Prezident tabşyryklaryny tekrarlady. Suw we azyk meseleleri çözülmeýär

Hünärmenler Türkmenistanda daşary ýurtlara eksport edip boljak datly önümleri öndürmegiň esasy serişdesi bolan suwuň "jenaýatçylykly ýagdaýda" ýitirilýändigini aýdýarlar.

Maryly hünärmeniň we ozalky suw gurluşykçysy N.Hanamowyň pikiriçe, import edilen mermer daşlaryna we beýleki manysyz taslamalara harçlanan serişdeler suw desgalaryna we önüm öndürjek adamlara gönükdirilen bolsa, Türkmenistan häzir oba hojalyk önümlerinden walýuta gazanýan baý daýhanly ýurt bolardy.

Türkmen hökümeti ýurtda dowam edýän ýiti azyk gytçylygynyň fonunda “Düýeboýun” suw howdanynyň Soltan Sanjar bendini berkitmek kararyna geldi.

Bu habar Azatlygyň ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda ýuwuş suwuny tutmagyň hem barha kynlaşýandygy, düzüwli işlemeýän suw nasoslarynyň bolsa kärendeçilerden bikanun pul almagyň guralyna öwrülendigi barada çap eden maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýerli synçylar we suw gurluşyk hünärmenleri Türkmenistanda suw desgalaryna onlarça ýyllap ideg edilmezliginiň, umumy oba hojalyk syýasaty we korrupsiýa bilen bilelikde, oba adamlarynyň köpçülikleýin garyp düşmegine, ýurtda ýiti azyk ýetmezçiliginiň dowamly we ajy hakykata öwrülmegine alyp gelendigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Lebapda ýuwuş suwy ýarpy hem tutulmady. Häkimiýetler ogurlanan suw nasoslaryny gözleýär

Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew 30-njy aprelde geçirilen hökümet mejlisinde ýurtda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Emma habarda şu ýyl öndürilmekçi bolunýan gant şugundyrnyň möçberinden (224 müň tonna) başga detal açylmaýar.

Ýurt içinden gelýän habarlardan çen tutulsa, pagtadan soň, Türkmenistanda gant şugundyryny öndürmek hem mejbury zähmete öwrülýär we şeker ýetmezçiligi saklanyp galýar.

Döwlet eýeçiligindäki habar gullugy wise-premýeriň azyk üpjünçiligi bilen birlikde ýurtdaky suw üpjünçiligi hakynda hem hasabat berendigini aýdýar.

“Düýeboýun” suw howdanynyň Soltan Sanjar bendini berkitmek ugrundaky aladalar hem şol işlere girýär.

Emma mejlisde suwdan rejeli peýdalanmak, oba hojalygyna döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky sözler, azyk bolçulygyny döretmegiň suw bilen baglanyşygy baradaky hakykat tekrarlansa-da, bu işler üçin goýberiljek serişdeler aýdylmady. Şeýlelikde, ABŞ-nyň halkara ösüş agentliginiň “Smart Waters” programmasynyň Türkmenistanda zerur tehnikalary satyn almak üçin goýberýän serişdelerini bilip bolsa-da, türkmen hökümetiniň suw desgalaryna harçlaýan serişdelerini bilmek kyn bolýar.

Şol bir wagtda prezidentiň ýene bir gezek içerki bazarlary ýurtda öndürilýän, ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen üpjün etmek tabşyrygyny berendigi aýdylýar, ýöne habarda, adatça bolşy ýaly, bu tabşyrygyň ozal berlen we şu wagta çenli ýerine ýetirilmedik tabşyryklardan nähili tapawudynyň bardygy anyklaşdyrylmady.

Degişli maglumat Darganatada ýuwuş suwy üçin zeýkeşleri ulanmak, şor ýerlere gowaça ekmezlik buýruldy

Gurak klimatly ýurt bolan Türkmenistanda suw hemişe uly mesele boldy we bu meseläni çözmek üçin kabul edilen kararlar köplenç kagyz ýüzünde galýar.

Şol bir wagtda, ýeriň döwlet eýeçiliginde galmagy bilen, suw hem döwlet eýeçiliginde galýar we bu ýagdaý ýerleriň onlarça ýyllap şorladylmagyna sebäp bolan ýykgynçylykly praktikanyň saklanyp galmagyna alyp gelýär diýip, Azatlyk bilen dürli döwürlerde söhbetdeş bolan hünärmenler aýtdy.

Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary Saparmyrat Yklymowyň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanyň 22 milliard kub metr çemesi suw serişdesi bolup, bu suwuň 85%-i goňşy ýurtlardan gelýär, 90%-den gowragy oba hojalygynda “jenaýatçylykly ýagdaýda” ulanylýar.

Anonimlik şertinde gürleşen maryly hünärmeniň, şol sanda ozalky suw gurluşykçysy Nurmuhammet Hanamowyň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, soňky otuz ýylda daşary ýurtlardan satyn alnan mermer daşlaryna we beýleki manysyz taslamalara harçlanan serişdeler suw desgalaryna, döwrebap ekerançylyk ýaplarynyň çekilmegine, suw tygşytlanmagyna we önüm öndürjek adamlara gönükdirilen bolsa, Türkmenistan bireýýäm oba hojalyk önümlerinden altyn pul gazanýan baý daýhanly ýurda öwrülerdi.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardan import edýän azyk önümleri barada çykýan metbugat habarlary hökümet başlygynyň daşardan getirilýän önümleri azaltmak we eksporty artdyrmak barada beren berk tabşyryklarynyň metbugat sahypalarynda galýandygyny tassyklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.