagynda galýar.

Degişli maglumat Azyk aladasy güýçlenýär, Aşgabadyň ozal ‘geçen’ ösüş sanlaryny alga alýan azalýar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän “Kämil” söwda merkezinde käbir azyk önümleriniň bahalaryny öwrendi.

“Berkarardaky ‘Kämil’ dükanyna elit gatlak üçin täze önümler getirildi. Goşmaça söwda tekjeleri açyldy. Bahalar gaty ýokary. Bir süýşe kokos ýagynyň bahasy 530 manat. Bir kilogram arassalanmadyk ‘fistaşka’ 780 manat” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Aşgabatdaky ‘Halk’ lomaý-söwda bazary hem iýmit önümleri bilen dolduryldy. Bu bazar beýleki käbir söwda nokatlary bilen deňeşdirilende biraz arzan bahalary bilen tanalýardy. Ýöne häzir bahalar juda ýokary. “Azyk önümleri bar, ýöne bahalar ilatyň agramly bölegine elýeterli däl” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Şeýle-de, “Parahat” etrapçasynda-da köp maşgala “jomart prezidentiň paýok sowgadyny” alyp bilmedi diýip, paýtagt ýaşaýjysy sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu aralykda, döwlet dükanlarynda subsidirlenen azyk önümleriniň paýlanylmagynda baş-başdaklyga ýol berilýär. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, käbir etrapçalarda döwlet dükanlary alyjylaryň sanawyny ýöredýär, käbir etrapçalarda bolsa subsidirlenen harytlar ýüzugra paýlanýar. Galyberse-de, käbir dükanlar alyjylardan subsidirlenen harytlaryň ýany bilen goşmaça haryt satyn almagy talap edýär, käbirleri bolsa talap etmeýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen hökümeti azyk nobatlaryny gizläp, abraýyny goramak isleýär

Wideo: Türkmen hökümeti azyk nobatlaryny gizläp, abraýyny goramak isleýär

“Teke bazarda” adamlar eýýäm ikinji gezek ýeňillikli iýmit önümlerini satyn alypdyr, ýöne Parahat 3, Parahat 4 etrapçalarynda bolsa bir gezek hem berilmändir. “Ol ýerlerde ilat sanynyň köpdügi aýdylýar. Hiç hili tertip-düzgün ýok” diýip, bir paýtagtly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanda döwlet dükanlary esasan Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndadyr. Ýurtda 2018-nji ýylyň aprelinde alyjylar jemgyýetlerini hususylaşdyrmak teklip edildi. Alyjylar jemgyýetleriniň düzüminde-de söwda we önümçilik kärhanalary hereket edýär. Türkmen kanunçylygyna görä, “alyjylar jemgyýeti ilatyň we beýleki sarp edijileriň dürli harytlara we hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmagy” maksat edinýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda Alyjylar jemgyýetleri hususylaşdyrylýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.