Maryda mekdep, 'remont salgydy' ýetim çagalar üçinem 'hökmany' boldy

Aşgabatdaky "Ruhnama" mekdebiniň binasy

Mekdeplerde her ýyl okuwçylardan pul ýygnalýar, olaryň abatlaýyş işleri hiç gutarmaýar. Meseläniň iň bir çatak ýeri bolsa, aýlyk alýan adamlardan tapawutlylykda, tasdan girdejisiz hojalyklar hem bar, olaryň öýlerinde iýmäge çörek gaýgy, öz ýaşaýan jaýlarynyň haýsy ýylda reňk göreni belli däl.

Maryda mekdepler ýarym ýetim çagalaryň hem bejeriş işleri üçin pul getirmegini talap edýärler. Sebitiň ähli okuw jaýynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda 'remont üçin' pul ýygnalyp başlandy we bu gezek maşgala ýagdaýlarynyň nazara alynmajakdygy, talap edilýän 50-100 manat aralygyndaky puly hemmeleriň hökmany suratda bermelidigi aýdylýar.

Klas ýolbaşçylarynyň öňünden beren duýduryşlaryna laýyklykda, pul bermejek okuwçylaryň ene-atalary mekdep direktorynyň ýanyna gelip, arza ýazmaly. Emma ýetim çagalaryň hossarlary gelip, 'onça pula ýagdaýymyz ýok' diýseler, olaryň ýüzüni alýarlar, 'hökümetden kömek puluny alýarsyňyz, ýylda bir gezek 100 manat berip bilersiňiz' diýýärler diýip, ýerli habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Ýene pul ýygnalýar. Ýokardan gelýän bikanun buýruga 'ýok' diýýän ýok

Talap edilýän puly 15-nji maýa çenli doly ýygnap almak buýruldy, hatda bu ýyl okuwyny tamamlaýan uçurymlardan hem 'remont' üçin pul ýygnalýar diýip, Azatlyga gowşan habarda aýdylýar.

Bu ýagdaý okuwyny tamamlaýan okuwçylaryň bir toparynyň "iki aýagyny bir gonja sokdy", sebäbi olaryň onsuz hem çykdajy-harajady ýetik diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.

Ýöne nägileligini daşyna çykaran ýa çykarjak bolan uçurymlary hem utandyrdylar; "siz näçe ýyllap okan mekdebiňize, terbiýe beren mugallymlaryňyza azajyk ýardam etseňiz, bu siziň bize taňryýalkasyn aýtdygňyz bolardy" diýdiler.

Türkmenistanyň bilim edaralarynda ilatdan, okuwçylardan ýygnalýan pullar ýyl-ýyldan köpeldilýär we bu serişdeleriň bejeriş ýa 'remont' işlerine sarp edilmeýändigi 'açyk syr' diýip, ýerli synçylar aýdýar.

"Her ýyl ýygnalýan pullaryň barysy remonta berilýän bolsa, okuwçylar gyş aýlarynda sowuk klaslarda okamazdy; mekdepleriň köpüsiniň diwarlarynyň suwaglary gopuk-gopuk, bu golaýda remont görmändigi görnüp dur. Hatda gözboýagçylyk üçin, çalak-çulak hem remont etmeýärler, çöplenýän pullaryň niräk gidýänini bilýän ýok" diýip, dynç alşa çykan pedagog Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Degişli maglumat Müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen bag ekmek çäresi üçin býujet işgärlerinden ýene pul ýygnaldy

Aýdylmagyna görä, her ýyl müňlerçe okuwçydan pul ýygnalýar, emma ol pullaryň anyk nähili işlere harçlanandygy barada hiç kim hasap soramaýar, gelýän barlagçylary bolsa, sowet ýyllaryndan gelýän 'agyz ýaglamak' tejribesi esasynda dymdyrýarlar diýip, habarçy aýtdy.

Bilim ulgamynda işleýän bir resminiň düşündirişine görä, umuman, barlagçylara okuwçylardan pul ýygnalýandygy aýdylmaýar, ýöne kähalatda, ätiýaçlyk üçin, mugallymlar we tehniki işgärler öz razylyklary bilen abatlaýyş işleri üçin pul ýygnadylar diýip, işgärleriň ählisine gol çekdirip, ýasama dokument düzüp goýýarlar.

Eger okuwçylaryň ene-atalary gurply bolsa, mekdebe ýa çagalar baglaryna kömek etmek 'aýyp' däl, emma ýurtda garyp, soralýan puly berip bilmeýän maşgala gaty köpeldi diýip, radionyň söhbetdeşleri aýdýar.

Şol bir wagtda, garyp maşgalalaryň hem iki topara bölünýändigi, olaryň käbiriniň mekdeplere baryp, direktorlaryň sözleri bilen aýdylsa, 'gykylyk edýändigi', beýlekileriň 'çagam utanmasyn' diýip, karz-kowala girip, diýlen puly berýändigi habar berilýär.

Ýöne bu ýagdaýlar goly ýuka maşgalalaryň çagalaryna has agyr degýär, olaryň mekdebe gidesi gelmeýär. Sebäbi mugallym bütin klasyň öňünde adyny tutup, 'haçan remont puluny getirjek?' diýip soranda ýa-da klasdaşlary 'kraskaň puluny getirdiňmi?' diýip gülende, çagalaryň ýüzleri dym-gyzyl bolýar, käbirini der basýar diýip, iki-üç ýyl ozal mekdebi tamamlan raýat aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň ýas sadakalary üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar

Galyberse, bu ýagdaý köp çagaly, şol sanda 3-4 çagasy okuwa ýa çagalar bagyna gidýän maşgalalar üçin has agyr synaga öwrülýär. Sebäbi bu ýagdaýda işleýän adamyň bir aýlygynyň ýarysyna golaýy 'remont' pulundan elini ýaglaýanlaryň hasabyna geçirilýär.

Meseläniň iň bir çatak ýeri bolsa, aýdylmagyna görä, aýlyk alýan adamlardan tapawutlylykda, tasdan hiç bir girdejisiz hojalyklar hem bar, olaryň öýlerinde iýmäge çörek gaýgy, öz ýaşaýan jaýlarynyň soňky gezek haýsy ýylda remont ýa reňk görendigi belli däl.

Emma mekdeplerde her ýyl okuwçylardan pul ýygnalýar, olaryň abatlaýyş işleri hiç gutarmaýar, bu indi adaty talaňçylyga öwrüldi we meniň çagalarymyň okuwa bolan höwesini öldürýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen türkmen zenany aýtdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.