Habarçy: Ymam pitre, zekat sadakalarynyň 'Berdimuhamedow gaznasyna' geçmelidigini aýdýar

Geçen ýyl Balkanda ulanmaga berlen uly metjit.

Telekeçiler, gurply adamlar öz ýakynlarynyň arasynda, goňşy-golamlarynda garyp ýa mätäç adamlaryň köpdügini aýdýarlar. Olar öz pitre pullaryny-da, zekatlaryny hem öz bilýän, görüp ýören adamlaryna berjekdiklerini, prezidentiň adyndaky gazna geçirjek däldiklerini aýtdylar diýip, habarçy belledi.

Faraplylaryň Oraza aýyndaky pitre we mal-emläk zekatlarynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna geçirilmegi talap edilýär we, raýatlara aýdylmagyna görä, zekat we pitre sadakalary dollaryň gara bazar kursunda kesgitlenipdir.

Bu habar Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň ýas sadakalary üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Farapda bir metjit ymamynyň agzaçar sadakalarynda düşündirmegine görä, raýatlaryň pitre, zekat bermegi, haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanmagy yslam dininiň gowy amallary bolup durýar.

Onuň sözlerine görä, Oraza aýynda adam başyna 2 kilogram bugdaý möçberinde pitre berilmeli bolsa, bugdaýyň kilogramynyň döwlet bahasy 1 manat bolup, bazardaky bahasy 10 manat bolsa, her bir adam 20 manat möçberinde pitre bermeli bolýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň ýas sadakalary üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar

Şeýle-de, ýerli ymamyň sözlerine görä, raýatlaryň mal-mülkünden bermeli zekatlary hem 1 ABŞ dollary/40 manat bahasyndan hasaplanmaly we adamlar şol hasapdan zekat bermeli edilipdir.

Eger beýleki etraplarda hem şeýle hasap çykarylýan bolsa, bu Türkmenistanda raýatlaryň pitre, zekat tölegleriniň hem ençeme esse ýokarlandyrylandygyny aňladýar. Ýöne Azatlyk häzir munuň ýerli ymamyň inisiatiwasydygyny ýa ýokardan berlen görkezmedigini anyklap bilmedi. Maglumat üçin aýdylsa, öňki ýyllarda Azatlyk ýerli ymamlaryň käbiriniň öz inisiatiwalary esasynda suratly mazar daşlaryny ýykmak talabyny edendigini habar beripdi.

Eger yza seretsek, Türkmenistanyň müftüsi 2018-nji ýylda adamlaryň bermeli oraza pitreleriniň möçberini 2017-nji ýyldaka garanda iki esse köpeldip, 5 manada galdyrdy we bu ozal 2 manat tölän adamlarda bir topar nägilelik döretdi.

"Maşgala eklemek barha kynlaşýar, durmuş agyr, ykdysady kynçylyklar ilaty aljyradýar, müfti bolsa piträniň möçberini artdyrýar" diýip, şonda ýerli çeşme adamlaryň nägileligini Azatlyga ýetirdi.

Şondan bir ýyl soň döwlet müftüsiniň Azatlyga gowşan fetwasynda zekat sadakasynyň möçberi hem kesgitlenip, Türkmenistanda 2019-njy ýyl üçin nisap mukdary milli manatda 34.000 manat möçberinde kesgitlendi. Bu şol wagt Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kesgitlän resmi walýuta nyrhynda 10 müň dollar töweregi bolýardy.

Degişli maglumat Türkmenistanyň müftüsi 2019-njy ýyl üçin Oraza pitresiniň mukdary hakynda fetwa çykardy

Eger-de ýurtda anyk möçberleri çap edilmeýän işsizligi, ýylda 10 göterim köpeldilýän aýlyklaryň garşysyndaky haryt, durmuş gymmatlamalary ýa-da dollaryň häzirki gara bazar nyrhy nazara alynsa, pitre, zekat sadakarynyň dollaryň gara bazar nyrhyndan hasaplanmagy ozalam kyn şertlerde ýaşaýan ilata goşmaça ýük bolýar diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Bu ýylky täzelik, ýagny pitre, zekat sadakalarynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gazna geçirilmegi baradaky talap bolsa adamlary has-da geň galdyrdy diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mal-emlägi, artykmaç puly, altyn-kümüş şaý sepleri bolan adamlar her ABŞ dollary möçberindäki baýlygy üçin 40 manatdan pul jemläp, prezidentiň golaýda öz adyna döreden haýyr-sahawat gaznasyna geçirmeli diýlende, gözlerini tegeläp, öz gulaklaryna ynanyp bilmedik adam kän boldy.

Telekeçiler, gurply adamlar öz ýakynlarynyň arasynda, goňşy-golamlarynda garyp ýa mätäç adamlaryň, ýetim çagalaryň, hossarsyz naçarlaryň köpdügini aýdýarlar. Olar öz pitre pullaryny-da, zekatlaryny hem öz bilýän, görüp ýören adamlaryna berjekdiklerini, prezidentiň adyndaky gazna berjek däldiklerini aýtdylar diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köp adam haýyr-sahawat gaznalary diýilýänlere ynanmaýar, käbiri bolsa, "eger dogry-dürs dolandyryş bolsa, ykdysady meseleler dogry çözülse, Türkmenistanyň baýlygy diňe ýurtdaky däl, başga ýurtlardaky ýetimleri hem eklemäge ýeterdi" diýýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mart aýynda döredildi we soňra prezidentiň bir aýlygynyň ýarysyny howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek üçin öz gözegçiligindäki hasaba geçirendigi habar berildi.

Degişli maglumat Dollar gymmatlýar, hor-homsy köpelýär, prezident öz adyna sahawat gaznasyny döredýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.